Meni ýok-edip öldürüň.(1-nji bölüm)

Meni ýok-edip öldürüň.(1-nji bölüm)

Asmandan nähilidir bir asteroid gaçdy. Alymlar we döwlet işgärleri wakanyň bolan ýerine bardylar. Ine ot-ýalynýaly berk metaldan bir top. Şu durşuna hiçzadyny ellemän, bu ýalyn-alowly topy getirdiler labaratoriýa. Gizlin ministrler, başlyklar, prezident bahymrak bu topy açyp içinde nämeleriň barlygyny bilmek isleýärdiler. Topyň jaýyny 100%karantin izolýasiýa edip, robotlar bilen aýnanyň aňyrsynda topy açyp başladylar. Bir robot kesýär, beýlekisi gaňyrýar, ýene biri bölekleri aýyrýar. Açyldy ahyry top. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen topuň içine seretdiler. Inede bir fleska. Topda diňe ýekeje bir fleşka çykdy. Täzeden bu otagy analiz edip we dizinfirläp, fleşkäni görmek üçin otaga uly telewizor goýdular, fleşkäni telewizora sokup dörjeläp başladylar. Fleşkada ýekeje wideo-faýl bar. Üsdüne basanlarynda, ekranda bir üýtgeşik astranomiki fonda, gaýmalapýören oglan çykyp gürrüňe başlady.

Oglan uludan demini alyp "Salam" diýip eýlesine-beýlesine garaňjaklady hem ýylgyrdy we sözüni dowam etdi.

"Men Diýar Pirsýanow. Bolýa men başdan başlaýyn we gysgaça. Men 1996-njy ýylyň, 9-njy oktýabyrynda eneden bolupdurun, eger dokumentde ýazylanlar çyn bolsa. Soň birnäçe wagt geçensoň ejem-kakam meni taşlapdyr. Ýetimler öýde ulandym. Ýaňy 18-ýaşyma ýetenimde men ýetimler öýünden gaýdyp firmalaryň birinde ujypsyzja aýlykly işe başladym. Içemokdym, çekemokdym. Bir gün meniň ýanyma bir adam geldi. Ol adam 60 ýaşlarynda bolup, gara kostýum-balakly we gara galstukly, ak-köýnekde, howwa diňe gara-geýinen" diýdide bu oglan biraz pikirlenip gürrüňini dowam etdi.

"Ol adam gelip maňa "Sen gutarmaýan pully baý bolasyňgelýämi!?" diýip sorady. Ýene bir ala-sarmygyň biridirdä, hamala bu dünýede şularýalylar azýaly. Men razylygymy duýdurup kellämi ýaýkadym. Ol adam maňa bir bank kartyny, pasport we başgada köp resminamalary berip "Ine indi bu sen" diýdide öz-ýoly bilen ýöräpgitd. Ilki men haýsydyr bir aferanyň bir oýnawajydyryn öýdüp resminamalary kwartiramda bukupgoýdum, birden polisiýa soraýanda, wah gaty bolupdurun" diýip oglan gözüne ýaş aýlap, gülüp ýene bir-az pikirlenip sözüni dowam etdi.

"Birgün hem pulum gutaryp, hiç çykalgam galmanda "Gelaý karty barlapgöreýin, azajyk alanym bilen basaslary ýok" diýip dükana girdim. Alanym ýekeje çörek, kartda pul bar eken, pul ýetdi. Soň ýene kola, ýene iýer-içere zatlar alyşdyrdym. Hemmesine pul ýetipdur. Içimden "Barybir meňki ýaşaýyşdäl, edenimibir edip galaýyn, soň meni epläp dykaýsynlar" diýip dükandan islänzatlarymy alyp kwartirama geldim. Hezil edip iýdim-içdim ukladym. Ertesi gün işede çykmadym, eklenjim bar ahyry. Bankomada baryp puly barlasam ýopty, hasabymda 9-lyklar gutaranok. Men gorkup, howsala-düşüp, kwartirama ylgap baryp dokumenteleri dörüşdüripbaşladym...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.
2 лайков 179 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
24 апр 2023, 22:25
? gyzykly
IDEALLIDER
Автор 24 апр 2023, 22:28
Khanture, sňuny okasaň watzefusking diýersiň??
#B.S
24 апр 2023, 22:30
IDEALLIDER,
O haýsy dilde??? ?
IDEALLIDER
Автор 24 апр 2023, 22:32
Khanture,
Elbetde türkmençe:D
#B.S
24 апр 2023, 22:32
IDEALLIDER,
???
S❤
24 апр 2023, 23:03
Insonunda sowunc sozun aytmadyk bolsa....



Garaz, gaty gyzykly.