Olar diňe ýagşylyk edýärler

Köpüň ýaşaýan dünýäsinde sizem ýaşaýarsyňyz, diýmek, köpüň
edýän käbir pikirlerini siz hem edýän bolmaly. Eýsem, siziň pikiriňizçe,
dünýäde ýagşy adamlar köpmi ýa-da ýaman adamlar? Elbetde ýagşy
adamlar kän. Aslynda-ha, dünýä diňe ýagşylardan doly. Ýa-da siz
muňa ynanaňzokmy?
Göwnüňe ýaramaýan iş ýamanlykmy?
Käte ugrukmaýan işler üçin kejigip, dünýäni bir ýumrukda düňdere-
simiz gelýär. Şowsuzlyklarymyz üçin kimiň “günälidigini” keseden so-
rap bilmegiň hajaty ýok hasaplaýarys, ýazykly adamy şeýle bir tiz
tapýarys welin, akylyň özi hem biziň bu “kesgir akylymyza” haýran
galýar. Göwnümize ilki ornan her bir pikiri ömür pelsepesiniň daýanç
nokady hökmünde kabul edýäris. Soňra başgaça pikirlenjegem bo-
lamzok. Dünýäni, düzi başga taraplaryndan synlap bolýandyram
öýdemzok. Halallyk bilen haramlygyň, ýagşylyk bilen ýamanlygyň,
haýyr bilen şeriň parhyny hem özümizçe kesgitleýäris. Şoňa esaslansaň,
birwagt Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyn-
daky göreş entegem kiparlana meňzänok. Biz kimdir biriniň matlaby-
nyň, maksadynyň nä niýetden gözbaş alandygyny aýdyňlamazdan, olaryň hereketlerini, göwnümize görä, çürt-kesik ikä bölýäris: “Meniň
göwnüme ýaranok dälmi, diýmek, ol maňa diňe ýamanlyk edýändir”.
Her kimiň göwnüne iň adyl terezi – hamala, onuň hut özi. Il içinde ýa-
da märekede bolsun, ikiçäk söhbetdeşlikde ýa-da garma-gürmelikde
bolsun, elmydama özümizi mazamlap “Biziň-ä ile ýamanlygymyz ýok,
göwnümiz gardan ak, pälimiz düzüw” diýip galýarys. Iň bolmanda, şu
sözleri ömründe bir ýola diýmedik adam barmyka? Ähli adamzat
nesli şeýle matlapdan ugur alýan bolsa, şoňa görä hereket edýän bolsa,
onda biziň özümiz käbir kişileriň hereketine ters düşünip, olar babatda
betgüman bolýan-a däldiris-dä? Ýa-da ýagşylyk bilen ýamanlygyň
düýp manysyna düşünmäge akylymyz ejizlik edýärmikä? Onsoňam
kim- kime ýamanlyk edip bilýär? Aslynda, ýamanlyk näme? “Türkmen
diliniň düşündirişli sözlüginde” “Ýamanlyk – birine zyýan ýetirmek
üçin bilkastlaýyn edilýän hereket, hyýanatçylykly edilýän iş, birine
edilýän erbetlik” diýlip, kesgitleme berilýär. “Arap diliniň düşündirişli
sözlüginde” “Ýamanlyk – birine ýaramaýan hereketleri etmek, bil-
kastlaýyn zyýan ýetirmek” diýilýär. Hindi, hytaý, ispan ýa-da zulu dil-
lerini bilmesegem, Adam atadan bäri dowam edip gelýän bu düşünjä
ähli dillerde birmeňzeş kesgitleme berilýändigini çaklap bolýar.
Amallar niýetlere görädir
Şeýle bir rowaýat bar. Amallaryň agramy ölçelýän terezi gününde
käbir adamlaryň eline hasap depderleri berlermiş, şonda olar ol
ýerdäki birnäçe sogaplara geň galyp “Eý Perwerdigärim, biz bu amal-
lary etmedik ahyry” diýip ýüzlenermiş. Şonda Perwerdigär “Siz şol
amaly etmeseňizem, şol amallary niýet etdiňiz. Amallar niýetlere
görädir” diýip, ýagşy niýet üçinem bendelerini ýalkarmyş. Ýokardaky
düşünjelerden ugur alsak, biziň ýamanlyk hökmünde kabul edýän zadymyz iki dürli bolup çykýar: olaryň ikisi hem birbada hiç
göwnümize ýaranok. Ýöne täsin ýeri, olaryň ikisi hem ahyrsoňunda
biziň üçin örän bähbitli bolup gutarýar. Birinjisi, dogrudanam,
abraýyňa, maddy-hal ýagdaýyňa, saglygyňa zyýan ýetirmek maksady
bilen edilen bozuk niýetli ýamanlyklar. Beýlekisi -- ýamanlyk niýeti bol-
madyk, ýöne netijesi göwnümize ýaramaýandygy üçin özümiz tarapyn-
dan ýamanlyk hataryna goşulan amallar.
Mekdebiň gapysy ýapylsa, Mekgäniň gapysy açylar
Ömrümizde ýamanlyga ýorlan, ýöne soňy düz bolan amallaryň
ençemesini görmek her birimize miýesser edendir. Durmuşdan hyýaly
bir wakany mysal alyp göreliň. Ine, sen haýsy hem bolsa bir işe ýer-
leşmekçi bolýarsyň. Arkadaglar, hossarlar, “işe girse, ýuwar” tamasy
bilen töweregiňe jemlenişýän dost-ýarlar wagtal-wagtal halyňdan habar
alyp durandyrlar. Ähli resmilikleri doldurarsyň. Emma yzgytsyz biri
seni görer-de, “Aý, ýok, bolanok” diýer durar. Senem göz-görtele bu
ýagdaýy ýamanlyk hökmünde kabul edersiň. Ýogsam adamkärçiligiň
hem-de başarnygyň bar bolsa, edaranyň bähbidini ileri sürýän her bir
hojaýyn iş başarjak adamy soňa goýman işe kabul edýärem. Biz
işimiziň bitmezliginiň bar günäkäri hökmünde diňe şony göreris. Ara-
synda öz ýanymyzdan “Bähbit bolsun” hem diýeris, ýöne bu söz freony
gutaran kondisioneriň ýeli ýaly bolup, göwnümizi gyzdyrmasa, sowa-
daýmaz. Şeýdip ol ýere işe ýerleşmeris. Uzak wagt geçmänkä, bir
hakykata anyk göz ýetirersiň: şol işe ýerleşip bilmändigiň bähbide
çekendigini bilip galarsyň. Belki, ondan has abraýly, aýlygy onuňkydan
ganymat bir işe nesibäň çeker. Şeýle ýüregagyrylardan sowmak üçi-
nem Alla seniň ol işiňi ugrukdyraýmaz. Oňa derek bir ýoda ýapylsa,
hatar-hatar ýol açylýar. Il arasynda aýdylýan bir söz bar: “Molla talyba mekdebiň (medresäniň) gapysyny ýapsa, Alla onuň üçin Mekgäniň ga-
pysyny giňden açar”. Şeýle ýagdaýlary hakyky öz keşbinde görmek we
duýmak üçin, Hudaýa şükür etmek ündelýär. Ýaradan “Şükür etseňiz,
size berjek nygmatymy artdyraryn” diýipdir. Indi bu ýerde hälki ada-
myň hereketini ýamanlyk hökmünde göz öňüne getirýäňizmi ýa-da
siziň öz ýöremeli ýoluňyza düşmegiňize sebäp bolandygy üçin ýagşy
adam hasaplaýarsyňyzmy?
1 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.