Ýalňyzlyk dessany

Daglarda birje jeren,
Ýekelikden aglaýar.
Ýalňyz men diýp özüni,
Goşgy bilen çaglaýar.

Gaýgyň uzak ýoluny,
Owaz bilen baglaýar.
Aýralyk gussasyny,
Tagma-tagma baglaýar.

Şonça yollar tapsa-da -
- gam ýanyndan gitmedi.

Ondan soň pikre batyp,
Ýol ýöräp gitsem diýdi.
Hoş günlere duş bolup,
Messana gezsem diýdi.

Her ne görsem ýa gursam,
Dessana düzsem diýdi.
Ýolum bogup düwün düşse,
Durmany çözsem diýdi.

Şonça göwün hoşlasa,
Dam ýanyndan gitmedi.

Bir gün jeren ýanyna,
Bir dost gelip ýetişdi.
Gamgyn ýüzüni görüp,
Ýardam bolup sataşdy.

Gam ýüküni ýazdyr diýip,
Goşgusyna gatyşdy.
Görüp diýdi gam-duman,
Nähili başyňa düşdi.

Şonça ol sorasa-da,
Dem ýanyndan gitmedi.

Diýdi jeren dostuna,
Aşykdym men çyn bile.
Ýar ýoluna garaşyp,
Ertir säher gün bile.

Bag içinde Tahyr dek,
Bazy gurdum oň bile.
Mejnun kibi çöllerde,
Aglap galdym gum bile.

Şonça söýüp gezsemde,
Jem ýanymdan gitmedi.

Duşman ýüzi garadyr,
Üýşdiler dola- dola.
Güripmiş men bilmedim,
Ýüzüme güle-güle.

Aýyrdylar ýarymdan,
Gözýaşym syla-syla.
Olar maňa hyşdandy,
Kalbynda ýüz müň hile.

Şonça ýanyp köýsem-de,
Şum ýanymdan gitmedi.

Humaý diýr, ýalňyz jeren,
Aglady ýar zulmundan.
Jebri-jepada galyp,
Şikat etdi jürmündan.

Görsem görmesem diýip,
Sözledi öz ölmünden.
Dosty eşidip bu hala,
Haýran galdy görmünden.

Şonça solup galsa-da,
güm ýanyndan gitmedi.

HUMAÝ
Türkmensähra-Eýran


Çeşmesi: https://turkmenkultur.com/menu/ml/t9/humay1.html. 07.03.2023ý.
2 лайков 117 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Owrenyan
Автор 08 апр 2023, 08:52
Bu goşgyň alnan çeşmesinde Türkmensähraly bu şahyra-hanymyň doly ady ýok ekeni. "Humaý" hem çakym-çak bolsa tahallusy (edebi lakamy, psewdonimi) bolaýmasa.
Ýöne gaty haýykdyryjy goşgy ekeni.

"Nowha" (Agyly derdinme görnüşindäki aýdym. Mysal: Aşyk bolan jandan umydyn üzer, Gijeler dynmaýyn nowhalar düzer (“Şasenem – Garyp”).) diýseňem boljak.