EJELER DÖZMEÝAR

Ejeler dözmeýär

Ejeler dözmeýär, olar bagyşlar,
Ähli günäleriñ kakar üstüñden.
Köne ýamagyny täzä çalyşman,
Geýindirer söýgiñ muhabbetinden.

Ejeler dözmeýär döken ýaşyña,
Döreder aýazda ýyly ýazy ol.
Ömürlik bagş etsem saña janymy,
Peşgeş beren bir günüñe razy bol.

Ejeler dözmeýär mydama söýer,
Hat-da düýşünde hem seni soraýar.
Müñ bela asmandan düşse başyña,
Dileg - dogalary seni goraýar.

Ejeler dözmeýär, kimler dözse-de,
Ýakyn saýan dostyñ, ýaryñ terk eder.
Sen dünýäden üzñe galan mahalyñ,
Käbäñ bar dünýäni saña berkider.

Ejeler dözmeýär, başyñy sypar,
Mañlaýyndan ogşa aýagyna ýykyl.
Razy etseñ jennet bagtyny berip,
Söýgüli gulysyñ onda sen Hakyñ.

Ejeler dözmeýär, sen neneñ dözjek,
Togap et, tagzym et mukaddes kalba.
Barlygym, baýlygym, seždegähim sen
Ejemjan bar Şükür Alhamdullilah!!!

Jemšit Hajymämmedow
2 лайков 120 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Retro
Retro
24 мар 2023, 02:05
Şu her gün üç blogdan artyk açyp bolmaýanam bir gowy zat
Edepli Gödek
24 мар 2023, 02:46
Şü bogun san diýlen zada-da bir garap göýberow gardaş ullakan haýyş senden! Goşgy erbet däl ýokdan gowy, munçasyna-da şükür.

Iki sahypalyk edip ýazypdym internet pes boldu-da birinji ýazan teswirim gitmedi. Hälem gitmedi dogrusy özüme-de ýokmady ol ýazanlarym)) ýöne gysgaja intro edeýin kapyýalaşýan sözleriň -ýar -ýer bilen gutarsa goşgyň D witamini ýetmezçiliginden ejir çekýän çagalara meňzeýä. Şoňa dykgat edip ýazagör indikide! Bogun san maňa pohhuy diýseňem ak goşgy, erkin goşgy diýip bir zatlar bar onam ýatladaýyn. Goşgy diňe dört setir bolmaly diýen kada ýok.

Soňlamaňam täzeden işleseň gowy bolardy
Ahmet
24 мар 2023, 08:15
Diňe maňa ýokuş degýärmikä diýsem menden başga-da bar eken ))
.
24 мар 2023, 12:40
Retro
Şu her gün üç blogdan artyk açyp bolmaýanam bir gowy zat

Arman bir ip adresden köp nik açyp bolýar.