BERLEN SÖZ
Foks öz ýurdunda iň uly oratorlaryň – halkyň öňüne çykyp gepleýän suhanwerleriň biri hasaplanýardy. Adamlar onuň sözlerini üns bilen diňlärdiler hem aýratyn ähmiýet bererdiler. Sebäbi onuň ýalan sözlänini ýa-da beren sözüni tutmadyk ýerini gören ýokdy.
Aýdyşlaryna görä, onuň bu häsiýetiniň kemala gelmeginde kiçikä başdan geçiren bir wakasynyň täsiri uly bolupdyr.
Kiçijik Foks gurply maşgalalaryň çagalarynyň gatnaýan hususy mekdebinde ýatymlaýyn okaýardy. Ejesi bilen kakasynyň ýanynda diňe tomus aýlarynda känräk galyp bilýärdi. Onuň kakasynyň töweregi baglyga bürenip oturan bir galasy bardy. Galanyň töweregindäki şol baglygyň içinde-de köne bir köşk…
Ýykan-ýumran bolan bu köne köşgi iki hepdäniň içinde ýykyp, ýerine aňyrrakdan, owadan peýzajly täze bir köşk saljakdylar.
Kiçijik Foksuň, bilesigeliji çagalaryň hemmesinde bolşy ýaly, bu wakany göresi gelýär. Emma geljek hepde okuwlary başlaýardy. Kakasy-da köşgüň ýykylyşyna tomaşa etsin diýip, ogluny iki hepdeläp okuwdan alyp galyp biljek däldi.
Şol sebäpden ata bilen ogul arasynda kiçeňräk dartgynlylyk döredi. Kiçijik Foksuň ejesem oglunyň tarapyny tutansoň, kakasyna söz bermekden başga alaç galmady:
– Sen-ä mekdebiňe gidersiň, menem köşgüň ýumrulmasyny indiki dynç alyşa çenli yza süýşürerin.
Kakasy, ol mekdebine barar-da, bu meseläni unudyp goýberer diýip çak edýärdi. Şol sebäpden, Foks gidenden soň ýykma pylanyny amala aşyrmaga başlady.
Ýöne, ine, indiki dynç alyş günem gelip ýetip, Foks öýüne dolanyp baranda, köşgüň ýerinde ýeller öwüsýändigini gördi-de kakasyna:
– Meni aldadyň! – diýip, gygyrmaga başlady.
Çagajygyň haky bardy.
Kakasy ogluna şeýle diýdi:
– Goýberen hatamy düzetjek!
Hatasyny düzetmegiň ýekeje ýoly bardy. Köne köşgi öňki bolşy ýaly edip täzeden gurdurmak, soňra-da oglunyň gözüniň öňünde ony ýykdyrmak.
Ol adam edil şeýle hem etdi. Ogluna beren sözüni başda tutmadygam bolsa, soňundan ýaňky ýaly edip onuň öwezini doldy. Munuň netijesinde-de, wagtyň geçmegi bilen dogrulyk öz zandyna öwrülen bir ogluň atasy boldy.
Awtor: (H. de Balzak)
Terjime eden: Arsen blogger

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.