AÝDYM
AÝDYM
(hekaýa)
“Bu ýerde uruşda dostlugyň manysy başgaça. Bu ýerde dostlugy ömür birleşdirýär, ömür aýra salýar”
Berdimuhamet Annaýew
Olar iki sany dogandy. Men başda olary ekizdir öýdýärdim. Bolmasa doganlaryň ikisiniňem boý sypatlary biri – birinden tapawutlydy. Näme üçindir kelläme ilkibaşdaky olaryň ekizdigi baradaky pikirden başga pikir gelmelidirem öýtmändirin. Megerem, iki doganyň bir ýerde – bir polkda söweşmeginiň uruşda seýrek hadysa bolýandyr öýdenim üçindir-dä. Doganlaryň ulusynyň ady Azymdy. Ol gürlände pessaý ses bilen gürleýärdi. Orta boýludan kelteräk bu ýigit bilen bada-bat dil tapyp bilmedim. Onuň özem köp kişiden daş duranyny kem görenokdy. Ine, onuň ekiz taýydyr öýden ýigidim bolsa, agasynyň düýbünden tersinedi. Uzyndan daýanykly göwresi bardy. Gürlände hemişe labyz bilen gürleýärdi. Onuň sesi nirede bolsaň-da, gulagyňa ilýärdi. Iki ýana jaýtaryp duran murtlaryny sypalap, gözlerini ýeserlik bilen güldürýärdi. Ol maňa bir gezek obalaryndaky klubda (häzirki medeniýet öýleri) Göroglynyň keşbini oýnandygyny gürrüň berdi. Men muňa haýran galdym. Ondan Göroglyny nirden bilýändiklerini soranymda, “Garib bilbil” – diýip başlaýan aýdyma gygyrdy. Ol gözi ýaşarýança aýdym aýtdy. Biziň polkumyz N-nji pyýada goşun n227-nji “Bir ädimem yza ýol ýok” diýen buýrugyň astynda söweşýärdi. Biz diňe umumy adyny Ukraina diýip bilýän ýurdumyzyň çägindedik. Maňa daglyk ýerler örän ýaraýardy. Sebäbi gelip çykyşym boýunça türkmen bolanym üçin, üstesine Köpetdagy etekläp oturan obanyň mugallym perzendi bolanym üçin daglar hakyndaky aýdymlary köp eşidipdim. Çagalykda we ýetginjeklikde şol daglaryň gujagynda ösüp, ony kimiň goýnunda ýaşamak bagty miýesser eden söýgüsi bilen söýýän bolsa, şonça söýýärdim. Daglary gaýdyp görüp görmejegimem urşuň gidişine baglydy. Bize ýygy – ýygydan hüjüme geçmelidigi baradaky buýruklar gelýärdi. Bu bolsa biziň duşmanlaryň eýýäm Moskwa – esasy şähere baryp, ýene sanlyja günlerden ony eýelejekdigi baradaky howatyrlanmalarymyzy artdyrýardy.Biz, hamana, özümizden güýçli garşydaşyň mekirlik bilen mekgesine münmeli, oňa erkinlik bermän, mazasyny alyp durmaly esgerleri ýaly, jan edýärdik. Bu, aýratynam, türgenleşiklerde ýüze çykýardy. Komandirimiz podpolkownik A düzgün – tertibiň ýöne berjaý edilmeli däl-de, tizlik bilen berjaý edilmelidigini sargaýardy. Onuň özi edil yzyndan ýagy kowalaýan ýaly çalasyndy. Ýörände-de, geplände-de, buýruk berende-de çalasyndy. Biz onuň nämä howlugýanyny bilýärdik we şol bir wagtda, belkem, bilen däldiris. Umuman, komandirimiz hakyndaky pikirlerimiz dürli – dürlüdi. Ýöne onuň gahary gelen wagty gyzarýan ýaşyl gözlerinden welin, hemmämiz birmeňzeş çekinýärdik. Bizden – otuz-kyrk sany ýaş ýigitden tapawutlylykda, ol eýýäm urşy gören adamdy. Doganlaryň ulusy Azym köplenç komandiriň ýanyndady. Onuň sag eline öwrüljek bolup jan edýärdi. Doganlaryň kiçisiniň adynyň Alikberdigini aýdym aýdyp bolansoň eşitdim. Onuň pessaý ses bilen, “ä” harpyny labyzly ýaňlandyryp aýdan bu aýdymyna hüwdi eşiden ýaly meýmiräpdirin. Alikber ony öz ene dili bolan azerbeýjan dilinde aýtdy, men bolsa çar daglaryň arasynda ogly Öwezi ýatlap, ýyglap ýören Göroglyny göz öňüne getirdim. Şo pursatdaky imisalalyk dag howasyndan bolaýmasa. Daglaryň örän düşbi howasy bar. Türgenleşige geläýen uçurlarymyz biz aram – aram atylýan top seslerini eşidip durýardyk. Hut şol döwürlerde oka görä ýaragyň görnüşini kesgitlemegi çykardyk. Uruşda artykmaçlyk etjek bilim ýokdy. Bu ýerde tutuş özüň bolup, ähli bilýänleriňi orta goýup söweşmelidi. Soňabaka top sesleri ýagyşdan öň gümmürlenmeli asman ýaly hökmanylyga öwrülip, gulagymyz oňa werziş bolup gitdi. Alikberiň aýdymyny diňläp durkam, men hemme zatdan beter şo topuň sesini eşitmekden gorkdum. Ol ähli keýpimi gaçyrjakdy. Şo sebäpden aýdymyň bütin dowamynda ony gorky bilen diňledim. Öwezi ýat edip gelýän Göroglynyň Gyraty arasynda ürkdi, ýaşyl maýsalaryň arasynda durdy, Görogly obasyny uzakdan synlady, ogly Öwezi gözledi, tapmady, ýene ýoluny dowam etdi, togtady. Gözümi açan pursatym göni maňlaýymda komandir A-nyň özi durdy. Men sag elimi gulagymyň deňine ýetirip, aýagymy düzýänçäm, ol ýaşyl gözlerini sowuk ýyldyradyp, içginlik bilen seretdi. Komandiriň şeýle ýakyn duranyndan peýdalanyp, men onuň ap-ak ýüzüniň edil kätmen ýaly tekizdigini synlap ýetişdim. Onuň çep gözüniň aşagy tirpildäp gidýärdi. Ol rusçalap, “erkin” diýende, balygyň hem-de aragyň ysy daş – töwerege ýaýrady. “Erkin” diýlen buýrugyň berlenine seretmezden, men hasam beter gysylmaga başladym. Bedenimde galpyldy emele geldi. Onuň sowuk garaýşynyň astynda nähilidir bir etmesiz zady eden adamlar ýaly günäkäre öwrülip barýardyk. Onsoňam, polka gelenim bäri komandir bilen ilkinji tanyşlygyň şeýle ýagdaýda geçýändigine keýpim gaçdy. Ol menden kimdigim we niredendigim baradaky gysgajyk jogaplary alansoň, gapdalymda dim-dik bolup duran Alikberiň golaýyna süýşdi. Ony garaşyşymyzdan uzak synlap durdy. Şol aralykda podpolkownigiň gözleri ýaldyrap gitdi. Näme üçindir, ol arasynda ýylgyrjak ýalam etdi. Komandirimiz ony boýdan başa synlansoň, gazaply bir görnüşe geçdi welin, men biygtyýar ýene aýaklarymy düzdüm. Elim erksiz ýagdaýda boş kiteli gysymlady.
- Uruşda iň esasy zadyň nämedigini bilýäňmi? – diýip, komandirimiz ýuwaşlyk bilen Alikberden sorady. Ol görnetin soragyna sypaýy äheň goşýardy we onuň ýene-de bir zatlara gülesiniň gelýändigi duýulýardy. Adatça, şular ýaly äheň bilen mesawy gürrüňdeşlige başlaýardylar. Garaşylan wagtda jogap bolmanyndan peýdalanyp, Alikbere seretdim, ýöne ol komandiriň soragyna jogap bereýinem diýenokdy. Ýaňyja-da umyt bilen agyp dönen gara gözleriň garasy köpelip, gitdigiçe olar bulut bolup başymyzy tapaýjak, gije bolup üstümize çökäýjek, bela bolup daşymyza çykaýjak ýalydylar. Megerem, Alikberiň göwnüne komandir onuň üstünden güljek bolýan ýaly görnendir. Onuň uruş üçin ýaradylmandygyny aýdan bir men däldim ahyryn. Ol hemmämizden beter gepleşmäge, dostlaşmaga ilgezikdi. Göwni bolsa näzikdi. Çala bir zadam derrew göwnüne alýardy. Ine, häzirem jogap bilen sowup goýbermeli ýagdaýy kynlaşdyryp, bar gaharyny gözüne çykaryp durdy.
- Uruşda – diýip, komandirimiz maňa-da gözüni aýlap goýberdi-de, ýene Alikbere seretdi. – Iň esasy zat bu eýýäm diri däldigiňi bilmekdir – diýdi. Şeý diýensoň, ol kellesini çalaja silkip goýberdi. Ýene hetjikläp diýen ýaly – Bu gün bolsun, ertir bolsun, parhy ýok, ol barybir hemmämiziň yzymyzdan ýeter – diýip, komandir ýylgyryp goýberdi. Öz aýdan sözlerinden hoş bolup, onuň ýene köp – köp zatlary aýdasy geldi. Şol aralykda men, hatda, ol ýene gürlär öýdüp garaşybam ýetişdim. Ýöne ol köp zatlary bilip, indem şony nädip aýtjagyny, nireden başlajagyny bilmeýän adamyň aljyraňňylygy bilen sözüniň arasyny kesdi. Onuň aýdanlaryny makullap baş atanym ýadyma düşýär. Onuň aýdan sözlerini hiç hili duýgulary başdan geçirmezden tassykladym. Komandir ýene bir gezek maňa baş atdy-da, ýanymyzdan daşlaşdy. Men bolsa onuň bilen ýaňy öwrenişmäge başlanymdan soň, entekler gitmezligini, ýene bir zatlar diýmekligini isleýärdim. Sebäbi onuň sözüni gutarnykly aýtmadygy duýlup durdy. Ol entekler gürlejekdi. Men Alikbere sereden wagtym komandiriň näme üçin sözüni gutarman gidenine düşündim, belkem doly düşünen däldirin, ýöne aňlajak boldum. Alikberiň ýüzi edil öliň ýüzi ýaly duw-akdy. Men onuň egnine elimi atdym. Şonda onuň bedeniniň haýran galaýmaly gatydygyny duýdum. “Ýak – heý, giň bolsana” – diýip gülenim, sessiz ylalaşanymyz peýda berdi. Agşamlyk ýigitler bolup, oduň daşyna üýşdük. Bolup geçen waka hakda pikirlenip otyrkam, gözüm bilen Alikberi yzarladym. Ol hemişeki deýin ýygy-ýygydan ýylgyrýardy. Oduň ýagtysyna gara gözleri öwşün atyp, arasynda murtuny sypalap goýberýärdi. Biz bu ody şatlyk – şowhun üçin ýakypdyk. Oglanlaryň içinde gapdaldaky kölden balyk tutan mahaly suw-sil bolan ädiklerini guratmak isläp, başagaý bolup ýörenem, süýnüp ýatanam, aýbogdaş gurap oturan orta aziýalylaram bardy. Ýigitleriň biri gitara alyp gelende, Alikberden aýdym aýdyp bermegi haýyş etdiler. Men bir gyrada gözümi süzüp otyrdym. Bardy-geldi, kimdir birini synlamak isläýsemem, derrew Alikbere gözüm düşýärdi. Iki dyzymy gujaklap oturşyma men aýdym bilen uklamagyň kem bolmajakdygy hakynda ýakymly pikir öwürýärdim. Sebäbi bu pikir azajygam bolsa maňa urşy unutdyrýardy. Oba oglanynyň geçen sada hem asuda durmuşyny ýadyňa salýardy. Alikber ilki arasyny bölüp – bölüp aýdym aýtdy. Olaryň içinde sergezdan syganlaryň romanslaram, ruslaryň toý sanawaçlarynyň paýyş sözlüräk, gödegräk görnüşlilerem bardy. Alikber ol aýdymlary kawkazlylara mahsus aksent bilen rus dilinde aýdýardy. Gitara-da onuň bilen deň gopýardy. Şu gijäni mukama beslemek babatda gitara has işjeňlik görkezýärdi. Ol bir pursatam saz çalmagyny goýman, Alikberi täze-täze aýdyma gygyrmaga borçly edýärdi. Ýaňy bir gowurdy başlandygy Alikber başga bir aýdyma geçip gidýärdi. Gitara çalyp oturan çypar saçly, gök gözli ýaş ýigit uzyn barmaklaryny gitaranyň tarlaryna süýkäp, batly zarňyldadyp goýberýärdi. Ol şo pursat kellesini iki egniniň arasyna sokaýjak bolýardy welin, dartylyp duran damarlak elleri, isleseň – islemeseň, gözüňe ilýärdi. Men birden ýüregiňi elendirip giden sese tisginip gitdim. Gyşaryp başlan kelläm birbada aýdymyň haýsy dildedigini aňyp ýetişibilmedi:
Asman zeminsiz oňubilmeýär
Zemin seniňki bolsun, gardaş!
Gün Aýsyz oňubilmeýär
Aý – Gün seniňki bolsun, gardaş!
Ýollar hatarsyz bolubilmeýär,
Ýollar seniňki bolsun, gardaş!
Iller ogulsyz oňubilmeýär,
Ogullar seniňki bolsun, gardaş!
Alikber ýene köp zatlary sanaşdyrdy. Biz demimizi alman diýen ýaly ony diňleýärdik. Men dyzymy gujaklamagymy goýup, oda has golaý süýşdüm. Alikberiň labyzly sesi özüne maýyl edýärdi. Sözleriň türkmen diline ýakynlygyndanmy, garyndaşlygyndanmy, endamymda edil garynja ýöreýän ýaly, goram – gowşak bolup barýardym. Onuň sesi bir pessaý, bir batly çykýardy. Ol edil doga okaýan ýaly edip aýdym aýdýardy. Gitaraçy çypar ýigit bu äheňe nähili saz etjegini bilmän, Alikbere aňkarylyp galdy. Hemmämiz geň ýagdaýa düşdük. Geň ýeri, bu aýdym hemmämize düşnüklidi. Şol bir wagtda onuň sözlerini bilmeýänem kändi, ýöne sözlerdenem beter aýdymyň heňi ähli zady düşündirýärdi. Aýdym ýaňlanan wagtynda oduň başyndakylar jebisleşdiler, bir gulaga öwrülip diňlediler. Aýdym gutaransoňam olar täsirden çykybilmän, şol oturyşlary ýaly, hasam Alikbere ýakyn bolmak isläp, şu heňi tutmak isläp, şu labyzly sese duwlanmak isläp, onuň ýene ýaňlanmagyna garaşýardylar. Edil şol aýdym bilen nämedir bir wajyp zadyň gutaryşyny duýýan ýaly garaşýardylar. Olaryň, megerem, şol duýýan zadyny sypdyraslary, onuň bilen hoşlaşasy gelenokdy. Sebäbi şol wajyp zadyň kimiň öýünde galan ejesi, söýgülisi, ogly, obasy...bolmagy mümkindi. Biraz wagtdan dym-dyrslykdan peýdalanyp, assyrynlyk bilen daş – töweregime göz aýladym. Gapdalymdaky on dokuz ýaşlaryndaky, ýaňyrak polkumyza gelen gazak ýigidi gözüni sylyp goýberdi. Soň ýene-de aýdym diňlediler, ýöne olaryň biri hem gynançly äheňde däldi. Ol aýdymlarda duşuşyga gelmeýän söýgüliňe öýke bardy, bugdaýly meýdanlaryň sary hataryndan giren ýetginjek bardy we ş.m. Içinde degişme äheňli gödek aýdymlary alyp göterýänlerem, uly ili bilen pakyrda berýänlerem bardy. Hamana, urşuň gidip duranyny bilmeýän ýaly, ilkibaşdaky görnüşi bilen ýaşaýan ene tebigat bizi asuda, mylaýym howasy bilen hüwdüleýärdi. Asmandaky Aý oduň ýagtysyna gyzaran ýaly, barha gündogar tarapa süýşýärdi. Şu goh – galmagalda-da oduň şatyrdysynyň sesi eşidilýärdi. Biz uly toýuň märekesi ýaly arkaýyndyk. Urşuň jümmüşinde şeýle erkin hem arkaýyn günleri başdan geçirenimiz maňa indi – indiler geň bolup görünýär. Alikberiň ýerinden tutup, iki aýagynam tapyrdadyp oýnan tansyna goşulyşan ýigitleri köreýän uçgunjyklaryň aňyrsyndan synlap oturşyma, uka gidipdirin. Şol günüň ertesi bizi örän ir oýardylar. Men, elbetde, bu ýygy – ýygydan geçirilýän türgenleşiklerdenem, olaryň howul – hara häsiýetindenem bize köp wagtyň berilmejekdigini, basym söweş meýdanyna girmeli boljakdygymyzy aňýardym. Ýöne urşuň ilkinji gününiň aňyma hem ýatlamalaryma edil möhür ýaly basyljakdygyny, geljekde urşuň içinde geçirjek iki ýüz segsen alty günümde-de ony unutmajakdygymy bilemokdym. Iki ýüz segsen alty günüň bir tarapa, şol bir günüňem beýleki bir tarapa agjakdygyny gümanam edemokdym. Şol gün özüniň dözümliligi, hiç kimi aýamanlygy bilen ýadymda galyp, geljekki iki ýüz segsen alty günüň dowamynda-da özüni unutmaga puryja bermedi. Şeýtmek bilen onuň mende dözümliligi terbiýeläp, geljekki iki ýüz segsen alty günüň abatlygyny üpjün eden bolmagy ähtimal. Men uruşdan ýaraly dolandym. Ýöne iň uly ýaramy welin, hiç kim görüp bilmedi. Sebäbi men ony ýüregimde göterýärdim. Hakyky abat ýüregim bolsa, Alikberiň snarýad düşüp wepat bolan ýerinde galdy. Men ony şol ýerde gaçyryp gaýtdym. Haçan-da onuň öňküsindenem durulaşan gözlerine seredenimde, men birinji gezek onuň aýdymyna düşünen ýaly boldum. Elhepus, şeýle dury gözleri görmek maňa öňem, soňam miýesser etmedi. Onuň açyk galan gözlerinde asmanyň keşbi bardy. Ol birhili, şo wagtam dirilerçe asmany synlap ýatan ýalydy. Birinji hüjümde polkumyz yza çekilen bolsa-da, günortadan soň täze hüjüme geçdi. Bize şeýle çalt ýitgileri ýygnap, güýç toplamaga aňtawçylaryň maglumatlary kömek etdi. Ýogsa-da, şol aňtawçy ýigidiň biriniň türkmen ýigididigini aýtmagym gerek. Netijede, täze alnan maglumatlar esasynda komandirimiz hüjümi dogry guramagy başardy we ýeňiş biziň tarapymyzda boldy. Ýöne biz ýeňişden hiç hili şatlyk duýup bilmeýärdik. Meniň ýygy-ýygydan irdenki söweşe gidip gelmedik oglanlar , aýratynam Alikber ýadyma düşýärdi. Onuň soňky döwürler köp aýdym aýdandygyny ýatlap, “gitjegini bilýän eken” diýişdiler. Alikber, hakykatdanam, soňky döwürler “Aýdym aýtmasam, ýüregim ýarylyp gelýär” – diýip, köp gaýtalapdy. Men şol günden soň onuň dogany Azyma köp üns bermäge başladym. Alikberiň ýokdugy üçin beýlekiler-ä bilemok welin, özümi günäli hasaplaýardym. Ony halas edip bilmändigim, oňa derek özümiň däldigi baradaky pikirler meni günüme goýanokdy. Şol pikirler meni özümem aňşyrmazdan Azyma seretmäge, oňa göz – gulak bolmaga itekleýärdi. Birden oňa-da bir zat bolaýmasyn diýen gorky bardy. Hakykatdanam, Azymyň soňky döwürler üýtgändigini köp oglanlar aýtdylar. Komandirimiz Azymy başga polka geçirmeklerini sorap, ýokaryk hat bilenem çykypdyr diýdiler. Sebäbem oglanlaryň biriniň şaýat bolan sahnasy bolupmyş. Komandirimiz Azymyň üstüne: “Seniň ölesiň gelýärmi? Sen biziň barymyzy howply ýagdaýda goýýaň” diýip gygyrypmyşyn. Öňdenem köpçülige goşulmaýan Azymyň gözleriniň, hatda, komandirem eýmendirendigi ýigitleriň uzak wagtlap gürrüňine öwrüldi. Men şol günlerde onuň bilen gabatlaşjak bolup jan çekdim. Ýöne ol meniň ýanymda saklanmaýardy, soraglaryma ýüzleý jogap berip geçýärdi. Näçe islesemem, Azym bilen gürleşmek islegim amala aşmady. Ony komandiriň nygtap durmagy boýunça başga bir polka geçirdiler. Azym hakda, onuň soňky ykbaly hakda men gowy zatlary eşitdim. Ýüregimden onuň ykbalynyň gowy gutaranyna begenýärdim. Bir gynanýan ýerim, oňa şol ykbalyň kimiň arzuwydygyny aýdyp ýetişmedim. Ýöne şol aýdyp bilmedik sözlerim meniň öz gursagymda aýdym bolup galdy. Uruşdan öýe gelýärkäm, men şol aýdymy hasam batly eşidýärdim. Uruşdan öýe gelýärkäm, ol gursagymy ýaryp çykyp:
Asman zeminsiz oňubilmeýär,
Zemin seniňki bolsun, gardaş!
Gün Aýsyz oňubilmeýär,
Aý – Gün seniňki bolsun, gardaş!
Ýollar hatarsyz bolubilmeýär,
Ýollar seniňki bolsun, gardaş!
Iller ogulsyz oňubilmeýär,
Ogullar seniňki bolsun, gardaş! – diýip gygyrýardy.
Öňümde bolsa, Alikberiň maňa arzuw eden Asmany, Zemini, Aý-Güni, ili hem-de ogullary garaşýardy.
Bägül ATAÝEWA

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.