Tans
Tans
(hekaýa)
Ol örän ýeňillik bilen tansa goşuldy. Hatda, ilkibada onuň haçan, nädip tansa girendigine-de üns bermediler. Toý ahyrlaberer uçurlary hasam göçýän synpdaşlar bu wagt öz – özlerini görkezmek bilen başagaýdy. Oglanlaryň biri gözlerini süzüp, iki aýasynam ýumup, tegelenşip duran tans mähellesiniň ortarasynda aýlanýardy. Kimiň deňine baryp ýetäýse, eger ol oglan bolsa, çapak çalyp, makullaýjy baş atýardy, dodagynyň bir gyrasyny dişläp, gözüni ýumýardy, eger gyz bolaýsa, ýuwaşlyk bilen yza çekilip, haýran galan adamyň hiç zatdan bihabar ýylgyrşyny görkezýärdi. Gyzlaryň batyrragy ortarada aýlanýan dolmuş ýigidiň ýanyna ýoldaş bolmak isläýse-de, olaryň tanslarynyň ömri iki minuda çekmän gutarýardy. Gysgajyk wagtyň içinde şeýle synanşyklaryň ikisi bolup geçdi. Bu oňaýsyzlygy aradan aýyrmak üçin göçgünli ýigitleriň biri ortara – tansa çykdy. Tegelenşip duran oglanlar ony uly gykylyk bilen goldadylar, birki sapar gysgadan owazly sykylyk sesem eşidildi. Şeýdip, ortarada gözüni ýumup, dodagyny dişleýşine indi aýlanmaga derek arasynda bir aýagyny çalaja epleýän dolmuş ýigit bilen oňaýsyzlygy aradan aýyrmaga çykan teneçir ýaly uzyn ýigit tans etmäge başlady. Oňa şol wagtam hiç kim üns bermedi. Hemmeleriň gözi ortaradaky iki ýigidiň tansyndady. Ýöne bu tansyň hiç kime gyzykly däldigini çapak çalýan kelleleriň dürli tarapa bakyşyndan, ýanaşyk duran gyzlaryň aýdymyň sesinden ýaňa bir – biriniň gulagyna gygyryp diýen ýaly gürleýşinden, köýnegindäki ýalpyldaýan daşlar zerarly, her dürli öwşün atýan ýaş gelniň zol – zol öýmesine elini ýetirişinden çaklamak mümkindi. Dynuwsyz el çarpyp duran ýigitleriň biriniň maňalaýyndan der dänejikleri akýardy. Ol kisesindäki elýaglygy çykaryp, maňlaý derini süpürmek üçin säginýärdi, onsoň ýene-de ortarada tans edýän iki ýigitden üstaşyr olaryň aňyrsyndaky ýaş juwanlaryň hereketini gözi bilen yzarlamaga başlaýardy. Şol pursatda ol duran ýerinden ýeňiljek galkdy-da, ortara çykdy. Tans edýän iki ýigit öňküsinden janlandy-da, onuň daşynda pyrlanmaga başlady. Ol örän çepiksije, keltejik boýly gyzdy. Daş – töwerekdäki oglan – gyzlaryň oňa ýat adam däl-de, synpdaşlary bolýandygyna seretmezden, gyzyň olara goşulşasynyň gelmeýändigi duýulýardy. Ol daşynda şatlykly pyrlanmaga başlan iki ýigit bilen belli bir aradaşlygy saklaýardy. Arasynda näbelli adamlara seredýän ýaly, tegelenşip duran synpdaşlaryna howlukmaçlyk bilen göz aýlap goýberýärdi. Ganatlaryny pasyrdadýan kepderi deýin gyzyň bar hereketi diňe iki elini egniniň deňine ýetirip, aýalaryny ikiýana öwürmekden ybaratdy. Bu boluşdan çekinjeňligiň alamatlaryny gören iki ýigidiň dolmuşragy gyzyň öňüne geçdi-de, ellerini öňküsinden işjeň hereketlendirip, onuň bilen tans etmek meýlini aýan etdi. Gyz, iň bärkisi, öňündäki oglana seretmedem. Onuň hereketleri şol bir monoton (birmeňzeş) hereketlerden we arasynda synpdaşlaryna howlukmaçlyk bilen göz aýlap goýbermekden başga zat däldi. Daş – töwerekdäki başagaýlyk gyzyň kellesindäki başagaýlygy işjeňleşdirdi. Ilkibada halaşýan ýigidi bilen bagly gysgajyk sahnalar üzlem – saplam gözüniň öňünde janlandy. Ana, olar ikiçäklikde gürleşip durlar, halaşýan ýigidi ýuwaşjadan salyhatly gürleýär. Ol hemişe-de ýuwaşjadan salyhatly gürleýär. Ýöne ýuwaş gürleýändigine seretmezden, ony ýuwaş oglan hasap etjek gümanaň ýok. Nähilidir bir göze görünmeýän güýç oglanyň ähli güýjüni gözegçilikde saklaýan ýaly, bardy – geldi, oglanyň gaharyny getiräýseň, kim bilýär, onuň nähili oýunlar görkezjekdigini? Gyzyň şo güýçden gorkýany üçinem däl-de, ýöne şeýleräk güýjüň onda bardygyny güman edýäni üçinem oglanyň gaharyny getiresi gelenok. Bolmasa, sport ussady bolan bolsa-da, halaşýan ýigidinden bular ýaly gorkmazdy. Bu pikirler ýyldyrym çaltlygynda ýitýär-de, ýerine ýene täze göz öňüne getirmeler döreýär. Sowukdan ýaňa elleri doňan gyzyň demem gaharly çykýar. Şu bölek göz öňüne gelende, ol tans edip duran ýerini üýtgedip, iki ädim gyra süýşdi. Ýigit onuň gaharlanşyna hezil edip gülýär. “Samsyjak” diýip, gujaklamaga synanyşýar, her hili bahanalar aýdyşdyryp, daşynda hozanak bolýar. Ýuwaşdan salyhatly gepleýän, hemişe bir durkuny saklap bilýän ýigidiň bu bolşuna gyzyň içinden göhi gelýär, ol näzini barha artdyrýar. Birdenem göz öňüne getirmeleriň arasynda sen – men ýok, Aýsenem daýzasynyň garaýagyzdan göwnühoş ýüzi peýda bolýar. Onuň altyn dişlerini ýaldyradyp, köpmanyly ýylgyrşy gyzyň ynjalygyny gaçyrýar. Şeýdip, göz öňüne getirmeleriň arasy garaşylmadyk ýerden kesilýär. Hamana, şol bir hereket bilen tans edýän gyzyň pikirlerindäki başagaýlygy aňan ýaly, toýuň beýemçileri wagtlaýyn çyralary söndürdiler. Çyralaryň öçürilmeginiň şanyna hor bolup uwlaşan mähelläniň gohy gyzy ymykly özüne getirdi. Ol gara gök reňke boýalan tans meýdançasynyň ortarasynda aýalaryny ikiýana aýlap duran ekeni. Gyz anyk kimlerdigine üns bermese-de, ortarada tans edýänleriň öňküsinden köpelendigini aňdy. Töweregi gaplap alan gara gök reňk zerarly olaryň diňe göwreleri we her hili ýagdaýda hereketlenýän elleri gözüňe ilýärdi. Bu pursaty surata salmaly bolsa suratkeş ony keýijegi ortara çykaryp, onuň daşyny alan awçylaryň görnüşinde çekerdi. Özem bu awçylaryň keýijegiň ýagdaýy bilen işi ýokdy. Kelle göçgüninden ýaňa olar diňe ähli zatlaryň bolmalysy ýaly bolup geçýändigini duýýardylar. Şatlanmalydy, häzir ähli zady unudyp şatlanmalydy. Ýüregiňde nähili begenç duýgulary bar bolsa, ýüze çykarmalydy. Başardygyňdan illeriňkä meňzemeýän şatlyk hereketlerini etmelidi. Goý, hemmeler saňa aňk bolup seretsinler. Goý, hemmeleriň saňa gözi gitsin. Melul ýagdaýda seniň yzyňdan gaýtalasynlar. Bu durmuş toýy ahyryn. Toýda diňe şatlanmak gerek, illerden tapawutlanmak gerek. Şeýle bolansoň, tans meýdançasyndaky mähelle dünýäni unudyp göçýärdi. Çyranyň sönükdigi zerarly, barybir, kimiň – kimdigini saýgaryp bolmajakdygyna ynanan gyzlar indi öňküleri ýaly utanyp duranokdy. Olaryň birden işjeňleşen hereketlerinden hälki çekinjeňliginiň ýönekeý bir ýüz perdesi bolandygyna düşünäýmelidi. Asyl toýa gelen mähelläniň hakyky “içki” ýüzüni görjek bolsaň, çyralary öçüräýmeli eken-ä. Şol wagtda ýuwaş – ýuwaşdan batlanýan saz başlady. Saza görä aýdymçam kem – kemden janlanýardy. Beýlekileriň näme edýäninden bihabar gyz pursatsalym gözüni ýumdy. Onuň elleri häzirem şol bir herketlerini gaýtalaýardy, ýöne dodagynda öň görünmedik näzik ýylgyryş al reňkde öwşün atdy. Aýdymçy janygyp – janygyp söýgüsine jogap bermeýän zalym gyza ýüzlenýärdi. Jogap beresi gelmese hökman däldigini, ýöne özüniň söýýändiginiň hem ýeterlikdigini nygtaýardy. Bular ýaly mertligi bolsa hakyky erkek adamlar görkezip bilerler. Olar zenanlary mejbur edýän däldirler, aljyradýan, gyssaga salýan däldirler. Olaryň ýüreginde zenanyň saýlawyna bolan hormat bardyr. Tamakinçilik däl-de, ylalaşyk, dargursaklyk däl-de, giňgöwrümlilik bardyr. Ynha, aýdymçynyň janygyp – janygyp aýdýan sözlerinden şulary gapyp alýan gyz onsoň nädip ýylgyrmasyn?! Aýdymyň heňem üstesine, oňa özüni aýdymdaky baş gahryman gyzyň deregine duýmaga kömek edýär. Şu ýagdaýda ol elleriniň hereketini üýtgedip, olary aşaklyk bilen aýlap goýberdi-de, ýeňiljek pyrlandy. Ana, oňa şol wagt üns berdiler. “Hasam gowuja synlaň!” diýýän ýaly, öçürilen çyralaram birden ýandy welin, tans edýän mähelle gyza bolan gyzyklanmasyny gizläbilmedi. Gyzyň bolsa bu wagt özüni açgöz nazar bilen synlaýan mähelleden habary ýokdy. Ol bu wagt nirededir bir söýgi kölünde ýüzüp ýören ap – ak guw ýaly öz – özüne gümrady. Ýene birazajykdan özünden başga hiç kime düşnükli bolmadyk tansy gyzlaryň käbiriniň ýüregine düşüp, onuň gara pombarhatdan tikilen köýneginiň biçüwine üns bererler, ýigitleriň käbiri bolsa, onuň okuw döwründäki ýüz keşbini häzirkisi bilen deňeşdirip görüp, birjigem üýtgemändigine geň galarlar. “Edil çaga ýaly” diýip, häsiýet babatda baha beren wagtlarynda onuň ýüz keşbi babatda-da göni nyşana urandyklaryna düşünerler. Ýöne bu zatlar ýene biraz wagtdan bolup geçer. Häzir bolsa ol, uly – kiçi bolsun, parhy ýok, hemmeleri aňk edip tans edýärdi. Ellerini tolkun ýaly hereketlendirip, özüniň nirede gezip ýörendiginiň habaryny berýärdi. Aýaklarynyň şol pursatda duran ýerinden gymyldamaýandygy sebäpli, ol şo tolkuna çümüp, deňziň düýbüne gidýän bolmalydy. Deňziň düýbüne çümdügiçe, howa ýetmän, kellesini ýaýkalap, ýeriň ýüzüne çykasy gelýän adamyň öňe uzaýan ümzügini görkezýärdi. Ol häzir, hakykatdanam, ýüzýärdi. Gara gök reňkli deňziň içinde ýüzýärdi. Ýaňy ýüzmäge başlan adamlarda bolsa ýadawlyk bolmaýar, tersine, olar şo wagt ýüzmeýän wagtlaryndanam has işjeň bolýarlar. Aýdymçy: “Sen arassa, sen päkize” diýip gaýtalaýardy. Gyzyň şo wagt özüne nähili buýsanýandygyny bir görsediňiz. Arman, bu demsalym ömri bolan buýsanç duýgusyny arassa görnüşde görüp ýetişmänkäň, ýitip gidýär-dä. Arman, ony diňe demsalym duýup bolýar-da. Şonuň üçin gyzyň tolkun atýan elleriniň ynamly başga herekete geçip gitmesini bolmalysy ýaly kabul etdiler. Tolkunlar gutaryp, gyz ýer ýüzüne çykansoň, şarka gözüni açdy-da, gezekli – gezegine eginlerini oýnatdy. Şonda gyzyň gözleri özüne çekijilik bilen ýanyp gitdi. Bedenine ýelmeşen ýaly gymyldysyz dümterip duran ýumry göwüsleriniň nähilidir bir hereketlenerine garaşýan ýigitler boş ýuwdundylar. Olar açgözlük bilen gyzyň ýylan ýaly towlamjyraýan çepiksije bedenini yzarlaýardylar. Gyzyň bolsa halaşýan ýigidiniň hyjuwly gözleri ýadyna düşýärdi. Şo gezek garaňkyň içinde gum – guk oturan köçeden ýöräp barýarkalar, ýigit onuň elinden nähili berk gysypdy. Tas gyzyň inçejik barmaklaryny döwüpdi. Gyz bolsa bu ahwalaty bilmedik boldy. Ýigidiň gyjynmakdan ýaňa haşşyldaýan demine çenli eşitmedik boldy. Galpyldap, gowşamaga başlan bedenini çalt – çalt ädimler bilen berkitdi. Ine, häzirem ol bilgeşlän edýän deýin sag elini ýokary galdyryp, çep elini biline direýär. Ýokaryk galdyran sag eli howada enaýyja pyrlanýar. Soň ol çep el bilen ýerini çalyşýar-da, ýene öňki ornuna gelýär. Aýdymyň şu böleginde gyzyň ýaňy gyzyşandygyna seretmezden, derrew ýadandygy duýulýar. Ol daş – töweregindäkileri indi hiç bir zat bilen haýran galdyryp bilmejek ýaly görünýär. Käbirleri şol ikaralykda beýleki tans edýänlere-de göz aýlap ýetişýärler. Şol pursat aýdymçy aýtjak sözleriniň baryny aýdyp bolup, esasy diýmek islän sözlerini süýkdirip gaýtalaýar. Hemmeleriň ünsi ýene gyza dikilýär. Sebäbi ol bu wagt başam barmagyny orta barmagyna süýkäp, kellesini şeýlebir aýgytly silkeleýär welin, onuň bir zatda diýenini gögerdesi gelýändigi aç – açan düşnükli bolýar duruberýär. Ýöne tegelenşip duran mähelle onuň näme üçin hekgerýänine düşünenok. Onuň hälki biparh ýüzündäki dartgynlylygyň näme sebäpden peýda bolandygyny aňanok. Olar şu wagt gyzyň göz öňüne getirmeleriniň içinde däl. Gyzyň göz öňüne getirmelerinde bolsa, çepiksije gyzyň özi edil ýaraly kepderi ýaly pasyrdaýar. “Meniň diýenim bolar!” diýip, gygyrýan ýigidiň elinden uçaýjak – uçaýjak bolýar. “Ýok, meniň diýenim bolar!” diýen jogabyny ýatlaýan wagty elini aşak – ýokaryk hereketlendirýär. Şo pursatda onuň sag aýagam elleri bilen deň gopýar. “Meniň diýenim bolar! Meniň diýşim ýaly bolmaly!” diýip, ýer depip durşuna elleri bilen bykynyny tutup, ýene eginlerini hereketlendirýär. Grasiýa. Edebiýatda tansyň şu bölegini şeýle atlandyrardylar. Gyzyň ýüzündäki özüne göwni ýetijilik duýgusy tegelenşip duran mähelläni onuň ýesirine öwürýär. Gyzyň kesgitli hereketleri mähelläni şeýlebir şatlandyrýar welin, olar elçarpyşmalaryny gysgananok. Ýöne bu elçarpyşmalar gyza gerekmikä bir?! Her bir elçarpyşmanyň sesi edil naýzadyr demriň sesi ýaly eşidilýärkä, bu alaçsyzlyk duýgusyny güýçlendirýän şowhundymyka onuň isläni?! Her elçarpyşmada onuň bir mähriban ýatlamasy gutarýar ahyryn. Her bir “hoooopp” sesinde onuň arzuwlary kepderi ýaly ýeňillik bilen uçup gidýär ahyryn. Deregine bolsa aýdym zerarly biri – biriniň gulagyna gygyryp gürleýänleriň batly sesleri, ýüzi dym-gyzyl synpdaş ýigidiniň göz gyrpmasy, başly – barat çalynýan elçarpyşmalary galýar. Gyza bolsa bular gerek däl, düýbünden gerek däl. Ýeri, oňa nämäniň gerekdigini bilmek şeýle kyn zatmy?! Adamlar näme üçin beýle üşüksizkä?! Şeýle kyn zatmy onuň näme isleýändigini bilmek?! Pikirleriniň şu ýerinde gyzyň damagy doljak bolýar. Ol başagaýlyga düşenini aňdyrmazlyk üçin ellerini howada düşnüksiz galgadyp dur. “Ýok, ol geler entek, hökman geler. Ol meni söýýär ahyry, onsoň mensiz nädip oňsun?” diýen pikirler gyzyň kellesinde pyrlanýar. Gyz bu pikirleriň yzyna eýeribem ýetişenok. Yzyndan kowdugyça-da demi gutarýar. Ýok, indi pyrlanyp bolmaz. Ol durmaly, häziriň özünde durmaly. Gyzyň ýeňiljek pyrlanmagyny elçarpyşma bilen goldan ýigitlerden ýene birki sanysy tansa çykdy. Şol pursatda gyz birden saklandy. Onuň göwnüne bolmasa, indi ol daş – töwerege garşy ýöränokdy-da, daş – töwerek oňa tarap ýöreýärdi. Uzyn tans zalynyň bir burçy aşak çökende, beýleki bir burçy has ýokary galyp, edil suwda yranýan gaýygyňky ýaly hereket bilen gyza tarap süýşüp gelýärdi. Ol munuň hakykatmy ýa hyýaldygyna düşünjek bolup, gözüni giňden açdygyça, gözüniň öňi garaňkyrap, garynjalar goşuny peýda bolýardy. Toý zalynyň atyr bilen garyşan işdäçarlarynyň ysy başga wagt tapmadyk ýaly, edil şo pursatda gyzyň burnuna doldy. Onuň yzýany bilen içgileriň we ş.m zatlaryň ysam ýaňkyň üstüne goşuldy. Gyzyň çalarak ýüregi bulanmaga başlady. Ýöne onuň bagtyna gapdaldaky stollardan çykýan demir çemçeleriniň inçejik sesi gulagyna eşidilip, ýüregini bulaýan ysdan ünsüni sowdy. Şo pursatda-da aýdym gutardy, hemmeler şadyýan çapak çalşyp, biraz demini dürsemek üçin oturmaly ýerlerine tarap ýörediler. Ýolboýy olar tansa çykyp, üýtgeşik we hyjuwly tans eden gyza minnetdarlyk bildirmegem unutmadylar. Gyz bolsa henizem aýňalmadyk ýaly, aňka – taňka bolup durdy. Elinden tutup, bir gyra çykaran dolmuş daýza kimiň gyzydygy, öýleriniň nirededegi barada üzlem – saplam habar berýärdi. “Size gudaçylyga barsak bolarmyka?” diýen soragyna çalaja baş atýardy.
Bägül ATAÝEWA

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.