Maru-şahu jahanym

Maru-şahu jahanym.

Sende aýdyň säherim.
Maru-şahu jahanym.
Sowulmajak baharym.
Maru-şahu jahanym.

Sen şalaryň şäheri.
Kalplaryň gül nahaly.
Alymlaryň bahary.
Maru-şahu jahanym.

Ylma açyp gujagy.
Bolduň bilim ojagy.
Döretdiň kän gerçegi.
Maru-şahu jahanym.

Mälik şa, Soltan Sanjar,
Sanjagyn saňa sünjen.
Goýnuňda goýdy genjin.
Maru-şahu jahanym.

Ärtogrul deý ärleriň.
Welileriň,pirleriň.
Mekany sen şirleriň.
Maru-şahu jahanym.

Mollanepes şahyryň,
Köp ýetirdi tarypyň.
Tükenmeýär taryhyň.
Maru-şahu jahanym.

Ýigitleriň gahryman.
Zenanlaryň mähriban.
Sende halkyň mähri bar.
Maru-şahu jahanym.

Arkadagly Serdarym,
Boldy hak howandarym.
Gülle sen,Alla ýaryň.
Maru-şahu jahanym.

(14.03.2023)

Awtory: Gerçeknazar Amannazarow

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Isberden obasynyň ýaşaýjysy.
5 лайков 262 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
14 мар 2023, 17:04
Türkmenistanyň iň gowy welaýaty barada düzmelida ilki bilen. Daşoguz barada. Ýöne Daşoguzy wasp etmegi eýle-beýle şahyr, ýazyjylar başarmazlaý. Bu welaýaty taryplamak üçin ummasyz söz baýlygyň bolmaly )
Гость
14 мар 2023, 17:07
Ýumora düşünýän damaryňyz doňan ýa üzülen bolsa okamaň teswiri
Pegas
14 мар 2023, 17:07
MARY

(Suhan Orazberdiýewiň öz kakasy Nurberdi Orazberdiýewiň sözlerine aýdan “Mary” diýen aýdymynyň sözleri)

Hangeçende gurnap bazar-dükany,
Ýüpek ýolda merkez döreden Mary.
Meşhur “Maru-Şahu-Jahan” adyny
Ýüreklerde baky ýer eden Mary.

Döwran sürdi Soltan Söýün, Myraly,
Soltan Sanjar, ýene han Baýramaly,
Batyr zenan gyzy han Güljemaly
Sahy gursagyňdan öndüren Mary.

Seň topragyňa siňdi Şyh Mansur,
Hoja Ýusup Hemedany — ylmy-nur.
Babagammar goşa taryn çalyp dur,
Barçasyn aýaňda göteren Mary.

Molla Töre ahun Hakdan içendir,
Omar Haýýam sende nama saçandyr,
Gowşut hanyň zarbyndan duşman gaçandyr,
Betpäli amana getiren Mary.

Nepesdir Kemine äleme äşgär,
Sungat dünýäsine boldy penakär,
Ataköpek, Ata Salyh — goşa är,
Tymsallar ýoluny ýöreden Mary.

Merdanalarňy aýdyp bilmen sanma-san,
Seň perzendiň — Gurban Durdy gahryman,
Altymyrat — dünýäni aňk eden pälwan,
Türkmeni asmana göteren Mary.

Nobat bagşy, Garly, halypa Girman,
Hydyr Derýa, Tirkiş, Ata Atajan,
Geçip bilmen Gulbabany ýatlaman,
Bilbilleň sarpasyn ýetiren Mary.

Hangeldi deý bagşy gelermi gabat,
Sazanda Han Aky, Ýazgeldi Kuwwat,
Ussat Bally Hajy, Ödenýaz Nobat,
Sungat bag-bakjasyn bitiren Mary.

Halypalaň eken gülleri solmaz,
Gurt Ýakubyň ýoly gömülip galmaz,
Wäşimiz Nuryşka, Nury Italmaz,
Sungatda dünýäde ýer eden Mary.

Adyň bilen aýan etdiň türkmeni,
Halaýyk asyrlap wasp etdi seni.
Dost-ýary, enemi-atamy, meni
Goýnuňda kemala getiren Mary.
Perman Izakow
14 мар 2023, 17:57
Şu awtoryň goşgy okaýsyna söz ýok.Hakyky çyn kalbyndan okaýan eken,diňläp gördim.
Gerceknazar
Автор 14 мар 2023, 19:05
Şu goşgyny ýörüte "Maru-şahu jahan" gazetine ýazypdym. Şol gazete şu goşgyny ugradaýyňda ugradyp bilýäniňiz bar bolsa
kesirkelle
15 мар 2023, 08:16
Men weli bu ýigit Maryly ekenow diydim ilki?