Şahyrçylyga ilkinji synanyşyk ýa-da Gödekowyň içki partlamasy))

Sögüň dostlar, sögmek üçin gelinýä,
Heý, sögmeseň neneňsi bor bu dünýä?!
Ýykylmasa daga bäsdeş göwünler,
Adam niçik atar şeýtana günä?!..

Oýlanyp gör içilmese araklar,
Döwülmese kellelerde çüýşeler:
"Hajy" agaň "suw çykarmaz jykyry"
Tans oýnamaz giçki toýda üýşmeleň.

Göz ýaş bolmaz hemem gökje yz galmaz,
Täze gelniň gülüp duran gözünde.
"Sen erkeksiň kimmişin ol gelmişek?"
"Içme" diýse ýaplap goýber dözümli...

Ataňdyrda sandan galan garrydyr,
Halap barmaz bitirseň bir ýumuşy.
Otuzuňdan agdyň, özüňem kaka,
Ol entegem öwredip ýör durmuşy.

Özüňem-ä şoň bilýänin bilýänsiň,
Belkem ondan bilýänsiňem has artyk.
Sen ulaldyň, adam bolduň, çaga däl
Baý, ýaňrasy çykypdyr muň ýaş artyp...

"Ejjeň..." diýip sögse sähnäniň biri,
Kem galaýma, eşdip durma ajysyn.
Tire-taýpa, babasyny, mamasyn,
Senem hyrla goşup eje, bajysyn.

Ýarty kerpiç gondur edil maňlaýna,
Sylamazlar sylatmasaň zor bilen.
Şeýle ýerde "goradygyň" ýeterlik,
Öýde bolsa eňrediber "bor" bilen...

Özi guýruk bulaýandyr onuňam,
"Asly azgyn, sende günä ýok hijem".
"Erkeklikdir, pygamberden gaýdýandyr",
Iki däl, başarsaň üçünjä tijen.

Sünnetden, kitapdan, aýat, süreden,
Nepiňe çapýany diňe şu borly.
Hemme edýä, kem galaýma hemmeden,
Her süňňüňe biri "gadymlaň borjy".

Wezipäň bar peýdalanyp gal şumat,
Özleri berýärler gaýtaryp nätjek?
Ýeke dälsiň kän seniň deý "penjekler",
Bolaýma ynsap diýp baýlykdan ätjek...

Gerek bolsa satyp goýber dostuňy,
Aklygyna doýsa garnyň bir günlük.
Sen däl, gardaş, dünýe owaldan şeýle,
Başlygyň söýüner "akytsaň kündük"...

Çagalarňa mähir bermek ne derkar,
Ýeňsesine kakda, çilime ýolla.
Nesip ýene on ýyldan, ol, är çykar,
Onsaň olam seni öýünden ýollar...

Garaz şeýdip aýlanar durar, ykbal,
Ynsan,
ynsanyň nesli.
Belkem çalynmaz sur, kyýamat gelmez...
Ynsap wägirmese entekler sesli...

6.04.2023ý. 
Edepli Gödekow. (Şahyr Gödekow)
9 лайков 309 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
06 апр 2023, 11:31
Super bolupdyr. Berekella, jigim. Meñ-ä gaty bek göwnüm ýetdi. Ýekeje tankytjyk: Iñ soñky bendiñ bogunlary nädürsiräk. Göz aýlasañ düzeler. Üstünlik! Dowam!
Edepli Gödek
Автор 06 апр 2023, 12:35
Mümkin,
Sagboluň. Aý, ýöne bir ýazaýdymda kän bir ünslem ýazylan däldir aslynda bu) hökman göz aýlaryn sagboluň minnetdar.
Nazar
06 апр 2023, 14:18
Aydayoziň bolupdyr
Aksary
06 апр 2023, 17:40
Erweday sen
Massimus
06 апр 2023, 19:04
Gerek bolsa satyp goýber dostuňy,
Aklygyna doýsa garnyň bir günlük.
Sen däl, gardaş, dünýe owaldan şeýle,
Başlygyň söýüner "akytsaň kündük"...

Daşşş bolupdyr!
Gerceknazar
06 апр 2023, 22:53
Menem ýazyp bilýän olar ýaly goşgy .

Ömrümizden on ýyl kemeler ýaly,
Arak içiň, çilim çekiň adamlar .
Garrap näme etjek ir öler ýaly ,
Arak içiň, çilim çekiň adamlar .

Ýöne ýanyňyzdan aýyrmaň nasam,
Nas atsaň keýpiňe keýp goşýar hasam ,
Agzyňdan gelmesin düzüwli ysam,
Arak içiň, çilim çekiň adamlar .

Çilimiň bar wagty Hudaý ýalysyň,
Ýok wagty serdezdan gedaý ýalysyň,
Azarlap tapmasaň göýä dälisiň,
Arak içiň,çilim çekiň adamlar .

Bu keýipler saglygňada zyýanly,
Maşgalaňa , begligňede zyýanly ,
Heýde munuň berje peýdasy barmy?
Arak içiň , çilim çekiň adamlar .

(23.02.2023)

@Goşgyçy Ýazyjyýew

Şu goşgyny nädip internede goýjagymy bilemokdym. Laýyk ýeri bolaýdy.
Edepli Gödek
Автор 07 апр 2023, 00:39
Gerceknazar,
Agam salawmeleýkim ýagşymy hal-taplar? Beýle ajaýyp goşgularyňyzydagy aýratyn bir mowzuk edip açaýmalyda. Ýöne bara buýsanýanam meň açan mowzugumda seň goşgyň paýlaşylandygyndan. Gara der çynym bilen aýdýandyryn. Ýöne men bu goşga meňzeş zady sizem şular ýaly edip düzüp, şunýalak edip ýazyp bilýäňizmow başarsaňyz ýazyň hany sizem şeýleräk edip diýip açmandymlaý agam...
Edepli Gödek
Автор 07 апр 2023, 00:40
Ýöne bir ýazaýdymda işsizligiň etdirýän oýunlaryda bulam)Gerceknazar,
Edepli Gödek
Автор 07 апр 2023, 00:43
Gerceknazar, elbetde sizem ýazyp bilýäňiz şahyr Gödekowy ters oturtdyňyz ýöne şoňa begenýän böwregim bilen. Ýaman kän özüne göwni ýetip bolmajasyny bolýan şahyrsumaklardan şu Gödegem
Gerceknazar
07 апр 2023, 01:27
_Bayat,
Salam . Hudaýa şükür gowy menem . Aý menem dile geldi bile geldi diýip kopýalap göýberdimdä inim. Olar ýaly zatlary başga goşgylarda-da edýändirin ,diňe siziňkide däl. Ýöne meniň ýazanym, seniň ýazanyň ýanynda pesdigi görünip dur-a.
Mümkin
07 апр 2023, 05:09
"Hajy" agaň "suw çykarmaz jykyry"
Tans oýnamaz giçki toýda üýşmeleň.

Şu iki setirde aýdylýan zada düşünmedim. Birem "Atañdyr-da" sözünde defis goýup ýazmaly. "Ýeñsesine kak-da" sözünde-de şeýle.

Şeýle ýerde "goradygyň" ýeterlik,
Öýde bolsa eňrediber "bor" bilen...

Bärde "goralýan zat" diýip namys göz öñünde tutulýan ýaly. Ýöne sözlemiñ içinde namys sözi agzalmasa okyjy "Nämekä ol goralýan?" diýmegi ahmal.

Ikilenç okamda ýek-tük gözüme ilen säwlijekler. Ýöne olaram goşgyñ añrybaşylygyny bozup bilmändir.
Gauzen
07 апр 2023, 05:36
Mbäh. Akgynlyja we manylyja. Tüweleme
Edepli Gödek
Автор 07 апр 2023, 06:46
Mümkin,
"Hajy" agaň "suw çykarmaz jykyry"
Siz hiç duş gelmediňizmi işan-mollalaryň (hemmesi däl-de barda arasynda) açyp goýan hususy dükanlarynda, marketlerinde "geçginli" içgileri satýanyna? (dogry olaryň özleri dükanda durup satanoklar ýöne dükan şolaň adyna bolsa şolaň satdygy bolýan bolmalyda Edepliň gözünde?) elbetde bu ýerde düşündirip bilmändigi üçin bi Gödekowyň öz aýby))
Tans oýnamaz giçki toýda üýşmeleň ýaşlar bagtly bolsun diýip çaknyşdyrlan käselerden soň toýda orta çykylyp adamlar çaknyşyp hiç bir ýerde hat-da tiktokda, ýu tubda, insta-imod-da hiç wagt görlüp bilinmejek üýtgeşik tanslary oýnaýalar)) olar ýerde-de ýüzüp oýnaýalar gerek bolsa suwsuz ýüzmegi başarýalar özlerem)) bu ýerde-de bulary düşündirip bilmändir elbetde Gödekow))

Ikinji saparam okap edip beren tankytlaryňyza, gözden sypmalary, ýalňyşlyklary görkezeniňiz üçin sagboluň minnetdar. Näme ýazypdyraý bu sallançakdan agan şundanam bir zat bolarmy diýip käýinip geçmäň deregine okap teswir ýazyp tankyt edip kemçilikleri aýdyp berseňiz indikilerde-de hasam minnetdar bolaryn)
Гость
07 апр 2023, 07:45
Mümkin
Super bolupdyr. Berekella, jigim. Meñ-ä gaty bek göwnüm ýetdi. Ýekeje tankytjyk: Iñ soñky bendiñ bogunlary nädürsiräk. Göz aýlasañ düzeler. Üstünlik! Dowam!

Belki aga, "jigim" diýdiň weli, sendenem kiçimi bu?

Aý tüweleme, gowy çykypdyr. Araky "repiňem" halapdym )
kesirkelle
08 май 2023, 12:14
Gowy? işsiz wagtyñ şeýle oýunjyklar edip bilyan bolsañ, koprak işsiz bol :) hajyagaly ýeriñe düşindimem, ikiellap golladymam. (Hajyagalarma okap beraysemmikam. Itden çykararlar???)
Edepli Gödek
Автор 12 май 2023, 03:24
kesirkelle,
Sagboluň. Boldugyndan işsiz boljak bolýan öz-ä))