Durmus

Bilýärin men,ak kagyz däl durmuşym
Adam- a biz! Munda her kim günäli!
Öwrenmeklik ücin dünýäñ gurluşyn
Ýalñyşyñy düzetmegem günämi?!

Ýaşaýyşa haýsy gözden bakýañyz
Bolduñyz utanman nacara ýagyr
Sebäp gözläp ejiz göwni ýykýañyz
A bu günädenem agyrdyr agyr.

Haýyşym,gözlemäñ hic kesiñ kemin
Hoş söz bilen artygyny öwüñ siz.
Ak pagta deý bolsa durmuşy kimiñ
Gelip göni,meñ garşymda öwünsin!

Men-men diýen ynsan geldi jahana
Gitdilerem..Barmy munda ölümsiz?
Şirin janlar garylmanka topraga
Sözlerimi ýüregñize gömüñ siz.

Degmäñ göwne, ejizleýär ýürekler
Ömür ýüpün işip bor-a düwünsiz.
Janyñ pida etmekligiñ gerek däl
Bir-birege hormat goýuñ!Söýüñ siz!
Awtor.Nurekowa Gülnäz
5 лайков 269 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
16 апр 2023, 16:30
Bolýa )
Gulnaz Nurekowa
Автор 16 апр 2023, 20:02
Гость,
?
Aksary
16 апр 2023, 22:41
Nalynmayda.haýyş edýärin!
şony şeý diýsem diydimem welin ýene ilkinjileñ hatarynda özüm kän nalynýan ekenim

Gömmek sözi ýerlikli ulanylmadyk ýaly. Gömmek gömmekdirdä.ýerleşdirseñ neneñ bor?
Gulnaz Nurekowa
Автор 16 апр 2023, 22:52
Aksary.,
Yerlesdirmek has bärräkden gaytya meñ aytjak bolyan zadymda.gömmek ymykly yurege salyñ.icine kok urup gitsin yaly cuñ manyny goz onume tutdum.yone sizinem dusunjanizi goz onune tutaryn indikide .sag bolun