Islenen - Kim Biz Ler (drama )

Islenen - Kim Biz Ler (degişme)

@Gerçeknazar (ölüpbarjy)-Ine uzak-uzak garaşdyran günem ýetip geldi. Bu gün 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 29-y. Öňden mälim bolşy ýaly paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň "Aşgabat" stadionynda bu gün Günorta Koreýanyň "Kim Biz Ler" topary bilen , ýurdumyzyň "Biz Islenen" topary FIFA-nyň naýbaşy kubagyny almak ugrunda jemleýji final tapgyrynda bäsleşerler. Ilki bilen toparlar bilen tanyş bolalyň. Ekranymyzyň sag tarapynda gök we ak eşikde Günorta Koreýanyň "Kim Biz Ler" topary:

Derwezäni Kim Go Rar goramaly .

Goragçylar :

Kim Sak Lar
Kim Du Rar
Kim Gö Rer

Ýarym goragçylar :

Kim Ge Çir
Kim Yl Gar
Kim Biz Kim
Kim Bi Ler

Hüjümçiler :

Kim De Per
Kim Sü Ser
Kim Sa Lar

Tälimçi : Kim De Kim

Ekranymyzyň çep tarapynda durşuna ýaşyl eşikde "Biz islenen " topary :

Derwezäni @Remezan Saklarow goraýar .

Goragçylar

@Aksary Durarow
@Гост Görerow
@FanB Bilerow

Ýarym goragçylar

@Owrenyan Ylgarow
@Dowsypat Igenerow
@Pegas Pasow

Hüjümçiler

@Jemşit Hüjümçiýew
@Nirvana Kellesüserowa
@Rigel Deperowa
@Belki Golsalarowa

Tälimçi: @MILALIKA Gygyrarowa

Emin : @Abaddon Eminow

Ine-de oýun başlady. Ildeşlerimiz eýýämden howply hüjüm gurnamaga başladylar. Örän amatly pursat . Goooool . Ine görýäňizmi eziz tomaşaçylar heniz oýun başlap başlamanka @Nirvana Kellesüserowa kel kellesi bilen orta polýadan gol salýar. Haýwan galaýmaly. Myhmanlar gaharlanşyp biri -birine igenşip başladylar.
Kim Du Rar (Kim Go Rar-a sögünýär) - Kim Go Rar sen goramasaň derwezäni kim gorar?!
Kim Go Rar (garşylyk berýär)- Kim Du Rar sen ýeriňde durmasaň kim durar? Sen ýeriňde duran bolsaň gol geçmezdi.
Kim Du Rar - Meniň nä günäm bar bu ýerde?
Kim Bi Ler (olary köşeşdirýär)- Bolýar oglanlar ruhdan düşmäň . Oýun ýaňy başlady . Gaçara kowara maý bar entäk.
@Gerçeknazar (ölüpbarjy )- Indi oýun hasam gyzykly bolsa gerek gerek. Ildeşlerimiz myhmanlardan bir gol öňe geçmägi başardylar diýip ýetişmänkäm ine myhmanlaram bizden bir gol geçirýär. Haýwan galaýmaly. Ildeşimiz @Rigel Deperowanyň depen topy myhmanlaryň derwezesiniň sütünine degip öz derwezesine girýär. Indi ildeşlermiz biri-birine igenşip başlaýarlar.
@Гост Görerow- (@Remezan Saklarowa igenýär) @Remezan Saklarow , näme şol topy göreňokmow.
@Remezan Saklarow (garşylyk görkezýär) -Gören bolsaň aýtmalydahow.Saklardymdahow.
@Döwsypat Igenerow (ikisinede igenýär) Sizem düzelmän geçjekdä. Biriňiz gören topyňyzy saklaňyzok. Biriňiz saklaýmaly topy göreňizok. @Rigel Deperowa senem ýuwaşrak depäýmelidä.
@Rigel Deperowa - Ýuwaş depjek dälow, gaty depjegow. Gaharymy getirmow. Senem depip göýberýänow.
@MILALIKA Gygyrarowa (gapdaldan gygyrýar)- Gygyrarynow. Näme gygyrmanow. Bir -birňize igenmäňde, oýnuňyzy oýnaňda how.
@Gerçeknazar (ölüpbarjy) - Oýun bar gyzygy bilen dowam edýär. @Aksary Durarow şol bir ýerinde dur. Bilemok näme üçin dur. Onuň ýerne @Owrenyan Ylgarow iki ýana ylgap ýör . Onuňam näme üçin ylgaýany belli däl. Pursatdan peýdalanyp Kim Ge Çir , Kim Yl Gara pas geçirýär. Kim Yl Gar ylgap barşyna Kim De Pere pas berýär.
Kim Yl Gar (Kim De Pere gygyrýar) Kim De Per depdä bil sen depmeseň kim deper?
Kim De Per (Kim Sa Lara pas berýär ) - Kim Sa Lar gol salda bol ! Sen gol salmasaň kim salar?
Kim Sa Lar (ýokardan Kim Sü Sere pas oklaýar) Kim Sü Ser süs bol, sen süsmeseň o topy kim süser?
@Gerçeknazar (ölüpbarjy)- Kim kime igenip geçirýär kim bilýär? Kim Kime geçirýär , Kim bolsa Kime geçirýär. Kim depýär . Goool . Kim gol saldy , kim bilýär? Biz "Goly kim saldy ?" diýen sowala "Goly Kim saldy " diýip jogap bermeli bolýas.
@Khanture (ýaplanyp telwizorda futbol görüp otyr)-Şu Ýer tekiz bolman togalak aýlanýan bolsady top bu wagt Koreýleň derwezesine girerdi.
@Proliga- Bu ýerde Ýeriň näme günäsi bar?
@Khanture - Eger Ýer togalak aýlanýan bolsa top aýlanyp olaňka girerdä.
@Proliga - Hä şeýlemi ýa.
@Gerçeknazar (ölüpbarjy)- Oýnuň gutarmagyna bir sekunt galdy. Şol bir sekuntyň içinde @Pegas Pasow @Jemşit Hüjümçiýewe pas geçirýär . @Jemşit Hüjümçiýew hem @Rigel Deperowa pas oklaýar. @Rigel Deperowa depjek ýaly edip ussatlyk bilen @Belki Golsalarowa topy geçirmegi başarýar. @Belki Golsalarowa hem mydama taýýar aşyň eýesi . Öňelem gol geçip barýan topa çala aýagyny degirip goly öz adyna ýazdyrmagy başarýar. Goooool . Tüweleme , tüweleme . Ine ildeşlermiz oýnuň gutarmagyna 1 sekunt galanda gol salmagy başardylar.
@Prologa (@Khanture sorag berýär)-Khanture hasap näçe-näçe boldy?
@Khanture - Koreýler 0.0017 , Türkmenler 0.017


(Soňy)

Dramany ýazan : Gerçeknazar Amannazarow (ussat ,deňi-taýy bolmaýan dramaturg)

Ýazylan wagty: 29.04.2023
8 лайков 382 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
SypaýyS
29 апр 2023, 16:48
Bet
zarina
29 апр 2023, 17:49
hahahah gaty gowy oyun bolupdyr
Alladurdy
29 апр 2023, 17:50
Bir zatlar tapýýaňaý maladis.
#B.S
29 апр 2023, 17:53
B*ky s*ýdige garypsyň!
Pakize
29 апр 2023, 18:11
Kim diyen at familya esasan koreyler bln hytaylarda ba dalmi.
#B.S
29 апр 2023, 18:25
Pakize,
Şoda. Hytaýlardada ýok. Diňe koreýlerde. Hytaýlarda Li bar, Çan bar, Huan bar, Şuan bar. Ýaponlarda Akihito, Narasimo, Magaýuçi, Akehero, Okado, Akito, Okazaki, Miýamuşi, Ýoşimitsu... Ýaly at familyala bole
Pegas
29 апр 2023, 18:34
Pakize
Kim diyen at familya esasan koreyler bln hytaylarda ba dalmi.

Şony menem aýtjakdym.
Hemem, Gerçeknazar şahyr gaty görse-de, men-ä manysyzja gördüm bu ýazgyny.
Perman Izakow
29 апр 2023, 19:39
Az bolsun,uz bolsun.
Yusup
29 апр 2023, 19:43
Kim Chung Yong
Kim Li

Gunorta Koreyaly oyunchylar
Gerceknazar
Автор 29 апр 2023, 19:46
Ýaponýany Günorta Koreýa üýtgetdim . Başga nähili bellikleriňiz bar ?
Öwreniji
29 апр 2023, 19:47
Bir az Yylgyrtdow, goşuldy. Meniñ ýerimi bilipsiñ! Garaz, gowy gördüm.
#B.S
29 апр 2023, 19:49
Gerceknazar,
Ekranymyzyň sag tarapynda gök we ak eşikde Ýaponýanyň "Kim Biz Ler" topary:

Derwezäni Kim Go Rar goramaly .

Üýtgetmäpsiň
MILALIKA
29 апр 2023, 20:16
Altyn kubok biziñki
noname
29 апр 2023, 21:35
Nirvana keldigñi şu wagta cenli bilmeyardim
Aksary
29 апр 2023, 22:18
Aksary Durarow şol duran ýerinde dur.onuñ şol duran ýerinde nämçün durandygyny bilýäñizmi.sebäbi ol futbol başlanda içen däldir
DonMaxx
29 апр 2023, 23:41
Don wagtym okaryn
Perhat Sabirovv
30 апр 2023, 00:08
Şeýdäýmesek
Venus
30 апр 2023, 03:26
Men ýaly hüjümçi zapasda-da ýog-ow?‍♂️
Massimus
30 апр 2023, 10:42
Ýylgyrtdy
Panda
30 апр 2023, 16:07
Gowy yazylypdyr, indikilerde menem gossan hosal bolardym
Jeksparro
01 май 2023, 23:08
?????? bulaşyk däl ertir.comdaky Kelek baýyň stilinde bet bolupdyr... ???