Gaýgyly goşgulam okama, dünýäm...

Gaýgyly goşgulam okama, dünýäm!
Ýetilmedik söýgi hakda nalamy.
Kyrk ýama urulan deşik kalbymyň
Sen ahyryn öň-de, soňda halany.

Gamgyn setirlerme gyýylma, dünýäm!
Şygyrdaky gahrymanym aglasa,
Bagtsyz hasap etme goşgulam okap,
Ýüregimden syzyp galamma gelýän,
Setirlerim ynjanyňy aňlasa,
Telbe aşygyňy bagyşlawergin,
Päkize duýgyňy hasrat eglese,
Ýolda duşan aý gözelleň gözleri,
Gökden inen hüýr gyzlaryň näzleri
Seniň birje ýylgyrşyňa degmese.
Yhlasyňy duýýan her nepesimde,
Durmuşymda ýyly elleň mähri bar,
Sen barkaň men bagtyň çür depesinde,
Gabanan pursatyň monça bolsamda,
Goşgulamdan gabanmagyn mähriban.

Düýşüňe-de gamgyn halda giräýsem,
Hasratdan saralyp soljagňy bilýän,
Sen gyýylsaň kalbym aglar,
Şoň üçin
Gaýgyly goşgulam okama, dünýäm!

Maksat ESENOW.
9 лайков 204 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
27 сен 2022, 23:32
Mistiki-fantastiki trillerden we komediya, satira-yumordan başga-da Massimus agamyzyň goşgulary-da öwgilere mynasyp :)
Aksary
28 сен 2022, 21:47
Şu awtoryñ ykjam setiri bolmaly bilýän bolsañyz.

Umman gözleriñde Titanik ýaly