Sadakat

Rowaýatlarda aýdylmagyna görä, entek şazadaka Buddada güýçli täsir döreden wakalaryň biri onuň şähere gezelenje çykanda garry adama duş gelmegi bolupdyr. Ol şoňa çenli garrylyk diýlen zadyň hemme kişiniň başynda bardygy hakda hiç oýlanmandyr. Ýüz-gözi gasyn baglan, kaddy-kamaty bükür gojanyň haly onuň içki dünýäsini agdar-düňder edip taşlapdyr. Islendik hoşwagtlygyň iru-giç bir gün tamamlanjakdygy baradaky hakykat onuň gaflat ukusyndan oýanmagyna sebäp bolupdyr.

Öňem biri gözýaş döküp şeýle diýýärmiş: «Ýaşlygym dolanyp geläýmezmikä, oňa garrylygyň meni ne güne salandygyny bir gürrüň bersedim».

Dogulmagyň kanunalaýyk bolşy ýaly, garramagam kanunalaýyklyk. Ýaş wagtyň muňa düşünmek kyn bolýar. Emma akylyň doluşansoň, ýa bolmasa ýaşyň bir çene baranyndan soň, birmahallar durmuşy şonsuz göz öňüne getirip bilmeýän maddy zerurlyklaryň aslynda beýle bir «zerurlyk» hem däl ekendigine düşünip galýarsyň. Käte seniň üçin iň eziz adamlaryň hem dünýeden sogrulyp gidýändigine şaýat bolýarsyň. Şonda-ha adam hasam birhili dünýeden sowaşýar. Şonda sen nirädir bir ýere, adamzady aýnadýan medeniýetiň ýok ýerine başyňy alyp gidiberesiň gelýär. Diýmek, ruh, kalb, wyždan diýen ýaly adamyň içki dünýäsiniň agzalarynyň barlygyny inkär edip bolmaýşy ýaly, olary kanagatlandyrman bagt-sagadaty tapyp bolmaýandygyny hem boýun almak gerek.

By: Arslan Alaýew
3 лайков 111 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jeksparro
19 мар 2023, 23:18
Aý garaz ölmelidä?