Daniel Defonyň “Robinzon Kruzo” romanynda magaryfçylyk döwrüniň ideýalary.
Daniel Defonyň durmuş ýoly. Defo 1661-nji ýylda Londonda doglupdyr. Onuň kakasy Jeýms Fo söwdagär bolupdyr. Defo öz atasynyň adynyň öňüne “de” diýen bölejigi goşupdyr. Defonyň kakasy şem ýasaýan dükanyň eýesi hem de et, ýag satmak bilen meşgullanypdyr. Olar gurply ýaşapdyrlar we dini-puritan maşgalasyna degişli bolupdyrlar. Ol döwürde dini reformator şweýsariýaly ruhany Žan Kalwiniň tarapdarlaryna Angliýada “puritanlar” diýip at beripdirler.
Defonyň döredijiliginde magaryfçylyk edebiýatynyň alamatlary.
XVII asyrda Angliýanyň durmuşynda birnäçe wajyp wakalar bolup geçýär. 1642‒1649-njy ýyllarda buržuaz rewolýusiýasy bolup geçýär we feodalizme aýgytly zarba urulýar. Patyşa Karl I kazyýete çekilip, ölüm jezasyna höküm edilýär. Buržuaz-rewolýusion häkimiýet tä 1660-njy ýyla çenli dowam edýär. 1660-njy ýylda Restawrasiýa döwri başlanýar. 1689-njy ýylda “şöhratly rewolýusiýa” bolup geçýär we buržuaziýa dolandyryjy synpa öwrülýär. Netijede, Angliýada kapitalizmiň ösmegine giň ýol açylýar. XVIII asyrda Angliýada buržuaziýa patyşa dolandyryş düzgünini çäklendirýär we ýurdy dolandyrmakda esasy güýje öwrülýär. Angliýada hukuklary çäklendirilen patyşa we parlament ýurdy dolandyrýar. Ýurtda ykdysady öwrülişik bolup geçýär. Şu döwürde iňlis edebiýatynda we filosofiýasynda täze ugurlar peýda bolýar. Irki magaryfçylar öz filosofik-ahlak gözleglerinde Jon Lokkyň “Adam akyly barada tejribe” (1690 ý.) atly eserinden ugur alypdyrlar. Jon Lokk diňe bir adamlaryň tebigy taýdan deňligini yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem şahsyýetiň kemala gelmeginde
jemgyýetçilik we geografik, tebigy şertleriň hem täsir edýändigini nygtayarlar.
a) “Robinzon Kruzo” eserinde magaryfçylyk döwrüniň ideýalarynyň görkezilişi.
Gündelik durmuşumyzda Robinzonyň ady agzalanda, adatça hiç kimiň ýok ýerine düşen, bütin jemgyýetden üzňe ýaşan gahryman göz öňümize gelýär. Bu bolsa adatdan daşary ýagdaý bolup, gahrymanda ähli ruhy we fiziki güýçleriň özünde jemlenendigini görkezýär. Gahrymanyň başdan geçirmeleri ýadowlyk, näbelli ýerdäki ýalňyzlyk, diri galmak üçin alnyp barylýan söweş, hasrat we ruhubelentlikden doldurulandyr.
Ilkinjileriň hatarynda magaryfçylyk edebiýatynda öňe sürülen pikir, adam azatlygy we urşuň, ýagny bigünä adamlaryň ganynyň dökülmegine bolan garşylyk bolup durýar. Daniel Defonyň “ Robinzon Kruzo” romany hem bu meseleleriň üstünde durup geçýär. Romanyň gahrymany Robinzony ene-atasy iň gowy okuw jaýynda okatsalar hem onuň küýi deňizde syýahat etmekde bolýar. Ol ene- atasynyň iberen pullarynyň bir mukdaryny süýşürip goýýar. Haçanda Kruzo öýüne gelende öz isleglerini maşgalasyna aýtýar. Emma ene-atasy Kruzo garşy çykýarlar. Sebäbi Robinzonyň dogany hem öz islegi boýunça meýletin urşa gatnaşyp wepat bolupdy. Maşgalada Kruzo körpe bolany hem-de ýekeligi üçin ene- atasy ony ýanyndan aýrasy gelmediler. Şeýle hem bolsa Robinzon ejesine aýdyp öz islegleriniň yzyndan gidýär.
Haçanda eseriň gahrymany ada düşende onuň durmuşynyň iň agyr pursatlary başlaýar. Kruzonyň ýoldaşlary gark bolýar ýeke özi adada ýaşamaga başlaýar. Bu ýerde Robinzonyň ruhunyň esasy islegini we özenini görmek bolýar. Ýagny hakykat duýgusy, ýagdaýlara düýpli baha bermek, bir adam betbagytçylykdan gutulyp diri galan bolsa onda ýaşamaly, islendik kynçylykdan çykalga tapmaly diýen pikiri öňe sürýär. Şeýle hem bu ýerde magaryfçylyk edebiýatynyň iň uly aýratynlyklary akyl, zähmet, we terbiýe öňe sürülýär.
Romanda gahrymanlaryň keşpleriniň suratlandyrylyşy.
Robinzonyň keşbi: Eserde Robinzon 28 ýyllap adam aýagy sekmedik hiç kim ýaşamaýan adada däliremän, ruhdan düşmän, özüni ýitirmän ýaşaýar. Robinzon ruhubelent, ol dürli kyn ýagdaýlarda hem öz ukybyna, akyl paýhasyna daýanyp, kynçylyklary ýeňip geçip, der döküp öndürijilikli zähmet çekip ýaşamalydygyny öz mysalynda görkezýär.
Ksuriniň keşbi: Garaýagyz arap oglany. Robinzon gulçulukda bolan ýyllarynda Ksuri atly oglan bilen tanyşýar we olar bilelikde öz eýesine hyzmat edýärler. Ksuri örän akylly we ynamly oglan bolup, Kruzonyň hem ynamyny gazanýar. Ol örän işeňňir hem-de özünden ula hormat goýýan keşp bolup durýar.
Annanyň keşbi: Anna ýabany adamlaryň taýpasyndan bolup, ol Robinzona gulluk edýär. Anna wepaly, akylly, maksada okgunly, tutanýerli, çalasyn, ugurtapyjy keşp. Haçanda Robinzon ony beýleki ýabanylardan halas edende, ol Robinzona wepaly bolup galýar. Ol zehini bilen Robinzony haýran galdyrýar. Robinzonyň öwreden zatlaryny ýagny iňlis dilinde gürlemegi, ekin ekmegi, süýtden süýt önümlerini ýasamagy, haýwanlary eldekileşdirmegi çalasynlyk bilen öwrenýär.
Annanyň kakasy: Robinzon Kruzo we Anna adada bolan döwürlerinde birnäçe wakalara şaýat bolýarlar. Ilki bilen olar başga ýabany adamlaryň öz adalaryna aýak basandyklaryny görýärler we öz watanyny goraýan esgerler dek, adasyna hem eýe çykýarlar. Ähli tarap suw bilen gurşalandygy üçin deňizde syýahat edýän gämiler adada düşläp geçýärdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rahmangulyýewa Ýazgül

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.