Ölümdenem soňky dostluk.

Ölümdenem soňky dostluk.

Iki goňşy ýaşaýardy. Ol goňşular dul-degşir, agzybir we süýjeşip gezýärdiler. Günleriň birinde bu goňşularyň biri, has dogrysy kakasy Resul-aga, çagalaryna bir towşanjyk satyn alyp beripdir. Bu goňşusynyň çagalaryna alyp beren haýwanjygyny görüp, ikinji goňşy Toýly-aga hem çagalaryna bir güjüjek alyp berdi. Soňra iki goňşylaryňam çagalary, güjüjek we towşanjyk bilen bile oýnaberipdirler. Ahyry bir gün Resul-aga, Toýly-aga garap:
— Ahow goňşyjan, seň alyp-beren güjügiň ulalarda, biziň towşanjygymyzy iýäýer. — diýeninde Toýly-agada:
— Alada etme, bujagazlar bileje-ulalar. Ulalybam dost bolarlar. Bile önüp-össeler doganýaly bolarlar. Mesele bolmaz. — diýip ýylgyrypdyr. Hakykatdanam Toýly-aganyň aýdany dogry bolup çykdy. Ol haýwanjyklar bile-oýnaşyp, şatlanyp hatda çagalar hem berk ysnyşdy. Towşanjyk bilen güjüjek ulalyp iki-goňşularada kowalaşyp oýnaşmaga gelýärdiler. Şeýdibem günler-aýlar geçiberen. Günleriň birinde Resul-aga maşgalasyny alyp uzaklara, birnäçe günlik gezelenje gitdi. Towşan bolsa howlyda ýeke-özi galdy. Dynç-güni bolanlygy sebäpli Toýly agada maşgalasy bilen, öz howlusunda çaý-içip, gazet-žurnal okaýardy. Birdenem ol it howlunyň derwezesinden girdi. Itiň agzynda gara-kire, tozan-palçyga, hapa-gana boýalan, ol bolmaşynada eýýäm öli-towşan bar. Toýly-aga ylgap baryp, itiniň agzyndan towşany alyp, tas itini urupdy. Bu wakany çagalary we gelini hem synlaýar. Toýly-aga:
— Wah jan ýaly goňşymyň aýdany dogry bolup çykdy. Ahyry öldürdi. Diňe şu ýetenokdyda. Inni näme edeliň, goňşy agşamlaryna öýüne geler. Näme etmeli??? — diýip gynandy. Gelni Toýly-aga gynançly garap:
— Wah kakasy. Bolmasa towşanjygy gowy ýuwup, fen-bilen darap guradyp, öňküsi ýaljak öýjagazynda goýaýaly. — diýen pikiri atdy. Edil şonuňýaly hem etdiler. Towşanjygy gowy ýuwup, guradyp, öýjagazyna eltip, aýajyklaryny hem gowja goýup ýatyrdylar. Towşanjyk edil uklap-ýatanýaljak görünýär. Şol minudyň özündede Resul-aga maşgalasy bilen gezelençden geldiler. Entek derweze açylmanka Toýly-aga maşgalasy bilen kiçi gapydan çykyp, öz howlylarynda sessiz oturdylar. Ýene iki minutdan Toýly-aganyň gapysy kakyldy. Açyp görseler ine Resul-aga uludan haş-haşlap demini alyp, ýüzi hem ak-tamýaly. Edil ruh görene meňzeýär. Toýly-aga:
— Ohow näme boldy? Eýgilikmi?
+ Towşan... Towşan... Ol towşan...
— Hä näme öläýipdirmi!? Waheý, şu günjigem edil sagdynja ylgapýördidä. — diýeninde Resul-aga Toýlynyň ýüzüne bir-geňsi gorky bilen seredip:
— Goýsanaý nätdiňaý!? Ol towşan 5-nji gün öldä.
+ Näme???
— Howwa how ol düýndäl, oňňun öldi. Onsaň menem ony mellegimizde gömdüm. Soň çagalar hem oňa gynanmasyn diýip aýlamaga alyp gitdim. A ol towşan bolsa hiçzat bolmadykýaly, arassaja, gowja bolup öýjagazynda ýatyr. — diýip geň galypdyr. Ol dostlugyna wepaly bolan it-janawer, anna-güni dostuny tapmandyr we ysyrganyp gözläp, towşany tapypdyr hem gazyp alyp getirip eýesine beripdir, towşany halas ederiýaly. Wah janawer, jandara ölendigini nädip düşündirjek!? Ahlagy=Moraly: Hiçwagt bir wakany anyk bilmän, netije çykarmaň.

Awtory: Halk Arasyndan.
3 лайков 131 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
02 апр 2023, 22:53
Üýtgesik gowy tymsal eken
03 апр 2023, 05:27
Gawy ekeni sagbolun birinji gezek ešitÿän