Altyn tabagyň syry
Gadym zamanlarda gowulygyň, söýginiň, sylagyň kän, ýalandyr aldawçylygyň bolsa az bolan döwründe ýagşylyklary bilen adygan bir ýaş oglan bar eken. Ol düýşünde näme görse, oýananda hökmän hakykata öwrülermiş.
Günlerde bir gün ol düýşünde bir ses eşidipdir. Sesiň eýesi oňa:
– Oýananyňda, birinji göreniňi iý, ikinji göreniňi gizle, üçünji göreniňi gora, dördünji göreniňe bolsa ber – diýipdir.
Adamlara kömek etmekden lezzet alýan bu oglan oýanyp gözüni açanda, gören düýşüne örän geň galypdyr. Sebäbi ilkinji gören zady ullakan dag eken. Düýşi ýadyna düşüp, «bu dagy nädip iýmelikä» diýip pikirlenipdir. Soňra daga tarap ýöremegi ýüregine düwüpdir. Görse, ýöredigiçe, dag kiçelip barýarmyş. Äpet dag kiçelip-kiçelip, ahyry baldan süýji lukma öwrülipdir. Oglan ony agzyna atypdyr-da, hezil edip iýipdir.
Şeýdip ýöräp barşyna kän wagt geçmän öňünden lagly-göwher bilen bezelen altyn tabak çykypdyr. Ikinji gören zadyny gizlemelidigini ýadyna salan oglan dessine bir çukur gazypdyr. Altyn tabagy hem onuň içine gömüpdir. Ýoluna rowana boljakka seretse, altyn tabak topragyň üstünde güberip durmuş.
– Bu nähili beýle bolýar?! Men bu tabagy ýaňyja gömüpdim-ä – diýip hüňürdenip, çukury çuňaldypdyr-da, altyn tabagy gaýtadan gömüpdir.
«Boldy, indi-hä çykmasa gerek!» diýeni hem şol welin, altyn tabak ýene topragyň daşyna çykypdyr. Päk ýürekli oglan çukury üçünji gezegem gazyp, altyn tabagy has çuňraga gömüpdir. Emma ýene-de onuň edeni bolmandyr. «Men diýleni etdim» diýipdir-de, ýola dowam ediberipdir.
Bir salymdan bir bürgüdiň bir kepderini awlajak bolup, asmanda gaýyp ýörenini görüpdir. Her kim bu oglanyň eden gowulyklaryny çagalaryna gürrüň berermiş. Hatda mör-möjekler, guşlar hem ony tanaýarmyş. Kepderi dil açypdyr:
– Haýyş edýän, meni gizläý! Ýogsam bu zalym bürgüt meni iýmän goýjak däl.
Oglan üçünji gören zadyny goramalydygyny ýatlap, kepderini köýneginiň içine salypdyr. Bürgüt bat bilen gelip, oglanyň gabadyndaky daşa gonup:
– Ol meniň günortanlyk höregimdi. Gizläp kömek edip oňardyň-la welin, indem men aç galmaly boljak – diýipdir.
Birsellem pikirlenensoň, oglan dördünji gören zadyna bermelidigini ýatlapdyr. Emma ýanynda gury çörek owuntyklaryndan başga berere zat ýok eken. Şeýdip, oglan biçäre bürgüde şol iň soňkuja azygyny hem beripdir. Garny doýan bürgüt ganat kakyp, ol ýerden daşlaşypdyr. Muny gören kepderi bukulan ýerinden çykyp, oglana sagbolsun aýdypdyr.
Oglan başyndan geçenleriň täsiri bilen oýa batyp barýarka, äpet çynar agajynyň kölegesinde, ýaşyl otlaryň üstünde aýbogdaşyny gurup, guşlaryň jürküldisini diňläp, naharlanyp oturan nur ýüzli, ak saçly, ak sakgally ýaşulyny görüp, oňa hormat bilen salam beripdir. Ýaşuly oglana tagam hödür edipdir. Nahar iýip otyrkalar, oglan ýaşula başdan geçirenlerini aýdyp beripdir. Nurana ýaşuly onuň gürrüňini soňuna çenli diňläpdir-de, şeýle diýipdir:
– Diňle, oglum! Ilkinji gören ullakan dagyň-a gahardyr. Gaharyň bolsa iň gowy melhemi sabyr bilen kanagatdyr. Gahar näçe artyk bolsa bolubersin, ony sabyr bilen ýeňmek gerek. Gahary gelen adam köşeşmeli-de, ýumşaklyk bilen gaharynyň üstünden basmaly we özüne hötde gelmeli. Eger başarsaň, munuň netijesi şol iýen lukmaň ýaly süýji we tagamly bolar.
Oglan tolgunyp:
– Altyn tabagyň syry nämekä, ýaşuly? – diýip sorapdyr.
Ýaşuly düşündirmäge dowam edipdir:
– Lagly-göwher bilen bezelen, lowurdap duran altyn tabak adamyň eden ýagşylyklarydyr. Eger-de ol her bir ýagşylygy Biribary razy etmek üçin edip, gizläp saklasa, Biribar ony kyn gününde bendesiniň öňünden çykaryp, asla kynçylyk çekdirmez. Berk bellegin, oglum! Iň uly baýlyk edilen ýagşylyklardyr. Ýagşylykdan bolsa diňe ýagşylyk döreýändir.
Nurana ýaşulynyň aýdan sözleri päk ýürekli oglany has hem tolgundyrypdyr.
– Onda men guşlardan näme sapak almalykam? – diýip sorapdyr.
Ýaşuly ýylgyryp düşündirip başlapdyr:
– Kepderiniň ýagdaýy kömek soraýan birine kömek etmegiň, goranmaga mätäç birini goramagyň möhümdigini öwredýär. Bürgüdiň ýagdaýy bolsa özüňe gerek bolup duran zadyňy kynçylyga uçranlar bilen paýlaşmagyň nähili oňat häsiýetdigini görkezýär.
Oglan bu pähimli sözleri üçin ýaşula sagbolsun aýdyp, gaýtmak üçin rugsat sorapdyr.
Ertekimiz hem şu ýerde tamam bolýar.
Heýjanelek, heýjanelek! Asmandan üç sany alma gaçdy: bir alma gahary gelende gaharyny ýeňip bilene, ikinji alma adamlardan hiç zada hantama bolman ýagşylyk edene, üçünji alma bolsa kömege mätäje kömek edene.
Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.