Başgalaryň hereketi we biziň pikirimiz.
Ýaş çatynjalar täze satyn alan öýüne göçüp gelýärler. Olar irden ertirlik edinip oturkalar, goňşysy eşik serip ýören eken. Şonda gelin ýanýoldaşyna garap:
– Goňşular eşikleri gowy ýuwmandyr ýa-da gowy tämizleýji serişde ulanmandyr – diýýär. Ýanýoldaşy ilki goňşysynyň seren eşiklerini, soňam gelnini synlap, sesini çykarman ertirlik edinmegini dowam etdirýär. Maşgala her gün ertirlik edinýän wagtlary gelni goňşusynyň eşik serşi baradaky gürrüňi gozgaýar. Adaty günleriň birinde gelni ertirlik naharynda:
-Ahyrsoňy goňşymyz kir ýuwmagy öwrenäýdi, oňa muny kim öwretdika? – diýip, geňirgenip ýanýoldaşynyň ýüzüne soragly nazaryny aýlaýar. Ýanýoldaşy biraz dymandan soňra:
– Irräkden turup penjirämiziň goňşy tarapdaky aýnasyny tämizledim – diýen badyna geliniň geň galyp duran ýüzüni utanjaňlyk duýgusy gurşap alýar.
Bu ýagdaý biziň durmuşymyzda niçiksikä? Başgalaryň hereketleri ýa-da olar barada edýän pikirlerimiz biziň seredýän penjirämiziň arassalygyna bagly dälmi näme?
Kimdir birini aýyplamagyň ýerine ilki bilen öz edýän hereketlerimize üns bermäge, öz göz penjirämizi arassalamaga we ýürek aýnamyzy päklemäge ymtylmalydyrys. Sebäbi, biziň bu ymtylyşymyzyň netijesi aňsat we has bähbitli bolar.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.