Bürgüt hasaby.

BÜRGÜT HASABY

Gulak goýup söhbedine asmanyň,
Zeminden agtarýan onuň ýorgudyn.
...Gargamyşyn diňe
milt edip bilýän
Gonaýmaga arkasyna bürgüdiň.

Bürgüt bürgüt bolýar —
parhsyz-perwaýsyz
Uçar bararmyşyn — ýoluna rowan.
Ýokary galdykça, agralýar asman,
Ýokary galdykça, azalýar howa.

Belentlikden belentlige bat alyp,
Ýaýýar ganatyny erkin, arkaýyn.
Şol barşyna asla aňmaýarmyşam
Gargaň kelemenläp aşak gaýdanyn...

...Müň synagly durmuş, müň ýolly dünýä
Aýlanyp dur pynhan syryň üstünde.
Sen belent uç, göwnüm, belent uç, göwnüm,
Ýolda duşan ýolda galar.
Ýüksünme!

Kakamyrat REJEBOW.

"Nesil" gazeti.
2 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Döwlet Şöhradow
16 сен 2022, 06:25
Bürgütler ýeke uçar, gargalar sürüleri bilen.