Durmuş simfoniýasy / satiriki hekaýa
DURMUŞ SIMFONIÝASY
(satiriki hekaýa)
Sapanyň işe başlanyna sähelçe wagt boldy. Ol entek redaksiýanyň işgärleri bileň doly tapşyp hem ýetişenok. Iň bir ysnyşaýjagam şu bölümiň müdiri Oraz Taganow welin, o-da henize bu güne çenli arada diwar saklap gelýär. Özüniň welin ýüregi açyk adamdygy görnüp dur. Sähel ýerde degişjek bolýar, çendan bir ýüze çykýan näsazlyklary ýyly-ýumşak sözler bilen ýuwmarlajak bolýar. Ýaşynyň elliden geçiberendigine garamazdan, çagasy ýaly oglana her sözüniň birinde «dost jan» diýip ýüzlenýär. Sapanyň döredijilik bilen gyzyklanýandygyny hem ol ýaňyja bilip galdy.
— Birinjiňmi? — diýip, müdir çaphanaň ysy gelip duran täzeje gazeti synlap oturşyna sorady.
— Ýok, birinji-hä däl. Okaýarkamam bäş-üç sanysy çykypdy. — Sapa ellerini owkalaşdyrdy. — Ýöne ara
birneme wagt düşdi-dä.
Sapanyň dylmyldap durşundan özüniň hekaýa barada ýagşy-u ýaman bir zatlar diýmelidigini aňan müdir:
— Agşam okap göreýin — diýdi-de, gazeti epläp sumkasyna dykdy.
— Alaýdym welin, özüňde bardyr-la başga.
— Bar, bar.
Ertesi Oraz Taganow Sapanyň hekaýasy barada köp-köp öwgüli sözler aýtdy. Göwnüni götermek üçin has hem öwdi. Ýaş oglan muňa monça boldy. Çaý demläp müdiriň daşynda aýlanyberdi. «Tolgunýanymy daşymdan bildirmeýän bolsamam biridir» diýip, yzly-yzyna üsgürindi, hiç zat ýok ýerden burnuny çekdi, ýüzüni gözüni her hili surata getirip gördi.
Elbetde, Oraz Taganow Sapanyň öňünde kiçi-girim adam däl. Sapa baryp mekdepde okaýarka okuw kitaplarynyň içinde sözbaşydan hem ýokarda Oraz Taganow diýip ýazylan hekaýalar bolardy. «Bir wagtlar şu adam bilen bir jaýda oturyp bile işleşerin» diýip, şonda munuň kellesine bir gelenmidir? Durmuş-da bu. Belki bu adamyň hekaýalary geçilende Sapa bäşlik alandyr. Belki-de ikilik alandyr. Kim bilýär? O zatlar hiç. Esasy zat Sapanyň öz müdirini ýaşlykdan uly ýazyjy hökmünde tanaýanlygynda.
Ine, şol adamam onuň ýazan hekaýasyny öwüp otyr. Dura-bara onuň gürrüňi hekaýadanam sowuldy-da, umumy öwüt-ündewe döndi ötägitdi.
— Ýazýanyň gowy zat inim. Ýaz! Barmaklaryň gabarýança, beýniň içinde syçanlar gybyrdyklaşýança ýaz. Özüňi aýaman işle! Bu ömür bir pursatdyr. Sypdyrsaň soň gaýdyp gelmez. Özem gaty sypjykdyr. Eýläňi, beýläňi bakýançaň ýokdur eýýäm. Ine, menem bir wagtlar özümi diňe ýazyjy bormukam öýderdim.
— Ol Sapanyň demlän çaýyndan içip oturşyna çüňke seredip dymdy. Ikisem dymdy. Bir meýdan içerde diňe jaý sowadýanyň «hüňňüldisi» bilen çaý içýänleriň «şirpildisi» eşidildi. Müdir boşan käsäni bir gaplalda goýdy-da, oturan ýerinde arkan gaýyşdy. Gerinjiredi. Başlan gürrüňine ökünýän ýaly tutuk ses bilen:
— Aý, bolýa-da, dost jan — diýdi. — Düýnki makalany bir gutarjak bolaweri!
Özem ýüzüni ynjyly görnüşde çytyp, bir zatlara güýmenip başlady. Sapanyň welin ondan entek köp zatlary eşidesi gelýärdi. Müdiriň özüni ýazyjy hasap etmeýänini hem ol hut şu wagt onuň öz agzyndan eşitdi. Öňki aýdyşymyz ýaly Sapa üçin Oraz Taganow uly ýazyjy. Ol şu adamyň hekaýalaryny okap mekdebi gutardy ahyry. Dogry, müdir dünýäni endireden döredijilerden däl. Ony Sapa bilip dur. Şeýle-de bolsa respublikada tanalyp ýören adamyň öz-özüne: «Men ýazyjy däl» diýmegi üýtgeşik bir mertlik dälmi? Bu hem bir uly sapak. Sapanyň ýüregi jigläp gitdi. «Ýa men gaty badyhowa görünäýdimmikäm?»
Şol günüň ertesi aýlyk berildi. Işden soň Oraz Taganow gülümjiräp Sapanyň elinden tutdy-da, daşaryk çykardy. Gözlerini güldürdi.
— Işi gutardykmy?
Sapa müdiriň ýüzüne seretmek üçin, minaranyň düýbünde duram dek dik depesine bakmaly boldy. Heniz bular ýaly ýanaşyk durup görmänsoň sussy basyldy. Ýaýdandy.
— Gutardyk.
— Ýarym aýlygam aldykmy?
— Hä, aldyk.
— Ýör onda.
Sapa sesini çykarman ýöräberdi. Onuň goluny welin müdir henizem sypdyranok. «Golumy bir goýbersedi» diýip Sapa töweregini garanjaklady. Bolup baryşlaryny biriniň göräýmeginden çekindi. Şu şonuň iň bir halamaýan zady. Piwohanaň deňine ýetenlerinde müdir Sapanyň elini goýberdi. Uludan demini aldy. Gözüni gypdy.
— Ýürekleri bir sowudaly.
...Buz ýaly piwodan iki kürüşge içýänçäler mesaýy gürrüňler edip «ümmüldeşdiler». Şondan soň Oraz Taganow sen-men ýok, düýnki goýan gürrüňiniň yzyna başlady.
— Howwa inim, menem bir wagtlar tüýs manysyndaky ýazyjy bormukam diýýädim. Bolmady. Ine, görüp dursuň, öýlänim geçip barýar. Ikindi bilen agşamyň aralygynda näme edersiň? Hiç zat. Bary gutardy. Hemmesi durmuş hysyrdylaryna siňdi. Ýigrimbäşdekäm, otuzda ederin entek wagt bar, diýdim. Soň, kyrkda at alýanam az däl-le, diýdim. Kyrk bäşe ýetmänkäm çaga basdy. Eklenç hemme zatdan öňe düşdi. Saçymdan öň süňňüm agardy. Ine, indem Oraz Taganow bir ýükçi eşek. Ýazmak küje, zat küje. Ýazyjy däl, pr-rosto işgär. Redaksiýanyň işgäri. Çykardamda näme üç-dört sany kitap. Ol kitaplar ili-hä däl, meň özümi hem kanagatlandyranok. How-wa-a, men bir indi ýükçi eşek. — Oraz Taganow barmaklaryny büküp başlady. — Öýde un ýokmy? Oraz sen hojalyk başy — tap! Et ýokmy? Tap! Nirden tapsaň şondan tap! Öňürti pul tap, onsoň o zatlary tap. Sekiz sanjak jüýjede agzyny açyşyp oturandyr. Galamyňy taşlap galybirsiň ýerinden.
— Seki-i-z?! — Sapanyň agzy açyldy. Boşan kürüşgeleri şakyrdadyp eline aldy-da, guýdurylýan ýere tarap ýumlukdy. Oraz Taganow oňa:
— E-eý, pul äkit! Me-e! — diýip gygyrdy. Sapa az salymdan kürüşgeleri dolduryp geldi. Oraz Taganow oňa igendi. — Sen entek ýaňy işe başladyň. Piwäni men alaryn.
Sapa utandy:
— Aý, hiç-laý, bu dagy. Kh-he! Alyň! Häk...
— Çagaň bamy inim?
— Bar. — Ol iki barmagyny görkezdi. — Iki sanysy.
Häk...
— Kwartirantmy özüňem?
— Hm-m.
— Ine bir ýagyňam şu jaýsyzlyk bor. Belki bäş ýyl, on ýyl jaýsyz ýaşarsyň. Jaý alamsoň işlärin diýdigiňem işiň gaýdar. Ýaňkyja ikiňem alty-ýedi bor. — Sapa ýenede «häk» etdi-de sag çignine bakyp burnuny ýygyrdy. Müdir dowam etdi. — Howwa, şumatdan gözüňe urlan ýaly işläbermeseň suw gysymlan ýaly bolarsyň. Bu wagytkyja birdir, ikidir hekaýajyk beýleki çykardanňa seretme. Kitap çykardanňa-da seretme. Öňe seret! Öňe tarap dyza! Ýöne eklenç üçin ýazan zadyň soň saňa hossar bolmaz. Şuny berk belle. Kynam bolsa, mümkinçiligiň ýogam bolsa gaýrat et-de tüýs ýürekden işle! Döret! Ine, mende häzir hemme zadam bar. Jaýam bar, içiniň zadam bar. Uluja ogluma maşynam äberdim. Hemme zat bar. Emma men ýok. Oraz Taganow ýok. Utdurdym. Wagtymy utdurdym. ömrümi ogurlatdym. Ine, meniň janymyň ýanýan ýeri. Men muny näme üçin aýdýan? Saňa dirije sapak bolsun diýip aýdýan. Maňa zeýrenjeň diýjek bolýanlaram bar. Nädeýin. Janym durman aýdaýýan. Aýtmasamam bor welin, özüň ýaly hyjuwly oglanlary göremde aýtman durup bilemok. Siz entek durmuşyň ol oýunlaryny göreňizok. Şoň üçinem öňünden duýduryp goýýan. Soň yzyňyza garap bir «ah» çekersiňiz welin, ahyňyzdan ödüňiz ýarylar. Peýdasy bolmaz. Men özümden mysal getirip aýdýan. — Ol gasyk jübüsinden dört eplenen birlik çykardy. Me, inim, ýene dolduryp gel. Al, al! — Sapa sypajaklap gidiberjek boldy welin, Oraz Taganow berkine tutdy. — Gel diýýän bäri! Gel hany, me! — Sapa birligi alyp gybyrdyklap gitdi. Oýa batyp oturan müdir Sapa gelenden silkip başyny galdyrdy.
Daýaw göwresi bilen Sapanyň üstüne abandy.
— Ýüregiňe düşäýdimmi inijik?
Sapa ör-gökden geldi.
— Ýok, ýok! Ba-a... Men-ä gaýtam diňläp hezil etdim.
Häk.
Oraz Taganow gözlerini süzüp, dişinden syzdyrdy:
— Hm-m... Sen hezil etmeli däl, ýanmaly. Ýanmaly bu gürrüňleri diňläp.
Sapa näme diýjegini bilmän buruljyrady. Çepiksije göwresi hasam kiçelen ýaly boldy. Dodagyny ýalap, kürüşgäni agzyna ýetirdi. Sesini çykarmady. Oraz Taganowam bir meýdan ak ýelken ýaly howalanyp duransoň, öňündäki uzyn, tegelek dikdurma stola bileklerini goýdy. Aýaklaryny, göwresini birneme gowşatdy. Şonda ol Sapadan kän bir uly hem görünmedi.
— How-wa-a — diýip, ol ýene-de gözlerini süzüp Sapanyň üstüne abandy. — Sende hyjuw bar. Şoň üçinem men bu zatlary saňa aýdyp durum. Bizdenem çyksyn-a ägirt bir neme... — Ol ýumrugyny düwüp ýokary galdyrdy. Kükregini ýelden dolduryp daraklygyna galdy. O-uwf, etdirip ýelini çykardy. — Çyksyn bir ogul! A siz nätýäňiz? Sähel ýola düşeniňiz aragyň başyna çökäýýäňiz. Şol ýerde hem çüýräp galýaňyz. Çynym meniň. Köpleri görendir bu gözler. Terk et, terk et şu dünýäniň bor-bolgusyz aldawçy keýpi sapalaryny! Içme! Zynhar içme sen şuny! Şundan başga-da saňa päsgel berjek zat az däldir. Jaýym ýok diýdiň. Şeýle dälmi? Bolmazam ýene esli wagtlap. Öýüň welin açyk gapydyr. Gelen bor, giden bor. Olara ýatara ýer tapman bir kösenersiň. Aýlyga ýetmänkäň gelseler harjysyzlyk ýakar. Onda-da bir kösenersiň. Özem bu ýagdaý bir ýa iki bolmaz. Ýakyn-u daş öýüňe gelip: «Men myhman» diýip otursa, «gaýdyberiň» diýibem-ä bilmersiň. Gowuja nahar, bir çüýşejik arajyk, artybir aladaň. Şeýtmeseň obaňa baraňda seniňem olaryň ýanynda ýüzüň bolmaz. Myhman bolsa gelip durandyr. Ownuk zat ýalydyr welin, ikatýok deý ömrüňi ölçäp oturan zatlardyr bu zatlar. Eýläňe-beýläňe owsunyp wagtyň geçenini bilmersiň. Bir seretseň çagalaryň ýetişendir. Şonda bilersiň utulanyňy. Ine, dost men muny öz mysalymdan aýdýan. Sen bir aldawa düşme diýjek bolýan. — Ol ýene-de sermenip oturşyna ýylgyrdy. — Ind-ä aýlyga el uraýmasak öýden getirenjämiz gutarypdyr.
— Men getirin-läý — diýip, öňküdenem beter sesi inçelen Sapa jyňňyldap kürüşgelere elini ýetirdi.
Oraz Taganow oňa bakyp barmagyny çommaltdy:
— Çüş-ş! Gowuja bol! Go-owuja bol! Me! — Ol üçlük uzatdy. Sapanyň: «Mende köpügem-ä bardy» diýenine gulak asman üçlügi eline tutdurdy. — Bar, bar. Köpügiňe kemput al-da, çagalaryňa äkit! Özüňem şu iň soňky içişiň bolsun. Bormy?
Sapa:
— Bo-or — diýip uzynrak edip aýtdy welin, müdir Sapanyň gaýdyp içmejekdigine ynanmaýan terzde başyny ýaýkap ýylgyrdy.
Gürrüň indi has gyzyşdy. Oraz Taganow Sapa gezek bermän gürlese-de, entek-entekler içini egser ýaly däldi.
— Fundament edingin — diýip, ol ýene-de Sapanyň üstüne abandy. — Çilim çekýän dälsiň senem?
— Ýo-o.
— Aý, birini çekäýjekdim. Bolýa-da. Oňaryslaý, Içmesem-ä çekemogam weli... — Müdir ýene bat aldy.
— Fundament edingin. Ýosam alan galaň bolmaz. Şumatdan başlamasaň soň eýgertmez. Sen inim, maňa seret-de, bir sönen ody ýatlap aglaber. Men näme üçin janygyp-janygyp saňa şu zatlary diýýän? Hä? Sebabi meň göwnümde bir zatlar bardy. Başarmadym. Kim günäkär? Ýaňy men saňa durmuşyň ownuk aladalary
günäkär diýdim. Olam o welin, esasy günäkär meniň özüm. Ras, şol kynçylyklardan baş alyp çykyp bilmedimmi, diýmek men günäkär. Aňsat zat gözleseň aňsatlyk bilenem ýitersiň. Howwa, baryna özüm günäkär, Oraz Taganowyň ýoklugy üçin günäkär men! Honha, meň deň-duşlaryma seret! Men bir hatardan galan ner boldum dost jan! Ölen günümiz it ölenden enaýy bolmarys. — Onuň sesi goýaldy, sözler damagyny dyrnap geçdi. — Howwa dost, şeýle bu zatlar. — Ol bir meýdan aşak bakyp durdy. Birdenem başyny silkip göterdi. Nemlenen gezlerini Sapadan gizlemek üçin gabaklaryny goýberip süýji ýylgyrdy. — Ýöne welin men alty ogul bilen iki gyz kemala getirdim. Şunuň özi hem az iş däl-le diýip, käte öz-özümi köşeşdirýän. Göwnüme teselli berýän, ýazylmadyk eserlerimi şolarda görýän. Soňam ýene-de, çagaly-çugaly bolubam-a dünýäň işini edip giden adamlar bar, diýip, öz boýnumdan dolap alýan. Mende arzuw bolandyr-da, talant ýok bolan bolaýmasyn, diýip oýlanýan. Şeýdip ýene bar günäni öz üstüme ýükleýän. Bu hut şeýle dost! Kynçylykdan, keselbentlikden asgyn gelýän talant— talant däldir. Biz özümiz ejiz. Arakhor köpimiz. Aýdýan men şuny! Şuny boýun almajak bolup dürli bahanalara ýüz urýas. Öz-özümizi aldap, köräp duran odumyzy piwe bilen öçürýäs. Hemmesine özümiz günäkär. Men-ä diňe özümi günäleýän. Kynçylyk bar, gaty kän kynçylyk bar. Ýok diýjek däl. Ýaňky diýenlerim dagy ýüzden biridir. Ýöne ýeňmeli. Zynhar sen ýeňginiň şu zatlary. — Oraz Taganow bir gapdala bakyp, sesini ýuwaşatdy. — Seni gowy gördümde aýdaýdym bu zatlary. Jan durmazlykda biziňkem bir. Ýöne häzir bol. Soň giç bor. Gi-iç bor. Adam ogly ham bolma! Pursadyň goldaka haýda! Ömrüň ýele gidensoň ökünçden peýda bolmaz? Gören ýerde geplener ýörersiň, diwana ýaly. Ýa-da bolmasa aýdaly, ine, men ýaly. Çünki ýüregiňde çöküp galan arzuwlaryň bardyr. Il bolsa saňa zeýrenjeň diýer. Iliň ýanynda-da, öz ýanyňda-da müýnli bolmaz ýaly şumatdan atyňy berkje eýerle. Eýerde berk otur. Döwüş et! Ine, inim meňňä saňa sargydym şü. Galannam özüň gör. Sende bir hyjuw gördümde aýdaýaýyn diýdim. Gerejigňi al, gerekmejegini gulagyň duşundan geçirip goýber. Ýöne sende bir uçgunjyg-a bar. Ölmesek göreris. Gaýrat et! Işle! Bizdenem çyksyn-a bir gerçek ogullar. — Ol ýene-de ýumrugyny düwüp ýokary galdyrdy. Müdiriň ýumrugy depesinden inäýjek ýaly, Sapa kürüşgesiniň düýbündäkijesini içip durşuna gözlerini gypyrjyklatdy. Gapdalyna seretdi. «Ýapylypdyr-ow!» diýip gultundy. Çermegini çekip müdiriň ýüzüne bakdy. Dodagyny ýalady. Oraz Taganow: «Besdir indi dost jan, gideli!» — diýdi-de, başdakysy ýaly Sapanyň golundan tutup ýöräp ugrady. Piwohanadan daşlaşansoňlar Sapanyň gulagyna pyşyrdady:
— Alty ogul bilen iki gyz ýetişdiräýmegem aňsat däl ekeni Sapa jan. Hm-m? Dogry gerek? Şonuň özi hem bir ullakan poeziýa dälmi? Bu bir eletmez simfoniýa ahyry. Hä?! — Ol Sapany ogşady. Çalarak hamsykdy. — Ýöne welin, ýürekde arman galsa bildirer durar ekeni. Dogrup bilmän ejir çekýän zenany gördüňmi? Görmedik bolsaň dost, olar dogrup bilmese ýaş üstünden ölýärler. Biz welin dogmazak ogullary garnymyzda göterişip ýörüs. Üstündenem piwo içýäs, arak içýäs. Sen bir arman çekmeli bolma! — Ol Sapanyň goluny dostlukly silkeledi. Zarp bilen gepledi. — Sende hyjuw bar. Sen inim hyjuwly! Şu günden başla! Ertir giç bor. Çynym! — Oraz Taganow töweregine garanjaklady. — Hany bir taksi tutaly.
Müdir bilen Sapanyň ýoly bir däldi. Şonuň üçinem Sapa Oraz Taganowy taksä mündirip hoşlaşdy. Oraz Taganow göýä Sapa bilen ömürlik hoşlaşýan ýaly, taksiniň içine girensoňam oglany çekip alyp ogşady.
— Şu günden başla! — diýip, ýene-de sargady.
Taksi ugrap bäş-on ädim arany açansoň, maşynyň penjiresinden Oraz Taganowyň ullakan kellesi göründi. Ýogyn sesi Sapanyň ýanynda ýaly eşidildi.
— Meňňem simfoniýam kiçi-girim däldir, Sapa-a! Watana ýagşy-ýagşy ogullaram gerek ahyryn! Hä-ä?!
Sapa maşynyň yzyndan seredip gyýylyp galdy. Ertire çenli Oraz Taganowy görmejegine gynandy. Başga bir taksi tutagada müdiriň yzyndan gidesi, onuň bilen uzyn gije gürrüňleşip oturasy geldi. Balagynyň daşyndan jübüsindäki aýlygyny mynçgady. Birdenem onuň gulagyna müdiriň: «Şu günden başla, ertir giç bor!» diýen sözleri eşidildi. «Arakhor köpimiz...» diýen sözi hem gulagynyň düýbünde ary ýaly wazzyldap, gider ýerde gitmedi. Sapa öz-özüne igendi: «Şu wagt goltugyňa arak salyp şoňka baraýsaň: «Bar aýdanym biderek
bolupdyr-ow — diýip, buduna urmazmy?» Şol wagt Oraz Taganowyň adresini hem bilmeýändigi ýadyna düşdi. Köçeden geçdi-de, gül-gülgüzarlygyň arasy bilen öýüne tarap ugrady. Sagadyna seredip ädimini has ýygjamlatdy. Ol bir garry är-heleýiň howlusynyň burçundaky koridorly ýekeje jaýda çagalary bilen kireýine ýaşaýardy. Sagat ondan soň bolsa howla girmek bolanok. Howlugan bolup barşy hem şonuň üçin. Öýe oduk-buduk almagy unudandygy ýadyna düşendenem göwni buz ýaly boldy. Emma indi giç. Ekiz owlakly geçi ýaly ýeňsesini ýaýkyldadyp barşyna: «Bardygym geçen hepde taslap goýan hekaýamy gutaraýyn» diýip, göwün ýüwürtdi.
Işikden atländen törde eplenişip ýatan iki sany gara pyýada gözi düşdi. Zoraýakdan ýylgyrdy. Salam berdi. Myhmanlaryň öňünde ýüzük gizlän ýaly jikgerilip oturşyna iş stoljygyna seredip gultundy. Koridorda güýmenip ýören gelniniň ýanyna bardy-da, burnuna salyp sorady: «Kimler-ä bular?» Ýüzi salyk gelin ilk-ä sesini çykarman egnini gysdy soňam: «Bally kakaňdan adresiňi alyp gaýdypdyrlar öýüdýän, ýaňy şoň adyn-a agzaýardylar. «Sapa beg bäş-üç gün Aşgabada aýlar, biziň-ä bilýän ýerimiz ýokdur» diýibem-ä ýaňzytdylar — diýdi. Hor ýüzüni hasam akjardyp zaryn gepledi. — Men-ä nirde ýatjagymam bilemok. Her gün biriniňkide ýatyp goňşularam irizdim. Kiçiňem uzyn gije gyzdyryp çykýa. Aýlygyňy bir aldyňmy? Hiç zadam-a getirmänsiň. — Gelin ellerini serip hasam ýaýdandy. Men-ä oba gidäýmesem...» Sapa uludan demini aldy. Demli çäýnekleri göterip myhmanlaryň ýanyna geldi. Saçagyň gapdalynda onymuny goýuşdyrdy. Myhmanlar bilen çaý içişip gyşaryp ýatyşyna olar bilen gürleşen bolsa-da, esasan ýazjak hekaýasynyň pikirini etdi. «Belki powest bolar. Roman hökmanmy-aýt! Gep göwrümde däl. Esasan pikiri güýçlendirmeli. Hm-m... Ýogsa-da şu, baş gahryman:
öldüräge-de...» Ol şo ýatyşyna-da irkilip galdy. Gijäniň bir mahaly oýansa, myhmanlaryň hem hersi öz oturan ýerinde gyşarypdyr. Sapa olaryň üstlerine ýorgança taşlady. Koridora çykanda gelniniň iki çagasyny gujaklap, akyr-ukurlaryň arasynda uklap ýatyşyny görüp, oňa nebsi agyrdy. Ýüregi gyýyldy. Başuçlarynda çommalyp oturdy. Sagadyna seretdi. Bäş. «Daňdanky otlam-a geler...» Ol zöwwe ýerinden galdy-da, daş çykdy. «Hojaýyny oýadaýmaýyn» diýen gorky bilen howlynyň içinde usuljakdan o ýan, bu ýan gezmeledi. Haçan beriljegi näbelli janyň pikirini etdi. Işe gelen günleri bir ýoldaşynyň: «Dokuz ýylda jaý aldym» diýeni ýadyna düşüp, öz-özünden hopukdy. Bir üýtgeşiklik döräp, basymrak jaý berilmeginiň arzuwyny etdi. Basym beriljegine ynanasy geldi. Ýuwdundy. Ara daş hem bolsa wokzala gelip duran otlynyň zogy gaty golaýda eşdildi. Sapa öýe girdi. Çagalaryna, aýalyna ýene bir gezek seretdi-de, içki jaýa geçdi. Myhmanlaryň biriniň ýatan ýerinden gozganjyrap: «Otly geläýdi öýdýän, Myşşy agadam-a gelmelidi» diýen sözlerini jogapsyz galdyryp, diwaryň düýbünde gyşardy. Ýene-de gözüniň öňüne koridorda çagalary bilen gysylyşyp ýatan gelin, ýazylmadyk hekaýasy geldi. Ýüregi jigläp gitdi: Şol wagt hem gulagynda Oraz Taganowyň: «Şu gün başla, ertir giç bor!» diýen sargydy ýaňlandy. Beýlesine agdaryldy. Pyşyrdady: «Bu gün-ä bolmady». Bir zat ýadyna düşen ýaly garaňkynyň içinde öz-özi ýylgyrdy. Şol ýylgyryp ýatyşyna hem uklady. Düýşünde giň jaýyň içinde oturyp gowy bir hekaýa ýazdy. Heziller edindi.
1981 ý
Juma HUDAÝGULY

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.