Watan hakda goşgular

Meniň mähribanym hakda - I

Ol şeýle owadan, ol şeýle eziz,
Ol meň üçin iň mähriban dünýäde.
Men oň bilen birligimi duýupdym,
Heniz çaga ýüregimi diňlämde.

Ulaldygymsaýy ýakynym saýyp,
Ony hemmelerden tutdum ileri.
Ol meniň ýüregim, ömrüm, ykbalym,
Ol meniň ýanymda özüm bilelim.

Ol hemişe saýlanyp dur hemmeden,
Diýeni diňlenýän sözi rowandyr.
Oň seri dumanly, sesi dogumly,
Gadamy merdemsi, özi juwandyr.

Gözleriňi sowup bolmaz gözeldir,
Gözüň doýmaz, ezilse, ol ýagyşa.
Onda doga keramat bar ezelden,
Toba geler oň öňünde ýalňyşan.

Göwni ýaly giňdir, onuň gujagam,
Goýny göýä behişt ýaly sapadyr.
Ol beýikdir, söýgi ýaly beýikdir,
Oňa özüň kuwwat bergil, ýa, Kadyr!

Ol döwletli, deprenmez baý, ol güýçli,
Ruhy belent, emma Gün deý pespäldir.
Ol jomart, ol sahy, tükenmez nurly,
Ol hiç kesden öz mährini kesmändir.

Oňa meňem baglanypdyr ýüregim,
Badaşypdyr, oň bagryna bagrymam.
Ol gündizler gerip maňa gujagyn,
Gijelerne basýar meni bagryna.

Oýalykda ol ömrümiň manysy,
Uka batsam, bezegi ol düýşlermiň.
Onsuz dünýe ýatan boşluk— manysyz.
Goý, ol barha, barha, barha güýçlensin!

Ol säherler oýarşy deý pyşyrdap,
Pyşyrdap ukladar iňrik düşenden.
Bendi bolup bagt tapan bir guş men,
Onuň goýny — meniň dogduk düşelgäm.

Söýýär meni aýasynda apalap,
Ah, söýülmek — bu hakyky keýp, ine!
Kalby rahat, demin alýar asuda,
Menem ony söýüp ýörün keýpine.

Maňa bagt bagş edýär barlygy,
Menem oňa sowgat edýän ýylgyryş.
Ol hemişe bütin dünýäň dilinde,
Sizem ony tanaýaňyz, Siz — tanyş!

Ol — damarda ganym, ol meniň janym!
Ol — meniň buýsanjym, şöhratym-şanym!
Ol — meniň mährine mährim gatanym —
Ol — meniň Watanym! Türkmenistanym!

18-19.11.2004ý.

Meniň mähribanym hakda - II

Iň gowy aýdymlaň aýdylýan ýeri,
Ösýän ýeri iň owadan bägülleň.
Merjene öwrülýär adamyň deri,
Bu ýerde mukama öwrülýär, gülseň.

Bu ýerde çeşmeler bilen gürleşip,
Daglar bilen seýran edip ýörmeli.
Bu ýerliniň iň ýönekeý pişesi —
Kebelekden başa jyga örmegi.

Bu ýeriniň ýolunmaýar güllerem,
Suwlarna-da atylmaýar ýeke daş.
Guşlarna-da atylmaýar ýeke daş.
Hatda ýaman niýetliniň gülberem,
Öwrülýär gülberne aşyky-nakgaş.

Topragynyň dartyş güýjün duýarsyň,
Ezizligi ýesir edýär bakany.
Asmanyna seredersiň, diýersiň:
«Dünýäň ähli guşlarynyň watany!»

Şükür, indi saýry gelse daşyndan,
Bu topragy watan saýýar, yşk galýar.
Ol nä?! Her ýyl daglarynyň başynda,
Gidibilmän, bir bölejik gyş galýar.

Şeýle gözel, asmanynda howala,
Zemininde howalasy pesi bar.
Gündizinde gumrularyň owazy,
Gijesinde posalaryň sesi bar.

Bu ýer — ýaz deý ýyly ýürekleň ýurdy.
Ýurdy — iň owadan ýylgyryşlaryň.
Baş şygary bolsa: «Bar zadyň muzdy —
Pul däl, alkyş alyň, ýylgyryş alyň!»

Ajaýyp ýurt! Güller açýar sünjeni.
Bu — yhlasy Adam ataň hem Howaň.
Bu ýeriniň iň owadan künjegi —
Meniň ir oýanýan mähriban obam!

14.03.2006ý.

Türkmenistanym...

Eý, Dostum, wahy bermeseň, ahy diňläni neteý?!
Hümmeti sahy bermeseň, bary müňläni neteý?!
Ahyrda hasyl bermeseň, bagy-gülläni neteý?!
Ustadyň dagyn bermeseň, sözde sünnäni neteý?!
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Aýdaly, Zemin — ýüregiň, töründe men barmyşam-da,
Bar, on sekiz müň perişdäň, kyrk çiltenleň ýarmyşam-da,
Älemiň älemi goşan älemgoşar ýazmyşam-da,
Bu görýän ýüz-müň gudratmyz, heniz bu-da azmyşam-da,
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Şükür, üşk, akyl-huş, ýat, arzuw-umyt, hyýal berdiň,
Şükür, guşuňkydan zyýat, saýrar ýaly zyban berdiň,
Şükür, enem-atam ýaly il-günüm mähriban berdiň,
Şükür, ilimiň özünden özüne baş — Serdar berdiň,
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Ýaşyl Baýdagym mysaly buýsanjyndan parlar bolup,
Ýer ýüzünde meň Watanym dursun mydama bar bolup,
Dostum, hemişekiň ýaly, gora sen, Biribar bolup,
Garaşsyz, baky Bitarap hem baky Berkarar bolup.
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Ýurduň bu gün gül açmasy, ýalkaw-keremmi sendäki?!
Derýa-deňiz, sil deý tereň, ylhamu-nuruň mendäki,
Bu ile gurbana taýyn, mübärek demiň tendäki,
Dünýe — gözel, Durmuş — datly, Jan diýen şirin, emmaki...
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

Arzuwym hasyl bolmasa, Dostum, haçan ölemde nä?!
Aşygym alçy gopmasa, Dostum, haçan sülemde nä?!
Günümde many bolmasa, aglamda nä, gülemde na?!
Il-günüm algyr bolmasa, özüm Laçyn bolamda nä?!
Türkmenistanym bolmasa, ah, pany dünýäni neteý?!

25.01. — 09.02.2008ý.

Türkmençe söz
(Daşary ýurda bilim almaga ugraýan türkmen ýigdiniň dilinden)

Gelerin, Türkmenim!
Munuň üçin saňa borçly ahyr men.
Äht etmäýin ahyr men.
Nirede bolsam-da, ne hal bolsam-da,
Gelerin men hökman!
Ogul ojagyna dolanmaly ahyr.

Oguz, Gorkut bolup, Görogly bolup,
Magtymguly bolup, Eziz ogly bolup,
Nobatguly bolup aýlanyp ýören
Dilleňde hoş söz bar,
Guş dilli türkmenim,
Gelerin hökman!

Gelerin men pasyrdadyp Baýdagym,
Çünki meni Ene toprak çeker ki.
Atam-babam bolup, Il-günüm, eýsem,
Meni özüne,
Gije-gündiz meni özüne çeken kim?!

Maňa:«Oglum, gyzym, balam» diýen kim?!
«Bölüneni böri dalar» diýen kim?!
«Türkmenistan — seniň galaň» diýen kim?!
Gelerin, Türkmenim!

Görmek isläp bedewleriň çapyşyn,
Jeýhun, Tejen, Murgap derýaň akyşyn,
Oguz atam, Gorkut dädem haky üçin,
Nirde bolsam, gelerin men, Türkmenim!

Seniň çekýän ganyň küýsäp,
Sowulmajak şanyň küýsäp,
Mele suwuň, mele gumuň,
Mele myssyk nanyň küýsäp,
Gelerin, Türkmenim!

Atalaryň öwdün küýsäp,
Eneleriň hüwdün küýsäp,
Küýsäp, seniň aýdymlaryň-dessanyň,
Belendini-pessaýyn,
Sagatsaýyn, sekundsaýyn, sessaýyn,
Saňa ýakyn, barha ýakyn,
Gelerin men, Türkmenim.

Gyrmyz donly, ak telpekli ýigitleriň bakyşyn,
Gyrmyz çabyt, ak gupbaly gözelleriň bakyşyn,
Aşyklaryň bir-birini mähir bilen ýakyşyn,
Görmek isläp gelerin men, Türkmenim.

Dagyň-düzüň, ak deňiziň,
Görmek islär gara gözüm.
Ah, meňzime meňzäp duran meňiziň...
Gelerin, Türkmenim!

«Saňa bakyp, seždä goýýan başymy,
Her säher, her şam,
Meniň käbegähim — Türkmenistanym!
Sen bolmadyk bolsaň, göwsünde Dünýäň,
Aýlanmazdy Ýer Şar!...»
diýýärkä, damarda her katra ganym,
diýýärkä, ýüregmiň her bir urgusy,
Her alan demimde barka, şu sözler,
Gelerin, Türkmenim!

02.06.2010ý.

Baş üstüne!

Sen asmanda guş bolup uç!
Uçabilmez,
ganatlary
gyrylan men bolaýyn.
Sen ummanda balyk bolup ýüz!
Ýüzebilmez,
ýüzgüçleri
gyrylan men bolaýyn.

Sen baglarda bilbil bolup saýra!
Ýaýna!
Saýrabilmez,
mahmal sesi
gyrylan men bolaýyn.
Sen daglarda atlar kibi çarpaýa gal!
Serpaýa gal!
Aýlaw görmän, atsyz-zatsyz,
Güýç-gaýratsyz, ýa:lsyz, nalsyz
toýnaklary
gyrylan men bolaýyn.

Goý, munda ýele-göge,
Sowrulan
MEŇ sözüm bolsun!
Sen bossanda gunçalar aç!
Sähralarda, jöwzalarda,
Gowrulan men bolaýyn.

Sen arzylan!
Ornuň bolsun törlerde!
Eremlerden garga kimin,
Kowulan men bolaýyn.

Sen alkyşlan! Alkyş bile,
Gider ykbal göterlerde.
Gargyşlar-u-daşlar bile,
Urulan men bolaýyn.

Ynsaply bol, imanly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
Ylhamly bol, yhlasly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
Zehinli bol, şöhratly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
«Bir nadan hem bir körzehin»
Diýilen men bolaýyn.

«Uç!» diýemde, sen uçmasaň,
«Saýra!» diýsem, saýramasaň,
«Gül aç!» diýsem, gül açmasaň,
«Ýaýna!» diýsem, ýaýnamasaň,
Men neýläýin, men neteýin?!
Bir bigünä bende deýin,
Goý, sen päk bol,
munda-da,
Günäli men bolaýyn,
Günäli men bolaýyn.

2012ý.

Laçyn Pürjäýewa
0 лайков 2 108 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
10 апр 2023, 16:03
16syna dusudygy bar eken Lacyn Purjayewanyn.