Has gowusyny nähili saýlamaly?

Her birimiziň her bir zadyň has gowusyny saýlap almaga ýag-
daýymyzam, mümkinçiligimezem, hakymyzam, ygtyýarymyzam bar.
Üstesine, has gowusyny saýlap almaklyk her kimiň borjy bolubam
durýar. Durmuşa gadam goýduňmy, ýollaryň has gowusyny saýlamaly.
Maksatlara maňlaý dirediňmi, olaryň has gowusyny saýlamaly. Diňe
bir maddy zatlaryň däl, pikir, hyýal, düşünje ýaly zatlaryň hem has
gowusyny saýlap alyp bilýäris. Hat-da dost-jora hökmünde-de adam-
laryň özümize, ýüregimize has gowy görünýänlerini saýlap tutýarys.
Hiç bir zat bize berlen şu mümkinçiligi elimizden alyp bilenok. Ýogsa-
mam her kim öz durmuşynyň binagäri. Gurasy gelýän ykbal jaýyny,
oňa gerek bolan suwuny, laýyny, hekini, daşyny, içini-daşyny bezejek se-
rişdeleri, goşlary özi saýlap alýar. Saýlamak mümkinçiligi barka, hiç
kimiň özüne ýaramaz zat almajakdygy düşnükli. Şeýdibem öz dur-
muşymyzy gurýarys. Käteler welin saýlap alan zatlarymyzdan nägile
bolup, „ýazgytdaky beýle deňsizligiň“ gel-gel bize gabat gelmesine ga-
harlanýarys. Ýa-da biz has gowusy diýip, mojuk bir zady saýlaýan-a
däldiris-dä, hernä? Eýsem biz has gowusyny nähili saýlaýarys? Mundan on bäş ýyl çemesi owal orta ýaşly bir adam uzak ýola sa-
para çykypdyr. Kireýli sürüjileriň biri öz ulagyny mazamlap, oňa
ulagyň öňki salonyny hödür edipdir: „Ýaşuly, ap-akja ulag. Öňi boş
dur. Size garaşyp duran ekeni“ diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
„Mündügim, eglenmän ugraýas däl-mi?“ diýip, ýolagçy günden go-
raýan gara äýnegini gözünden aýryp, kisesine salypdyr. „Hawa, ýaşuly,
ugrabermeli“ diýip, sürüji ulagyň öňki gapysyny açyp beripdir. Ýolagçy
münmek üçin boýnuny içeri uzadypdyr-da, sakga säginipdir: „A-how
yzky salonda kiçijik bäbek bar eken-ä. Ýok, kiçijik bäbek bolsa maňa
gerek däl. Barýançam, sesi jägildäp ýüregime düşer. Beýdip gidenim-
den, iki esse töläp, boş ýa-da bäbeksiz ulagda arkaýyn gidenim has
gowy“ diýip dillenipdir. Şeýdibem, ol başga ulagda bir özi gitmese-de,
arkaýynlyk bilen barmaly menziline aşypdyr. Şol wakadan bäş ýyl soň
ýaňky ýaşuly ogluny öýeripdir. Ondan bärem on ýyl çemesi wagt geçip-
dir, emma ýaňky ýaşulynyň agtyk perzende gözi düşmändir. Şunça ýyl-
laryň azaby, yhlasy, ile eden ýagşylykdyr ýamanlygy, çöplän-u harç
eden sogaby bir ýana, şol hereketi hem bir ýana agram salyp dur. Ähli
zat huşundan uçsa-da bar zadyň sebäpkäri hökmünde „Ýok, kiçijik
bäbek bolsa maňa gerek däl. Bäbeksiz ulagda arkaýyn gidenim has
gowy“ diýen sözler gulagynda ýaňlanyp dur diýýär. Sebabi bu onuň
haçanam bolsa bir eýýäm hut öz islän, öz saýlap alan „has gowy“ ýag-
daýlarynyň biridi.
Ýaşy ýeten ulugyzlaryň birine sawçylyga barypdyrlar. Ýigit hakda
gyza ýaňzydypdyrlar. Belki gyzyň ýürek töründe başga bir ýigit orun
tutandyr ýa-da taryby ýetirilýäne göwni ýeten däldir, tasanjyrap
barşyna: „Şol oglana baranymdan-a, ite durmuşa çykanym has gowy“
diýip dillenipdir. Şeýdip, oglan tarapyň habary alynmandyr. Uzak wagt
geçmänkä, şol idegli gyzyň bagty açylypdyr, başga birine durmuşa
çykypdyr. Dogry ol hakyky ite barmandyr, ýöne it häsiýetli biriniň alnyndan çykandygyny il-gün he-nizem ýatlaýar. Sebäbi ol gyz has
gowusyny özi saýlapdy, özi dile getiripdi.
Talyplyk döwrümizde bahana tapsa, oba gidesi gelýän bir deň-
duşumyz bardy. Aglaba halatda hem garry ene-atasyny bahana edin-
erdi. Gürrüňle-riniň käbirinde garry ene-atasynyň dikgirdäp ýörşüni
dile getirip, öz ýanyndan „tüweleme, garry hem bolsa bizden sagat“
diýip, gürrüň be-rerdi. „Şularyň barlygy bahana üçin has gowy. Garry
bolansoňlar, ýaranok diýseň, ýagdaýy boldugyndan rugsat berýärler“
diýerdi. Ýöne her gezek şeýle rugsatdan dolanyp gelende „Bardym
welin, dogrudanam enem ýa-da atam ýaraman ýatan eken“ diýerdi.
Sebäbi ol baş bahanasy hökmünde şolary has gowy dile getirýärdi.
„Pylany ogurlykda tutulypdyr“ diýen gürrüň köpe ýaýranda, oba-
daşlarynyň biri „Ogurlyk ýaly biabraý zat ýok. „Ogry“ diýleninden-ä,
„tirýeki“ diýleni has gowy“ diýip, dile getiripdir. Ýyl aşyp ýetişmänkä
ýaňky ýigidiň agzyny hapalandygyny hyşy-wyşylar arkaly her kim
eşidip galdy. Sebäbi bu onuň göz öňüne getirip bilýän, beýleki bir zat-
dan „has gowy ýagdaýydy“.
Has gowusyny saýlap, isläp, diläp alyp bolýarka, öňküdenem has er-
bedini, has şumuny, has beterini dile getirmek nämä gerek? Biziň
ýüreklerimize kimdir biri ýa-da hiç kim düşünmeýändir öýtsegem, iň
bolmanda şol ýüregi ýaradan düşünýär. Perwerdigär durmuşyň gylla
ýarysyny öz islän gowy zatlary bilen gurşasa, galan ýarpysyny biziň is-
leýän gowy zadymyz bilen doldurýan ýaly görünýär. Biz-ä „has
gowusy“ diýip dilimize getirsek, Ol hem göwnümizi ýykmajak bolup,
şony berse, bizem ýene diläp alan zadymyzdan nägile bolsak...., onda
biz diňe göwnümiziň däl, eýsem Ýaradanyň öňünde ýalançy bolup
galdygymyz bolýar. Ýusubyň husny-görküne maýyl bolan Züleýha ony dürli ýollar bilen
özüne imrindirjek bolupdyr. Emma Ýusup „Şol gabahat işi edenimden-
ä zyndana düşenim has gowy“ diýipdir. Şeýdibem, bu wakalaryň
yzysüre Ýusup töhmet zerarly zyndana atylypdyr. Köneden gelýän şu
taryhy kyssa giňişleýin düşündiriş beren alymlar, ulamalar, danalar
„Eger-de şol wagt Ýusup zyndana düşmekligi däl-de halas bolmaklygy
dile getiren bolsa-dy, Allatagala ony halas etjekdi, ýöne „zyndana
düşenim has gowy“ diýensoň, oňa bendesiniň isleýän has gowy ýag-
daýyny bagyş etdi“ diýilýär. Saýlamak ygtyýarynyň haçan we nähili
röwüşde öz haýrymyza bagyş ediljekdigi näbelli. Muňa garamazdan
her bir zadyň has gowusyny saýlap almaklyga endik etmeli. „Has
gowusy“ diýip, öňküden-de mojuk bir zady dile getirip otursak, ussasy
özümiz bolan ömür binasynyň mermerine derek hek, kerpijine derek
kömür goýmaly bolarys. Ýa-da käbir pursatlarda gowy zada gözümiz
düşende „Beýle zat bize nesip edesi ýok-la“ diýmän, „Tüweleme, bize-
de Hudaý ýetirsin“ diýip, ýagşy röwüşde hem ýaňzydyp bolýar ahyry.
Diliňe bitýärmi, diýmeli. Emma günde-günaşa „has gowularyň“ giden
tapgyryny dile getirsek-de, olaryň ençemesi halamaýan zadymyz bolýar
duruberýär. Bir zat welin düşnükli: Saýlanylýan şeýle „has gowularyň“
özümize zyýanly bolup çykmazlygy üçin, hakykatdan-da has gowu-
laryny dile getireliň. Ýaramaz söz bilen özümizem, ömrümizem alda-
malyň!
0 лайков 65 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.