Ýagyş ýagýar, ýere däl-de ýüregme

Ýagyş ýagyar, uçmah ysly damjalar,
Ýagýan ýaly ýere däl-de, ýüregme.
Bilmen, hyýallarym barýar hanjaga,
"Köne ýazgylary" goýup deregne.

Ýag, gussaň melhemi, yşkyň hemdemi,
Poslan göwünleri päklige ýetir.
Senden - umyt,
Razy, galsa mendenem
Ýaşaýşy beýgeltjek ýekeje setir.

Tebigat asylky keşbine girse,
Duýgular düýpgöter barýar özgerip.
Adam ýaşamaly giçde ýa irde
Erkini olaryň eline berip.

Gurbanjemal Annakowa.



MENIŇ JUDA ÝAGŞA MEŇZÄSIM GELÝÄR

Meniñ juda ýagşa meňzäsim gelýär,
Ýagsam beýiklere, ýagsam tekize.
Topragyň süňňüne ornap serginlik,
Ýeriň ýüzi bolsa ajap, päkize.

Meniň juda ýagşa meňzäsim gelýär,
Giň sährama göwher hünji sepsedim.
Güýzde myhman bolan bahara dönüp,
Ýapraklary ýekän-ýekän öpsedim.

Meniň juda ýagşa meňzäsim gelýär,
Örülsedim sonalaryň ýelegne.
Çüwen ykballara ak pata berip,
Ýetirsemdim aşyklary dilegne.

Meniň juda ýagşa meňzäsim gelýär,
Boz ýerlerde läle bolup güllesem.
Tarlaryna monjuk ýaly düzülip,
Gül gyzlaryň saçlaryny öllesem.

Meniň juda ýagşa meňzäsim gelýär,
Çabga bolup bu zemine eňsedim.
Damjalara mährim bolup garylyp,
Ýere däl-de ýar ýüregne siňsedim.

Oguljemal ÇARYÝEWA.

"Edebiyat we sungat" gazeti, 1978 ý.


ÝAGYŞ

Ýagyş ýagýan wagtyň zemin üstüne,
Ýeriň ýüzün tämizleýäň çaňlardan.
Diňe zemini däl, meniň göwnümem,
Ýuw sen ýagyş, arassala gamlardan.

Ezilýärkäm nur astynda süllümbaý,
Ýüregimem şol nuruňdan ýuwsana.
Arassalap gursakdaky çaňlary,
Ýagyş meniň gursagyma ýagsana.

Ýagyş meniň gursagyma ýagsana,
Ondaky tupanyň diňeri ýaly.
Hemişe zemin deý, dertli ýüregmiň,
Bir pursat dynç alyp, dymary ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Çeşme:kitaçy.ru
3 лайков 207 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hypatia
Автор 04 май 2023, 19:52
Ýene ýagyş ýagýar

Ýagyş ýagyar, ýene seni ýatladyp,
Ezilip suwa bitaý galan göwünler.
Arzuwlarym gitdi meni terk edip,
Natuwan kalbymda goýup düwünler.

Üzülensoň al-Asmanyñ hünjüsi,
Ak ýagyş gizläpdir Günüň şuglasyn.
Daglar birýan serpip bilmän kösenýär,
Derelerin ho:lümürsin tutusyn.

Guşlar haýyr-heläk gizlenipdirler,
Seniň hat-habarsyz ýitişiň ýaly.
Gör-ä, bu topraga edil seçgi deý,
Siňip gidýär bulutlaryň yhlasy.

Halymdan habarsyz, sanajyn kakýar,
Garry mama jäjeklerin pytradyp.
Öz-özümden gaçyp gitjek men näler,
Emma ýagyş ýagyar, seni ýatladyp!

Bahargül Mämiýewa.
Hypatia
Автор 04 май 2023, 19:54
Ýagyş ýagýar köçelerde şabyrdap,
Şeýdip ýuwlar - tebigatyň dünýäsi.
...Ähli zat ýuwulsa, ýagyş ýaganda,
Eýsem ýuwulmazmy adam günäsi?!

Ahally.
Hypatia
Автор 04 май 2023, 19:54
Näme üçindir özüm bilip bilemok.
Sen gökden ineňde batýaryn gama.
Bir dilegim, ýüregimde gat ýasan
Geçen günleň ýatlamasyn gozgama.

Gurbannazar Ezizow.
Kuwwat
06 июл 2023, 11:56
Yzy gutarmady yagsyn dinenokmu bu yagys ha