“Gündeligimde galan setirler…”

Hakykaty boýun almak agyr bolsa-da, ol seni ýalkar.

Duşmany duşman bolup däl-de, dost bolup ýeňmeli.

Durmuş gynamaýar – synaýar.

Göriplik – ömri, kalby hem abraýy kertip tükedip biler.

Söýginiň nämedigini bilmek üçin yşkda bagryň tütemeli, ýaňyzlygy bilmek üçin onuň ejirini duýmaly, ýaşaýşyň nämedigini bilmek üçin bolsa durmuş öwrümleri bilen ýüzleşmeli.

Sadalyk hem pespällik adamy bir gez beýgeldýär.

Zähmet çekmän garyplykdan, sylaman sarpasyzlykdan nalama.

Göze adalatly görmäni, dile bolsa hakykaty diýmäni öwret.

Günlerden adatylygy däl-de, haýsydyr bir özgerişi duýjak bolmaly.

Çyn yhlas ýeňilmez.

Agzyňdan çykan her söze islendik pursatda jogapkärdigiňi unutma.

Töründen däl-de, ýüreginden orun berenler seniň üçin ezizdirler.

Ýaşaýyş üçin diňe bir dem almak, iýmek-içmek, hereket etmek… ýeterlik däldir. Oňa ajaýyp mazmun hem gerekdir.

Bizi durmuşda wysala ýetirjek güýç bar bolsa, şol hem käbelerimiziň yhlaslary we dilegleridir.

Bagyşlap bilmek endigi iň beýik hem iň owadan köňle mahsusdyr.
2 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.