Durmuş (romandan bölek )

Durmuş (romandan bölek)

"Ýazjagyňy ýaz Gerçek,
Ýazjak haçana çenli"

Gör-ä ýagyş birden güýjäp başlady,
Bulut damjalarny ýere taşlady.

Çagba geldi birden ,turdy harasat,
Gara bulut gök ýüzüni garalap.

Adamlar ylgaşýar öýlerne sary,
Tebigat hem göýä dälirän ýaly.

Dagyň eteginde öwsüp dag ýeli,
Iki ýana yrap belent baglary.

Inçesagt injirleri kökünden,
Edenlerne azajygam ökünmän,

Ýolaýjak,ýolaýjak ,ýolaýjak bolýar ,
Ölümine sebäp bolaýjak bolýar .

Hem-ä ýagyş ýagýar,hem-de tupan turýar,
Ýeliň bady barha batlanyp barýar.

Kiçijek obamy tozana gaplap,
Şuwlap barýar toplap bilenni toplap.

Tozanlyga gömdi takyr ýapyny,
Penjiräni kakyp,açýar gapyny.

Köwsarlap-köwsarlap öwüsýär şemal,
Deňizem tolkunlap towusýar şu hal.

Syryp alyp ýeňil ýelpaý zatlary ,
Barha-barha batlanýardy batlary.

Kagyzlar asmanda uçup barýardy,
Olar göýä menden gaçyp barýardy.

Barha galýar şemal gowşamaýar hiç ,
Taşla bar işiňi indi boldy giç.

A men bolsa öýe ylgap bardymda,
Tebigatyň täsinligin gördümde.

Alyp ele kagyz bilen galamy,
Ine eser ýazyp bilseň ýaz ony.

Serçejikler öýlerine howlugýar,
A men bolsa goşgy ýazýan howlukman.

Goşgy ýazýan penjiräniň öňünde ,
Hiç bir pursat geçmeýärdi deňimden.

Durlaýar nepesi , ýagyşyň ysy,
Artdyryp höwesi,şemaly sesi.

Çagalyk ýyllarmy ýadyma salýar,
Ýene söýgülüm göresim gelýär.

Ondan soňra galan taşladym,
Ine şu eseri ýazyp başladym.

* * *

Roman

"Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber."

("Setirlerim"-den)

Ine-de romany ýazyp başladym,
Azajygam bolsa göwün hoşladym.

Sabyr,sabyr ,sabyr ýene-de sabyr,
Sabyr bilen ýazsam ajaýyp şygyr.

Men şeýle bir roman ýazasym gelýär,
Artykmaç sözleri bozasym gelýär.

Hakykaty beýan edip her zaman,
Ýazsadym iň uly , iň gowy roman.

Aýtsam bu kitabyň aýratynlygyn,
Olary aýtmagyň şeýle kynlygyn.

Munda diňe hakykatlar jemlenen,
Ýagty Güneş haçana çen gizlener?

Aslynda gizlejek bolýanlar ony,
Tersine paş edýär gizlemän göni.

Sebäbi Güneşi gizläp bolýarmy?
Elmydama ýalan sözläp bolýarmy ?

Bu kitapda hakyky durmuşymda,
Huşumda,düýşümde hem-de işimde.

Bolan wakalary beýan etdim men ,
Birinem gizlemän aýan etdim men .

Enşalla ýene-de beýan ederin,
Aýdyň hakykaty aýan ederin.

Sorasaň "Kitaby ýazdyň sen nüçin?"
Ýazdym hakykaty söýýänler üçin .

Uly baýlyk bolar bilseler okap,
Bolan wakalardan jemlenen kitap.

Onda ilki romanyň başyny,
Göklere göterip göwün guşumy,

Iň gözel , iň hezil ýyllarmy ýatlap,
Arasynda juwan kalbymy otlap,

Çagalyk ýyllardan başdan başlajak ,
Çagalygmy ýatlap göwün hoşlajak.

* * *

(dowamy bar)

(02.04.2023)

Gerçeknazar Amannazarow.
0 лайков 65 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.