Ýokarda Biri bar
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli
ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýa-
dyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek
edýär.
Ol meniň ýolumy açýar.
Ol maňa garaşmaýan ýerlerimden rysgal eçilýär.
Ol meni çagasyna mährini berip, gujagyna gysýan mähriban eneden
hem has gowy mähir bilen bakýar.
Kimdir biriniň göwnüne degsem, şol adam mäňa azgyrylar, igener,
«bolmady» diýip zeýrener, emma Ol şeýle bir geçirimlilik eder. Munuň
üçin meniň ýüzüm gyzarmaz, ýöne müýnüm ýadymda galar. Indiki
säwligime çenli bu geçirimlilik huşumdan çykar gider, ýöne her hili ýag-
daýlarda Oňa bil baglaýşym ýaly, Ol maňa umydymdan hem beýik
ýagşylyk bilen bakar. Ol öňki unudaganlygym üçin öýkeläp durmaz.
Ýene‐de Özünden umyt edenime begener we muňa monça bolup, elin-
den gelen ýagşylygy eçiler. Şonda men özümiň ýeke däldigime, arka-
lydygyma, arkamyň bardygyna şükür ederin.
Hawa, biz her demde şükür edilmäge mynasyp Beýik Taňryny her
günde ýürekden ýatlamzok. Onsoň beýleki adamlary ýadyňda göterip
ýörmek uslyp däl bolmaly. Emma biz özümize ýagşylyk edýänleri unudýarys‐da, haýrymy‐şeri – haýsy tarapy agdyk boljagy näbelli adam-
laryň yzynda aň‐hyýallarymyzy, göwünlerimizi sergezdan edip ýöris.
Men Onuň berýän nygmatyna şükür edýärin, emma çeýnän çöregim
bokurdagymdan ötensoň, ýetiren ýüpek lybaslaryny egnime atamsoň,
Ony bir sellem ýadymdan çykarýaryn. Käteler oturyp şeýle pikir
edýärin: «Bir pursatlyk garnydokluk Ýagşylyk edýänleri unutdyryp
bilýän bolsa, dynuwsyz guýulýan eşretleriň öňünde mesirgemän, az-
man saklanmak aňsat iş bolmaly däl» diýýärin.
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Elmydama häsiýetime görä
ýolumy açýar. Emma melekleriň seýilgähi bolan kalbym, şeýtanyň
şüdügärine öwrülip, garaňky oý‐hyýallara gurşalan pursatlarym, ho‐ol
uzakdan bir ýagtylygyň göni maňa sary gelýändigini görýärin. Bolmasa
men Oňa telefon bilen jaň hem edemok, elektron poçtanyň üsti bilen
habar hem ýollamok, ýa‐da beýik depä çykyp gygyramogam. Ýöne
maňa kömek edip dur. Özi hem edýän ýagşylygyna minnet edenok,
öwezine hak‐heşdek, berim‐peşgeş soranok. Diňe ýagşy adam bolup,
ilimi‐ günümi söýüp gezmegimi isleýär. Adamlara ýüz saraltman, göni
Özünden soramagymy isleýär. Ýagşylyk edýäni synamak gowy gylyk
hasaplanmaýar. Emma durmuş Onuň haçan has gowy görüp, haçan
öýkeleýändigini aýan edýär. Bitmeýän işim üçin ilki Özünden haýyş et-
män, gaýry gapylary kaksam gaty görýär. Özünden özgelere az‐kem ar-
tykmaç umyt bilen baksam gaty görýär. Otugan nebsiň ugruna görä
ters hereket etsem gaty görýär. Şol pursat bedew çapuwly ykbal keçjal
düýe ýaly ýoluň ortasynda bögürip ýatyberýär. Onsoň, men Onuň
öýkeländigine düşünip galýaryn. Ol bolsa iň bolmanda şoňa
düşünenim üçin hem begenjinden iki bolup bilmeýär. Aslynda‐da Oňa
birlik mahsus diýýärin. Onuň hemme kişä sözi ýöreýär. Özi hem ähli
zat Onuň ýekeje sözüne bitýär. Sebäbi onuň sylagy hem, hormaty hem,
güýji‐gudraty hem ýetik. Ol «Bol!» diýmese, beýlekiler «Bolýar!» diýmeýär. Şonuň üçin hem men elmydama Oňa arkalanýaryn. Sebäbi
Ol meni gowy tanaýar. Gowy tanany üçin hem Özi gelip, görnüp dur-
masa‐da, Özüne has ýakyn ýagşy adamlaryň üsti bilen kömek edýär.
Hawa, bu hut şeýle, ýokarda biri bar. Şol ýokardaky Biribar meni gowy
tanaýar. Durmuş ýollarymda Ol maňa elmydama kömek edýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.