Gijigen ökünç
Gijigen ökünç 1 bölüm (bolan waka)
Howlynyñ gapysynyñ agzyna gelen eli bäbekli gelin girmäge çekinýän ýaly biraz sägindi. Şol wagt onuñ gulagyna:"Gelin, sag aýagyñ bilen ätle!" diýen sozler eşidilen ýaly boldy. Bu howlynyñ içinde geçirilen bagtly hem hasratly günleri kino lentasy ýaly bolup, onuñ göz öñünde janlandy.
... Atamyrat aga bilen Maral ejäniñ Doýduk Bilen Allaberdidan başga çagalary ýokdy. Bolan çagalary uzak ýaşaman, aýrylyp durany üçin gyzjagazlarynyñ adyna yrym edip Doýduk dakypdylar. Doýduk ikinji synpda okaýarka, özi ýaly gyzjagazlar bilen gamyşdan tüydük ýasanyp, oýnap ýören wagty ýykylyp, tüýdük onuñ bokurdagyna çümüpdir. Şol wakadan soñ, näçe bejergi alsada, Doýduga öñküleri ýaly geplemek başartmady. Ol her bir aýtjak sözi üçin gaty kynçylyk çekýärdi. Soñabaka ol gaty zerurlyk bolaýmasa, känbir gepleşjek bolup hem durmady. Özi ýaly gyzlara goşulman, ýeke özi öýüñ işlerine meşgul bolar ýörerdi.
Aý-gün geçip, Doýduk örän owadan gyz bolup ýetişdi. Ol öýüñ ähli işlerini bir özi diýen ýaly edýärdi. Gaýma gaýamak, keşde çekmek, dürli biçüwdäki köýnekleri tikmek onuñ bar güýmenjesidi. Mellekdäki ekinlere hem kakasy bilen deñ durup seredişerdi. Allaberdi orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýynda okap ýördi. Ol ahyrky kursda okap ýören wagty özüniñ bile okaýan dosty Kakageldini öýlerine myhmançylyga çagyrdy. Allaberdi ene-atasy, gyz jigisi bilen Kakageldini tanyşdyrdy. Kakageldi olardan gaýdýança, assyrynlyk bilen Doýdugy synlady. Onuñ gürrüñe goşulman, berlen soraga diñe başyny atyp jogap bermesiniñ sebäbini bilesi gelsede, ony dostundan soramaga çekindi. Kakageldi Doýdugyñ nurana keşbini soñ-soñlar hem unudyp bilmedi.
Okuwy tamamlap, işe başlan soñ, dürli bahanalar bilen Allaberdilere ýygy-ýygydan gelip başlady. Ol Doýdugyñ hem özüne üýtgeşşik bir syrly garaýyş bilen seredýändigini añýardy. Günlerde bir gün Kakageldi Allaberdilere gelende öýde Doýdugyñ ýeke özüdi. Kakageldi pursatdan peýdalanyp, gyzda özüniñ göwnüniñ bardygyny we sawçy ibermekçi bolýandygyny aýtdy. Doýduk oña jogap bermän, diñe başyny aşak saldy.
Kakageldi ene-atasynyñ garşylygyna bakman, öz diýenini tutdy. Doýduk bilen toý tutdy. Başda gepläp bilmeýän gyzy ogullaryna alyp bermek islemedik gaýynatadyr gaýynene gelniñ hyzmatyndan hoşaldylar. Kakageldi özüni dünýäde iñ bagtly adam hasaplaýardy. Wagt geçýärdi. Kakageldiniñ kakasy Çary aganyñ aradan çykmagy uly maşgalanyñ ähli garamatyny onuñ boýnuna atdy. Ol özüne öñki jaýlarynyñ ýanyndan bäş otagly uly jaý gurundy. Gyz jigilerini abraý bilen durmuşa çykardy. Inileriniñ ikisini öýlendirdi. Maşgalada hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Emma Kakageldi bilen Doýdukdan çaga bolmaýardy. Perzentsizlik dagyny bularyñ hersi öz ýanyndan çekýärdi.
Kiçi gelinleriniñ çagalaryny Doýduk öz çagasy ýaly eý görüp seredişerdi. Wagt geçip kiçi inileri hem özbaşyna jaý salnyp göçdüler. Öýde Kakageldiniñ ejesi bilen körpe ogullary Geldi galdy. Doýduk soñky wagtlarda Kakageldiniñ öñküliginiñ ýokdugyny duýýardy. Kakageldi wagtynda öýe gelmezligi çykardy. Doýduk hiç kime hiç aýtmasa-da, ünjülidi. Gaýynenesiniñ ýarawsyzlyk tapynmagy hem oña bu barada dil ýarmaga maý bermeýärdi. Bir gün Kakageldi işden ir geldi. Doýdugy ýanyna çagyryp, aýtjak bolýan zadyny nädip aýtjagyny bilmän, ýaýdanjyrap söze başlady:
- Doýduk, sen örän oñat gelin. Seniñ ýaly gelin dünýede başga ýokdur... Döydugyñ ýüregi bir erbetligi syzan ýaly serine galagopluk aralaşdy.
- Doýduk, eşidýärmiñ, meniñ seni ýitiresim gelenok. Ýöne men perzent küýseýän. Jaýymyz kän. Sen bir jaýda ýaşaberersiñ... Doýdugyñ endamynda uşajyk galpyldy peýda boldy:- Men şäherde bir gelin bilen tanyşşdym. Onuñ iki gyzy bar, ady hem Bilbil. Men ony öýe getirjek...
Gelniñ depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ol elini ýuwaşjadan Kakageldiniñ elinden çekdi-de, goñşy otaga çykyp gitdi. Esli wagt doñan ýaly bolup durdy. Soñra geýim-eşiklerini ýygnaşdyryp, daş çykdy. Näsag ýatan gaýynenesine zordan"Sag boluñ!" diýdi-de, çykyp gitdi.
Dowamy bar...

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.