Tarapyny tutmak
Käbir çaga kakabaş bolýar. Ol kimdir birine öýkünip ýaramaz işe baş goşýar, ýoldaşlary bilen uruşýar, sögüşýär, betlik edýär. Şeýle ýagdaýda kakasynyň gahary gelip, oňa igenýär, käýeýär, temmi berýär. Şol pursat ejesi: «Çagadyr, azda-kände betlik etmän bolmaz. Akyly ýetse, öz-özi goýar. Onuň üçin ýaş çaganyň göwnüne degmek bolmaz» diýip, oglunyň tarapyny tutýar. Bu meselä başgaça çemeleşýän ata-enelerem bar.
Toýly aga etrap merkezinde işleýän obadaşy Atdanyň öýüne bardy. Oňa näme maksat bilen gelenini aýtdy:
— Şu gün okuwdan soň ogluň Serdar bilen meniň oglum Baýramyň arasynda sene-mene bolupdyr. Soňam ýokary synpda okaýan dogany bilen Baýramy urupdyrlar, ýüz-gözüni göm-gök edipdirler, köýnegini ýyrtypdyrlar. Ogluma: «Maňa iki bükülip salam ber» diýipdirler. «Menem bermedim. Şonuň üçinem urdular» diýýär. Oglanlaryň bilen gürleşip, ýagdaýy anyklamaga geldim.
Serdaryň kakasy ör-gökden geldi. Dessine iki ogluny çagyrdy-da:
— Hany, näme bolanyny aýdyp beriň — diýdi. Oglanlar gözlerini elek-çelek edişip, biri-birleriniň ýüzüne syrly bakyşdylar. Ilki Serdar ellerini hereketlendirip, özüni aklamaga çalyşdy:
— Başda Baýramyň özi başlady. Soň Merdan ikimizem urduk.
Kakasy dogumlandy-da, oglunyň sözüni alyp göterdi:
— Dogry edipsiň, ilki özi başlan bolsa hakyňyzy gidirmäň. Gaýdyp ýüzüňize seretmez ýaly ediň. Iliň çagasyndan urlup öýe gelmäň! Menden nesihat size.
Soň hem «Nätdim» diýen manyda petekesini gaýşardyp, ajy ýylgyrdy-da, Toýly aganyň ýüzüne çiňerildi.
— Ine, meniň ogullaryma sargydym…
Kakasyndan şeýle meçew alan çagadan bolsa, ýagşylykdan başga zada garaşybermeli.
Çaga bezzatlyk edende hossarlarynyň haýsydyr biriniň onuň tarapyny tutmagy terbiýeçilik işinde oňat netije bermez, sebäbi çaga özüniň eden nädogry hereketi üçin kimdir biriniň arkasyny tutjakdygyna we temmi berilmejekdigine göz ýetirse, ol barha meçew alar, her hili ýaramaz işlere baş goşar. Kellesinde: «Men näme etsemem boljak eken» diýen düşünje dörär. Çaga ulalandan soň, bu endiginden saplanmak kyn düşer.
Hiç wagt öýde-de, çagalar bagynda-da, mekdepde-de çaganyň tarapyny tutujy bolmaň! Eden ýaramaz hereketi üçin ony temmisiz goýmaň. Hiç bolmanda duýduryş beriň, eden etmişiniň nädogrudygyny düşündiriň.
Çeşme: Kulyýew Ö., Çaga eziz, edebi ondan hem eziz.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.