Gijigen ökünç
Gijigen ökünç 2 bölüm (bolan waka)
Gelniñ gitmegi näsag ýatan enä agyr degdi. Ol oglunyñ maslahatsyz eden işinden nägile boldy. Ogluna käýindi. Doýduk gideninden bir hepde soñ, Maral eje aradan çykdy. Onuñ belli günleri geçeninden soñ, Kakageldi Bilbili öýe getirdi.
Şäherde ýaşan gelne obada ýaşamak, çörek bişirmek, mallara seretmek gaty ýokuş degdi. Ol derrew ýüwürjisi Geldini öýlendirmegiñ ugruna çykdy. Öz gatnaşýan gyzlarynyñ biri Näzigi Geldi bilen tanyşdyrdy we şoña öýlendirdi. Bilbiliñ bar arzuwy Kakageldini öýüñ bar gap-galamlary bilen şähere göçürmekdi. Ol bu arzuwyna-da ýetdi. Kakageldi öýüniñ ähli goşy bilen Bilbiliñkä göçüp bardy. Obada önüp-ösen ýigde şäheriñ iki otagly kiçijik jaýyna öwrenişmek kyndy. Üstesine-de Bilbil uzakly gün işdedi. Işden soñ hem joralarynyñ doglan güni ýa baýramçylyk we şuña meñzeş zatlar sebäpli öýe giç gelerdi. Beýle ýaşaýyş Kakageldiniñ göwnüne jaý däldi. Onuñ işleýän edarasynyñ ýapylmagy munuñ üstesine urna boldy. Ol özüni edil kapasa salnan guş ýaly duýýardy. Onuñ göwni obany küýseýärdi. Bilbilden işden wagtynda gelmegi talap edende bolsa:"Öý meniñki, men islän wagtym gelerin,ýaramasa obaña gidip, isleýşiñçe ýaşap bilersiñ!" diýen jogaby eşitdi. Bu sözlerden soñ onda şäherde ýaşamaga hiç hili isleg galmady. Ol oba gaýtdy.
Uly howly, boş jaý hañlap ýatyrdy. Kakageldiniñ öýe girip-çykyp mazasy bolmady. Ol iş sorap, bile okan oglanlaryna habar ýollady. Ony Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan dosty öz ýanyna işe çagyrdy. Kakageldi haýal etmän, goşlaryny ýygnap, eşiklerini ütükläp geýindi-de otly duralgasyna tarap ugrady. Otly heniz gelmändi. Ol esli salym garaşmaly boldy. Agyr pikirlere gümra bolup, kelebiñ ujuny tapyp bilmän oturşyna onuñ elemtas bolup gelýän obadaşyna gözi düşdi.
Howlynyñ içi adamdan doludy. Öýüñ penjirelerinden çykan gara tütüne gözi düşende, Kakageldiniñ ütügi öçürmän gidendigi ýadyna düşdi. Bir wagtky kaşañ, owadan jaý gara tüssä boglup, göçülen ýurdy ýadyña salýardy. Kakageldi jaýa girjegem bolmady. Onda-munda ýatan tagtalar bilen jaýyñ penjirelerini çüýläp, ýene yzyna gitdi.
Aradan bir ýyla golaý wagt geçdi. Kakageldi obany, doganlaryny, obadaşlaryny görmek, ýanan jaýyny bejermek niýeti bilen oba geldi. Nämeden başlajagyny bilmän, birki güni geçirdi. Garañky gatlyşyberende gapynyñ agzynda duran agaç sekiniñ üstünde bir wagtky bagtly günlerini ýatlap oturşyna eli bäbekli gelniñ edil golaýjagyna geleninem duýmady. Üstüne saýa salyp duran derek boýly gelne gözi düşende, öz gözlerine ynanmady. Ol:"Doýduk!" diýip ýerinden turdy we yzly-yzyna:"Geläýdiñmi? Men saña köp garaşdym, senli günleri küýsedim. Sen gideñsoñ dünýäm boşap galdy. Geleniñ gowy bolaýdy" diýip oña tarap topuldy. Doýduk"Dur" diýen manyda elini salgady. Elindäki bäbegi görkezip:"Oglum"diýdi. Kakageldi: "OGULJYGYÑ BOLDUMY? ONAM ALYP GELÄÝDIÑMI? OÑARYPSYÑ!" diýdi. Doýduk kynlyk bilen:"Meñ oglum" diýdi-de, yzyna öwrülip, çaltlyk bilen ýöräp gitdi. Kakageldi şu pursat Doýdugyñ näme üçin gelendigine düşündi. Doýdugy önelgesizlikde aýyplap, nähak netijä gelendigi, ähli ýetmezçiligiñ özündeligi hakyndaky hakykat ýüzüne şarpyk bolup çalyndy. Has-da beteri indi Doýdugyñ başga biriniñ bagt paýylygydy. Ýöne näme üçindir şonda-da ol elewräp: "Doýduk, nirä? Gitmesene!" diýip yzyndan ylgamakçy boldy. Ol ýatan daşa büdräp, iki dyzyna oturdy. Ol turup, howludan çykýança, Doýduk eýýäm maşyna münüpdi. Kakageldi üçin bolsa ol maşyn diñe bir Doýdugy däl-de, onuñ dünýäde ähli zadyny, hat-da janyny-da sogrup, alyp giden ýaly boldy...
~~~SOŇY~~~

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.