Serhoş.
Gerek bolsa janymy-da alyñlar!
Men barybir içerin!
Köýük bolan aşgazanym däl meniñ,
Ölenimde bilersiñiz
dünýäm köyüp geçenin.
Hemmejäňiz,
Ulyňam şo,
Kiçiňem,
Akylsyrap "Içme!" diýen bolýaňyz.
Şolar ýaly paýhasyňyz ýetikmi?!
Onda neçün meýhanadan çykamda,
Ýolda sürçüp, ýykylamda gülýäňiz?
Ýeke biriň aklyňyza gelýämi?
Buda Hudaň bir bendesi, guludyr.
Eziz goňşym!
Mollasumak "takwadar"!
Käbäni däl,
Ynsan göwnüni ýykmak
Bilýäňmi sen bar günäden uludyr!
Ýa-da
Meniň iň körpeje gardaşym!
Atamyzyň jan berenje howlusyn
Bergä batyp, kör-köpüge yňzydyp,
Tutan işiň şowna bolup gidipmiş,
Ýaşaýşyňam meňkiden berk, gowmuşyn.
Gowy bolsaň-da, baý bolsaň-da parhy ýok,
Diýjegim inilik ornuňy bilgin!
Ýetmeýärkä entek saňa azarym,
Ýetmäwersin maňa awuly diliň!
Hawa, men şo, seniñ günädar tanşyñ,
Men şo, ho-ol, synpdaş, çagalyk dostuñ.
Baý, gelerdiň "aýlana:ýyn diýdim" diýp,
"saglygňa" diýerdiň aýdaňda tostuň.
Ýumşak kürsi derledýärkä arkamy,
Arkamdadyň,
Arkalydyň,
Meň saýamda sözüñ ötgür, erklidiň.
Içýanlygyň duýan bolsam öňünden,
Edişiňden bäş beterin görerdiñ.
Ýedi ýyl däl,
"Ýediňi-de" Gün düşmez
Gözenegiň içersinde sowduryp,
Kepen ýerne beton guýup gömerdim.
Geçdigidir. Indi başa salmasyn!
Ýöne bilgin senem dälsiñ demirden.
Adammyñ? Hi-iç gyssanma entekler...
Çaknyşarsyñ barýan ýoluñ ümürdür.
Çagalarym ulalypdyr, örňäpdir,
Ryzyklaryn kem bermänsiň Ýaradan.
Ýöne welin mähirlerin kemäpsiň.
Zerurmydy täleýimiň üstüne
Gurmaklygyñ meñ bagtymy garadan...
Ah, ýene-de nalamana hakym ýok,
Edeniñe, etjegiñe kaýyl men.
Şumy maňa rowa gören ykbalyň?
Senden bolsa barjasyna taýyn men.
Ýöne käte agyr degýär, gözleriň
Adam ýerne goýman bakan nazary.
Ne dilegçi, ne-de derwüş däldirin,
Bilemogam porhanlaryň gazalyn.
Maňa diňe serhoş diýiň geňlemen.
Aýylýançam ýatan ýerimden alyp,
Öýe eltmäň,
Etmäň maňa ýagşylyk!
Ötüň gidiň ýoly uzakdan salyp.
Ölýänçäm içjegim berilen wada,
Ondan dönderäýmez hiç hili kada.
Şyhnazar Durdyýew.
Men barybir içerin!
Köýük bolan aşgazanym däl meniñ,
Ölenimde bilersiñiz
dünýäm köyüp geçenin.
Hemmejäňiz,
Ulyňam şo,
Kiçiňem,
Akylsyrap "Içme!" diýen bolýaňyz.
Şolar ýaly paýhasyňyz ýetikmi?!
Onda neçün meýhanadan çykamda,
Ýolda sürçüp, ýykylamda gülýäňiz?
Ýeke biriň aklyňyza gelýämi?
Buda Hudaň bir bendesi, guludyr.
Eziz goňşym!
Mollasumak "takwadar"!
Käbäni däl,
Ynsan göwnüni ýykmak
Bilýäňmi sen bar günäden uludyr!
Ýa-da
Meniň iň körpeje gardaşym!
Atamyzyň jan berenje howlusyn
Bergä batyp, kör-köpüge yňzydyp,
Tutan işiň şowna bolup gidipmiş,
Ýaşaýşyňam meňkiden berk, gowmuşyn.
Gowy bolsaň-da, baý bolsaň-da parhy ýok,
Diýjegim inilik ornuňy bilgin!
Ýetmeýärkä entek saňa azarym,
Ýetmäwersin maňa awuly diliň!
Hawa, men şo, seniñ günädar tanşyñ,
Men şo, ho-ol, synpdaş, çagalyk dostuñ.
Baý, gelerdiň "aýlana:ýyn diýdim" diýp,
"saglygňa" diýerdiň aýdaňda tostuň.
Ýumşak kürsi derledýärkä arkamy,
Arkamdadyň,
Arkalydyň,
Meň saýamda sözüñ ötgür, erklidiň.
Içýanlygyň duýan bolsam öňünden,
Edişiňden bäş beterin görerdiñ.
Ýedi ýyl däl,
"Ýediňi-de" Gün düşmez
Gözenegiň içersinde sowduryp,
Kepen ýerne beton guýup gömerdim.
Geçdigidir. Indi başa salmasyn!
Ýöne bilgin senem dälsiñ demirden.
Adammyñ? Hi-iç gyssanma entekler...
Çaknyşarsyñ barýan ýoluñ ümürdür.
Çagalarym ulalypdyr, örňäpdir,
Ryzyklaryn kem bermänsiň Ýaradan.
Ýöne welin mähirlerin kemäpsiň.
Zerurmydy täleýimiň üstüne
Gurmaklygyñ meñ bagtymy garadan...
Ah, ýene-de nalamana hakym ýok,
Edeniñe, etjegiñe kaýyl men.
Şumy maňa rowa gören ykbalyň?
Senden bolsa barjasyna taýyn men.
Ýöne käte agyr degýär, gözleriň
Adam ýerne goýman bakan nazary.
Ne dilegçi, ne-de derwüş däldirin,
Bilemogam porhanlaryň gazalyn.
Maňa diňe serhoş diýiň geňlemen.
Aýylýançam ýatan ýerimden alyp,
Öýe eltmäň,
Etmäň maňa ýagşylyk!
Ötüň gidiň ýoly uzakdan salyp.
Ölýänçäm içjegim berilen wada,
Ondan dönderäýmez hiç hili kada.
Şyhnazar Durdyýew.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.