*****
Ir bilen turdy. Täret edindi,namazyny okady. Oňa çenli aýaly ertirlik taýýarlapdy. Olar, är-aýal ikisi ertirlik edinmäge başladylar,çagalar bolsa entägem ýatyrdylar. Ol gürrüňe başlady:
"Kempir diýýänä, gurçugam sag-aman tabşyrsak,bugdaýlary orup tabşyrsak,mallaňňam oňa çenli bakysy ýeter, şoň üçin körpämiziň sähedini menä gurbanlykdan öň alaýjak".
Ol körpe ogluna-da guda bolup goýupdy. Bu geljek gelin onuň dördünji, körpe gelni bolmalydy. Hemme zat ýerbe-ýerdi.
- Seň aýdan wagtyňa ýetişip bilsek bolýala. Gyzlarama gyssaýar, "haçan edýäňiz toýy" diýip (onuň iki gyzy bardy,ikisem durmuşa çykypdy). Nesip edenden körpämiň toýuny uludan tutaryn. Iň soňkyja aladamyz şu toý ahyry Aksakal - diýip aýaly hem özüniň körpe gelnini tizräk törüne geçiresi gelýändigni oňa duýdurdy.
-Menem howa salkynka irräkden tut orup getireýin,agşamky getirenim dynandyr eýýäm. Oglanlaram turuz, işlerine gijä galmasynlar.
Şondan soň aýaly özüniň uly ogluny turuzmaga gitdi. Bu wagta çenli gelinlerem öýüň işlerini birýüzli edip golaýlapdylar. (Uly gelni we üçünji gelni ol adamyň elindedi. Ikinji ogly göçüpdi. Uly oglunyňam jaýy taýýardy. Gelin geldigi göçäýmeli). Oglanlar turdylar,iýip-içdiler we hersi öz işine gitdi. Ol bolsa eline oragyny alyp körpe oglunada " pylança wagtdan yzymdan bararsyň orulan ýapraklary alyp gaýtmak üçin,oňa çenli mallaryňa seret" diýdi-de özi eline oragyny alyp hemişekije tanyş sokmak bilen ýöräp ugrady... Orulan ýaprak ep-esli boldy. Oňa çenli ogly hem gelip ýetdi. Orulan ýapraklary ulaga ýüklap bolandan soň ol ogluna "sen baryber,meň özüm bararyn pyýadalap,hemem görmeli adamlam bar" diýdi-de ogluny öýüne ugratdy.
Ýol bilen pyýadalap gelýärdi,howa-da şeýle bir gowy, arassa oba howasy. Şol wagtam onuň birden çep tarapy çalaja sançdy,soňra has güýçliräk... we uzyn boýlyrak, süňklek, daýaw adam ýere ýazyldy...
"Kim bilip dur,bir sagatdan giç bolar"
Jaýyň jennetden bolsun agam. Gowy adamdyň,gowulukda-da ýatlanarsyň.
Gelen jaňa ynanyp bilmedim. Gezip ýören adamam ölüp gidiwerjek ekeni. "Bu gün göreniň erte ýok" diýleni boldy. Ölümiň gowysy ýok weli, tarpa-taýyn ölüm iň ýamany. Keselläp duluňda ýatyp ölse az-azdan şol güne taýýarlaýa adam pahyr özüni, ýatan hassadan mähri ganýa,tamasyny üzýä. Ýöne gezip ýören adam ölse weli, iň armanda goýýan zat şol...

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.