Ol adamdy...
Ol jägildäp dünýä indi. Adaty maşyn bilen öýe geldi. Ol döwürde täze bäbek getirlende maşyn bezemek edähedi ýokdy. Her kim uzak ömür, döwletlilik, bagt diläp ony ýüzüne syldy. At dakylmazyndan owal “birenaýy çagajyk, pişik çaga ýalyjak-da” diýip at dakyp galdylar. Käteler gijelerine, käteler gündizlerine ukusyna gatyşyp, ýatyp bilmän, çyrlap aglady. “Näme bolýarka muňa, ýüregiňi dilip barýar, çyrlap aglaýşyna sered-ä, çekreýän guzy ýaly” diýdiler. Soňra aýlar geçdi, eljagazlary bilen ýeri özüne çekip, öňe süýşmegi öwrendi. Her kim guwanyp, “Süýşenäklep gelşine seret, gurçuk ýalyjak-da” diýdiler. Soňra emedekläp başlady. “Serediň, gaplaňjyk gelýär” diýşip, begenişip synladylar. Soňra durjan-durjan bolup, diwara ýapyşyp, özi dikelmäge başlady. “Tüweleme, ana indi goçak oglan bolupdyr, ýolbars ýaly-da”diýdiler. Soňra dil bitip başlady. Dürli seslere öýkünmegi öwrendi. “Garga ýalyjak bolup, gagyldap otyr-da” diýdiler. Soňra dil bitdi. Sözlükde bar sözlerden eşdenini aýtdy, diňlänini ýaňzytdy. Belki indi soranjaňlygy bilen ýürege düşüp başlandyr-da “Eňegine jaň dakylan geçi”, “Şuň-a aşy totyguşyň dilinden saýlanan ýaly” diýişdiler. Soňra bezzatlyk edip başlady. Oýna gyzygyp, öýe giç gelmegi çykardy. “Sen nä itiň aýagyny iýdiňmi, seňkildäp ýörmän, wagtynda öýe köwlen” diýip käýediler. Iş buýrulsa, özgelere ýüklänini kem görmedi. Ýerinden gozganasy gelmedi: “Sen näme garrap dogduňmy? Ýa-da eýýäm ýagyra döndüňmi?” diýdiler. Ýagyr –gurçugyň bir görnüşi. Ol ýöredigi, ýol aşdygy saýy ýadap, gabarasy çişip başlaýar. Ahyrky hetdine ýetende ýöremäge mejaly galmaýar we tä demini dürsäp, öňki katdyna dolanýança, hereket edip bilmeýär. Soňra aýlar aýlandy, ýyllar ötdi. Orta mekdebi tamamlady. Ýokary bilimli boldy. Eli gaty kagyzly ýaş oglan işe başlady. Işdeşleriň arasynda oturlyşyk, toý-meýlis boldy. Iýildi, içildi. Içgi adamyň “içki” dünýäsini, syrly dünýäsini, gizlin häsiýetlerini paş edýän şerişde. Edil rowaýatlarda aýdylyşy ýaly boldy. “Şerap içýän adam ýedi hili öwser, çünki üzümiň özi ýedi hili öwüsýändir: ýolbars ýaly ýürekli bolar, aýy ýaly gaýduwysz bolar, babyr ýaly hyýrsyz (gaharjaň) bolar, şagal ýaly lakgy bolar, it ýaly topulagan bolar, tilki ýaly ýaranjaň bolar, horaz ýaly sesi haýbatly bolar ”. Soňra ýene iki häsiýet goşulýar: eşek ýaly aňsyz, doňuz ýaly hapysa bolar. Hut şeýle-de boldy. Birinji bulgurdan soň gany gaýnap, gözi gyzardy. Tilkä aw öwredýän şirdirin öýtmedi, hemmeler oňa “şir, şir” diýdiler. Ikinji bulgur gollaryny galgatdy, aýa öwrüldi. Soňky bulgurlar her häsiýeti goşa-goşadan açyp başlady: biri bir zat diýäýdigi, maňzyna batmasa, yňrandy, herreldi, babyra döndi. Babyr diýildi. Diline ylham inen dek boldy, ýaňrady oturdy, şagal diýdirdi. Soňky bulgurlar beýnä urdy: it bolup topuldy, it adyny aldy, garaz, içip-içip tilkiligi gazandy, horaz bolup gygyrdy. Soňra özüni bilmän, aýdýanyna aň etmän eşege öwrüldi, ahyrsoňunda doňuza dönüp, bulaşyp ýatdy. At baryny ödedi. Şeýdip, onuň durmuşy dowam ediberdi. Öýlendi, öýli-işikli boldy. Ojagyny gysymynda saklady, özi ýene özge ojagyň külüne göz gyzdyrdy. Kanagatsyza, elinde ýok ähli zat owadan we elýetmez görünýär. Gazandygy, gyzygy gaçýar. Şeýdip oňa arkadan, ýaşyryn “Eşek ýaly binamys ekeni” diýdiler. Soňra ykbal galkdymy ýa ýazgydy gülüp bakdymy, bagty çüwüp, bir ýere başlyk boldy. Özüni tutdy, dürsedi. Göwresi suwdan ganan toprak ýaly ers-mers bolup gitdi. Her kim “Tüweleme şul-a kürsä geçdi-de gabarylyp gitdi, öňki çepiksije oglan döw ýaly boldy” diýişdiler. Başardygyndan ile-güni ýagşylyk etdi, ýöne öz bähbidini, her nämede bolsa ileri tutdy. Geregini ýygnady, ile dözmedigini müň bahana duwlap ýygşyrdy. “Pah-pah, ýygna-ýygna, alaka bol-a” diýdirdi. Soň ýaşy goýalyşdy, akyly durlanmady-da, durugyşdy. Öz üstünde işlemedi, özgermedi, işsiz galdy. Lapy keç, haly teň boldy. Iliň ýüzüne bakarlygy bolmansoň, egnini ýygryp gezdi: “Suwa ezilen towuk ýaly bolup ýör” diýdirdi. Şeýdip, körpeliginden garrylygyna çenli ony ýüz dürli haýwana meňzetdiler, emma ýa dili büdräp, ýa ýalňyşyp-ýaňylyp oňa “adam” diýen ýekeje biri tapylmady. Doglanda welin ol adamdy....
"Aýtmaly habarym bar..."
Rahmet Gylyjow
"Aýtmaly habarym bar..."
Rahmet Gylyjow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.