"Puluňyz gaçdy, Jenap..."

Kino taryhynyň iň meşhur wäşilerinden Çarli Çaplin söhbetleşdikde başyndan geçiren bir kiçijik wakasyny şeýle gürrüň beripdir: "Heniz kiçijik çagakam kakam bilen sirk tomaşasyny görmäge gitdim. Petek satylýan ýeriň nobaty ep-eslije uzalyp gidýärdi. Öňümizde alty sany çagaly bir maşgala bardy. Pukaradyklary daşlaryndanam görnüp dur. Tomaşa gelenlerine begenmekden ýaňa çagalaryň her dişinde gülki görünýärdi.
Petek satyn almak nobaty olara ýetende, kakalary petegiň nyrhyny sorady. Satyjy oňa petegiň bahasyny aýdanda bolsa, onuň ýüzi boz-ýaz boldy, aýalynyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Onuň utanjyny ýüzünden okamak kyn däldi.
Birdenkä kakam oňa duýdurman ýere 20 dollar oklady-da, öňümizdäki kişiniň egnine kakyp, şeýle diýdi: "Puluňyz gaçdy, Jenap!".
Biygtyýar gözleri begenç ýaşyna dolan ol adam kakama garap, sagbolsun aýtdy. Olar petek alyp, içeri girip gitdiler. Kakam elimden çekip, meni nobatdan çykardy. Biz öýe gaýtmaly bolduk. Sebäbi kakamyň ýanynda hem 20 dollardan artyk puly ýokdy.
Şol günden bäri kakama juda buýsanýaryn. Şol 2 minutlyk pursat meniň durmuşda gören iň gowy tomaşamdy".


11 лайков 154 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
06 фев 2023, 13:37
Şeýle adamlar häzirem barmyka?
Perman Izakow
06 фев 2023, 13:47
Çarli Çaplina sorag beripdirler näme üçin komediýalaryňyzda hiç hilli gürlemeýäňiz diýip.Şonda ol: "dünýä diňe eşidip bilýänlerden ybarat däl"diýipdir.
Perman Izakow
06 фев 2023, 13:47
Beýik şahsyýet.
Nurmuhammet
Автор 06 фев 2023, 14:09
PROLIGA,
Dogry
Abdylla36
06 фев 2023, 16:04
Altyna gaplaymaly, gör nahili, mysallar. Hazirki zamanda şol yagşylygyñ bir prrasentem edilmeyarmika diyyan.Her kişi ozuni oylayar.