Garañky gije, şadyýan gije...
Tok kesildi,
wi fi ýitdi,
internedem tutanok,
Tüm garañky.
Otlyçöp gözledim, jübim dörjeläp,
Şem ýakyldy.
Begendikde, tegelendik daşyna,
Gysmyljyrap geldi-de meniñ ýanyma.
Körpejäm!...
Çaga bolsañ garañkydan gorkulýar,
Men bilýýärin,
Şol sebäpden ýanymda, gujagyma dolup,
Gorkusyn gizläp,
Gülýär,
Jykyrdap gülýär.
Dagy näme?
(Ata hemmeden güýçli,
supermen hasaplaýan çagada)
Ünslerin sowsun diýip,
Gülkinçli,
Gorkunçly,
Erteki aýdyp berdim...
Gyzykly waka barada...
Ýene-de kän zat hakda,
Hat-da
Gyzyklanyp başlandy,
Nädip duşanmyz (aýyp bolsa-da)
Ejesine goşgy düzenim hakda...
Geçirdik gijämiz,
Unudyp gamy,
Güldürdim ýürekden, güldüm ýürekden.
Uklaýança, (atyrjaklar dañymy...)
Aýdyp berdim, toslama, hekaýa bilýän ertekim...
...Wah, körpeje,
Körpe hemişe-de körpe-dä,
Ukyda-da, samyrdaýar çagajyk.
"Tok öçsedi...
Tok öçäýsin erte-de!"...
© REMEZAN MÄMETGURBANOW
wi fi ýitdi,
internedem tutanok,
Tüm garañky.
Otlyçöp gözledim, jübim dörjeläp,
Şem ýakyldy.
Begendikde, tegelendik daşyna,
Gysmyljyrap geldi-de meniñ ýanyma.
Körpejäm!...
Çaga bolsañ garañkydan gorkulýar,
Men bilýýärin,
Şol sebäpden ýanymda, gujagyma dolup,
Gorkusyn gizläp,
Gülýär,
Jykyrdap gülýär.
Dagy näme?
(Ata hemmeden güýçli,
supermen hasaplaýan çagada)
Ünslerin sowsun diýip,
Gülkinçli,
Gorkunçly,
Erteki aýdyp berdim...
Gyzykly waka barada...
Ýene-de kän zat hakda,
Hat-da
Gyzyklanyp başlandy,
Nädip duşanmyz (aýyp bolsa-da)
Ejesine goşgy düzenim hakda...
Geçirdik gijämiz,
Unudyp gamy,
Güldürdim ýürekden, güldüm ýürekden.
Uklaýança, (atyrjaklar dañymy...)
Aýdyp berdim, toslama, hekaýa bilýän ertekim...
...Wah, körpeje,
Körpe hemişe-de körpe-dä,
Ukyda-da, samyrdaýar çagajyk.
"Tok öçsedi...
Tok öçäýsin erte-de!"...
© REMEZAN MÄMETGURBANOW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.