Hormatly agzalar

Saýlow baräda kim nähili goşgylar bilýär saýta goýaýyň
0 лайков 76 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
22 мар 2023, 23:02
Gatnaşalyň saýlawa

(Juma şahyryň haýyşy boýunça)

Berkarar döwletiň bagtly döwründe,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa.
Bagtly geljegmize ,batly öwrümdir,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Gatnaşalyň hemmejämiz jem bolup,
Galmasyn gursakda sözler kem bolup,
Gel agzybirlikde üýşüp jemlenip,
Hemmejämiz gatnaşalyň saýlawa .

Saýlaw güni göwünlermiz hoş bolsun,
Watanymda bagtly durmuş başlansyn,
Howandarmyz başymyza baş bolsun ,
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Türkmen bu gün arzuwyna ýetendir,
Türkmen bu gün bitarap ýurt tutandyr,
"Watan diňe halky bilen watandyr"
Geliň üýşüp gatnaşalyň saýlawa .

Gerçeknazar Amannazarow

(22.03.2023)