HAÇAN BAŞLAMALY?
Ýaş oglanlaryň biri hemişe deň-duşlarynyň ýanynda «Meniň
dünýäni özgerdip biljek pikirlerim bar» diýip, olar bilen arzuw-hyýalyny paýlaşar eken. Aýlar-ýyllar ötüpdir, ýöne dünýä şol bir durşuna,
şol bir tarapyna öwrülip-aýlanyp durupdyr. Dünýä beýle-de dursun,
gaýta oglanyň öz durmuşynda hem göze iler ýaly üýtgeşiklik duýulmandyr. Ýöne ol henizem özüniň asylly maksadyndan dänmän ekeni.
«Meniň dünýäni özgerdip biljek pikirlerim bar» diýip, ol oturan-turan
ýerinde öz dünýäsini açmagy dowam edipdir. Ahyry adamlaryň biri:
«Ýeri bolýar, arzuw etmek gowy zat, ýöne netijesi bolmasa, boş
arzuwyň peýdasy ýok. Dünýäden öňürti öz durmuşyňy özgertseň
gowy bolardy. Haçandan bäri şol bir arzuwa hiňlenip ýörsüň. Ony
hasyl etmeklige näme päsgel berýär?» diýip sorapdyr. «Mende beýik
arzuw bar, ýöne şol pikirlerimi durmuşa nähili geçirmelidigini bilemok. Haçan we nähili başlamagyň alajyny tapamok. Meni saklaýan
zat şol» diýip, oglan jogap beripdir. «Git-de, bir akyldardan maslahat sora. Belki, ol saňa dogry ýoly salgy berer. Bu babatda bizde-de
üýtgeşik pähim, düşünje ýok, ýöne dünýäni däl, özüňi özgerdip
bilmegem uly zat ahyry» diýip, ol adam jogap beripdir. Bu maslahat
ýaş oglanyň maňzyna batypdyr. Ol bir akyldaryň ýanyna barypdyr.
Ähli arzuw-hyýallaryny, niýet-maksatlaryny mälim edipdir. «Men
arzuwlarymy durmuşa geçirmek üçin ýerine ýetirmeli her bir işimi
ädimme-ädim ýazybam goýdum. Ýöne ýa sähedi duşanok, ýa pikirlerime çile düşüpdirmi, haçan we nädip başlajagymy bilemok» diýip,
oglan arzyny aýdypdyr. Akyldar ak sakgalyny sypalap, myssa ýylgyrypdyr. «Seni bökdeýän zat ynsanlaryň köpüsine mahsus ýagdaý.
Şol bökdençlik zerarly adamzada bähbitli ýüz müňlerçe arzuw hasyl
bolman galýar. Sen nädip başlamalydygyny bileňok. Ilki bilen bir zady
pugta belle, haýyrly iş üçin her gün sähetdir. Ikinjiden, başlamagyň
esasy üç sany başlangyç nokady bar, şoňa eýerseň, hökman girişersiň.
Birinjisi, başlajak ýeriňi kesgitle. Ikinjisi, başlajak wagtyňy kesgitle.
Üçünjisi…» diýip, akyldar dymypdyr. Ýaş oglan bir müşgil zady aý-
dar öýdüp howatyrlanypdyr. «Bilýärmiň oglum, arzuwlaryňy hasyl
etmek üçin ýerine-de, ýagdaýyna-da, amatly pursadyna-da garaşyp
oturmagyn. Arzuwlary hasyl etmegiň ýeke-täk ýoly – şolaryň ugrunda hereket edip başlamakdyr. Bir söz bilen aýdanyňda «Başlamak»
gerek. Ugruna ýykylyp, bir girişeniňden soňra, ähli zat seniň yhlasyň
çynlygyna, düşünjäň çuňlugyna görä biter durar. Müşgillikler pursatlara, kynçylyklar mümkinçiliklere öwrüler. Mahlasy, arzuwlary hasyl
edip başlamagyň ýoly – hiç zada garamazdan, şonuň ugrunda dessine
hereket edip başlamakdyr» diýip, akyldar jogap beripdir.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.