SENIŇ SURATYŇY ÇEKDIM

(Sapa Hommadowa)

Garagumuň giň hem ýagty köçesin
Synlaýşyň ak göwün ynsanlaryny,
Säher salamyny paýlap ýörşüňi...
Çekdim, hem ullakan bag-saýasyny.

Görşüp bilşiň,
Bu barlygy parhlyrak.
Gowlugy göwnüňden gözläp ýörşüňi...
Asmanlarda ýaşan ynsan melegňi
Zeminiň üstünden gözläp ýörşüňi...

Agram beren gussaň bilen bäsleşip,
Duýgurlugňy, synçylygyňy çekdim.
Soňra hyýal bilen garyp barjasyn,
Çilmiň tüssesinde çal reňke i:şdim.

Asmanda ruhuňy, Zeminde göwräň,
Poeziýaň gülünem sepdim ýanyňda.
Juda sada göwün, hyýalkeş dünýäň
Meňzeýärmi!?
Seniň suratyň çekdim...


Bilbil KAKABAÝEWA
9 лайков 271 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
Автор 30 мар 2023, 13:16
Doglan günüň gutly bolsun Sapa mugallym. Uzak ýaşaň!
Pegas
30 мар 2023, 13:23
Köp sag bol, Bilbil mugallym. :)
W. P
30 мар 2023, 13:39
Meňem bir çeken suratym bolmalydy Sapany.
W. P
30 мар 2023, 13:39
W. P,
Ýöne Sapaň özi halamandy.
Esma
Автор 30 мар 2023, 13:41
W. P,
Bizem görsek bolarmyka ol suraty? )