10 ýyl türmede
Aşakdaky sözleri dogrymy aýtsam kynlyk bilen özümden çykarýan. Özüm barada gürlemegi kän bir islämok, ýöne alaç ýok, eger bir zatlar bilýän bolsaň saňa hökman aýtmaga mežbur edýärler. Meni hem bir zat mežbur edýär, aýtmaly zat welin şeýleräk. Men 10 ýyl jaýsyz kösendim, 2012-nji ýyldan şu günlere çenli ona munda ýaşap gezim. Adaty adamyň gözi bilen seretseň dünýe tutuşlugyna adalatsyzlyk. Magtymguly atamyz daş töwerekdäki adalatsyzlyk barada köp zat aýdyp geçipdi, ýöne atamyz ýalňyşýardy. Daş töweregimiz adalatyňam adalaty, biz ýöne ony göremzok, düşünemzok. 2014-nji ýylda men işden öýe dolanamda ýaşaýan ýerimden bir duralga öň düşüp, pyýada ýöräp Hudaýa gargaýardym, men bilýän, ol meni eşidýärdi. Hiç hili adam gara ýok, daşary ala garaňky, çala pişyrdap asmany erbet sözler bilen ýatlasaň hem bolýardy, ýöne meň problemalarymyň esasy sebäbi ol däldi. Meň 10 ýyl kösenenime başga bir sebäpler bar. Her bir kösenýän adamyň, näme üçin kösenýändigini Beýik Ýaradyjy irde giçde aýan edýär, haçanda kösenýän düşüner derejä gelende. Men belki düşüner derejä gelendirin? Edil şu ýerde yzyny nädip ýazjagymy bilemok, ýazýanda ýene pozýän, pikirlerim bulaşýar. Eger ýazan zatlaryňy hiç kim okamajak bolsady, onda bar zady bolşy ýaly aýtsaň bolardy. Ýöne iň soňunda kyýamatda bar zat aýan boljak bolsa, gizlemegiň hiç hili hajaty ýok. Men näme etdim, ine iň wajyp sorag, men 2012-nji ýylda enemiň öýden itmegine sebäp boldum. Enem welin meni diýseň gowy görýärdi, ol meni öz çagalaryndan beter hem gowy görýärdi. Edil bolan zatlary şu ýerde harpma harp aýdyp bilemok, ýöne şol günler öýde bolmasyz dawa boldy we meň enem menden gaty görüp, öýden çykyp gitdi, soň gelmedi. Men ony gönümel sözler bilen kowamok, ýöne ol öýden gider ýaly ýol açdym. Edil şol ýyl hem özüm öýden kowuldym we 10 ýyllap jaýsyz kösendim. Elbetde adaty adam aýdar, bar zat dogry, sen öz eden işiň üçin Ýokardan jeza aldyň. Ýöne bar zat beýle ýönekeý däl, Beýik Ýaradyjyň işleri has çylşyrymly. Şol döwürler meň kalbymda jaýsyzlyk diýen zat, beýle bir ýaramaz zat ýaly däldi, şol sebäpden men enemi saklajak hem bolmadym. Eger Hudaý maňa, eden erbet işlerim üçin birje gezek jeza beren bolsa, meň başyma erbet ýarawsyzlyk ugradardy we şonluk bilen bar zat sowulardy, ýöne Asmanyň nýeti, günä işler üçin jeza bermek dälde, şol günä ýene gaýtalanmaz ýaly adama düşündirmek. Maňa hem düşündirmek üçin 10 ýyl gerek boldy. Jaýsyzlyk gowy däl, jaýsyzlyk gowy däl diýen pikiri, Hudaý meň kellämde 10 ýyl saklady, aňyňda şonça ýyl saklanan pikir, hökmän seň kalbyňa we ruhyňa siňýär, ruhyňa siňen düşünjäni bolsa, sen ol dünýä alyp gidýäň. Gije sagat 3-de turuzup, jaýsyzlyk nähili zat diýip sorasalar, men gözlerimi açman, gowy zat däl diýip jogap bermeli. Birden bu dünýäde gözümi ýumup, ol dünýäde gözümi açsam, menden ýene şol soragy sorasalar, men hem şol jogaby bermeli.Adamyň ruhy, zanny ýa-da türkmenleriň aýdyşy ýaly adamyň kalby örän kesir zat. Adamyň zannyna iň ýönekeýje düşünjäni ýazmak üçin ençeme ýyllap oň aňynda şol düşünjäni saklamaly bolýar, başga çykalga ýok. Ýöne adamyň zandyna ýazylan düşünje, ol ýerden aňsat pozulanok. Şol düşünjäni biz ýanymyz bilen ol dünýä alyp gidýäs. Mysal üçin men öz ölümümden soň maňa näme boljagyny bilemok, belki Hudaý maňa kyýamata çenli arkaýyn ýatmaga rugsat berer, ýa-da ýene bir näçe gezek bu dünýä ugradar, belki kyýamata çenli wagt diýseň kändir? Eger men bu dünýä ýene bir gezek gelmeli bolsam, men eýýäm dogulanymdan jaýsyzlygyň erbet zatdygyny bilerin, hiçkim maňa düşündirmez, hiç kim maňa aýtmaz, men ýöne öz özümden bilerin. Adamdaky doga-bitdi gowy häsýetleriň barsy hem şeýle işleýär, şol sebäpden "zandynda bar“ diýen düşünje döreýär.
Rahman Zulfikarow
Rahman Zulfikarow
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.