NOHURLY MEN

NOHURLY MEN

Zülkarnaýyn döwrün gören,
Dünýan niçe howrun gören,
Dädem Gorkut bilen yoren,
Oguz hanly nohurly men.

Gylyjyna gylyç degen,
Tapman sere boýun egen,
Kowmun bary dayy-yegen,
Ganybire mahirli men.

Çynary dey belent başy,
Daglarynda göwün hoşy,
Dag basynda bürgüt guşy,
Bürgüt ganat nohurly men.

Oynatmajak bolsañ özüñ,
Dürsmüdir sözlan sözün?!
Ýel çalmanka yiter yzyñ,
Biweç işe gaharly men.

Gapym acyk ertir-u - sam,
Desterhanda rysgally jam,
Duzun dadan bolmazmyş ham,
Kalby mydam baharly men.

Saña ok-yay guralmasyn,
Zensiz bugday orulmasyn,
Sensiz boynum burulmasyn,
Gadymyetden taryhly men.

Bir elinde dagy bardyr,
Bir elinde bagy bardyr,
Mydama keypi caglydyr,
Nohurystan şahyry men.

Allaýar Çüriýew
2 лайков 370 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jeksparro
09 апр 2023, 23:53
Nohurystan diýen bolmak näme gerekgä! Nohur şäherini ýurt ýaly soňuna ''Ystan'' diýip haçandan bäri aýdylyp başladyka goşgy şygarlarda! Ýa aýratyn ýurt tutunmaklygy şygar üsti bilen ýetirmekmikä? Awtonom Garaşsyz ýurdam boluň, bolaýjak!
#B.S
10 апр 2023, 00:34
Jekwarabey,
Özüň aýtmadyňmy? Her bir milletiň awtonomam bolsa bir ýurdy bolany gowy diýip ??
Jeksparro
10 апр 2023, 07:59
Khanture
Jekwarabey,
Özüň aýtmadyňmy? Her bir milletiň awtonomam bolsa bir ýurdy bolany gowy diýip ??


Men ol sözi Hytaýlylaryň elindäki Uýgur doganlarymyz üçin aýdýardym... Onsoňam Nohur bir millet däl-de Türkmen tiresi ýa taýpasy diýip bolar... Emma Millet bolmak üçin ýüzlerçe tire-taýpalar agzybir bolmaly agyz birikdirmeli bolaýmasa...
Jeksparro
10 апр 2023, 07:59
Khanture,
Men ol sözi Hytaýlylaryň elindäki Uýgur doganlarymyz üçin aýdýardym... Onsoňam Nohur bir millet däl-de Türkmen tiresi ýa taýpasy diýip bolar... Emma Millet bolmak üçin ýüzlerçe tire-taýpalar agzybir bolmaly agyz birikdirmeli bolaýmasa...
#B.S
10 апр 2023, 08:31
Jekwarabey,
Dogry