O'Genriniñ Soňky ýaprak eseriniň ideýa çeperçilik derňewi
O’Genri (iňlisçe O’Henry- lakamy, hakyky ady- Wilýam Sidneý Porter) – görnükli iňlis ýazyjysy, prozaçysy, birnäçe ady belli, gyzykly we garaşylmadyk ýagdaýda üýtgeşik wakalar bolup geçýän nowellalaryň awtorydyr.
Wilýam Sidneý Porter 1862-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda demirgazyk Karolina ştatynyň Grinsboro atly şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy Doktor Algernon Sidneý Porter fizik bolupdyr. Ejesiniň ady bolsa Meri Jeýn Wirginia Sweým Porter bolupdyr. Olar 1858-nji ýylyň 20-nji aprelinde durmuş gurupdyrlar. Ýaňy bir 3 ýaşyndaka onuň ejesi inçekeselden aradan çykýar we kakasy öz ejesiniň öýüne göçýär. Çaga wagty, Porter köp okapdyr. Klassiki eserlerden romanlara çenli okapdyr. Onuň iň gowy görýän eseri “Müň bir gije ertekileri” bolupdyr. Azyrak wagtdan soň ol kakasynyň aýal doganynyň elinde terbiýelenip başlaýar.
Başga bir maglumata görä bu at fransuz farmasewti Etena Oseana Anriniň ady bilen baglanyşykly diýip bellenilýär. Ýene-de bir alym Gaý Dewonportyň aýtmagyna görä “O’Genri”- diýmek bu ýazyjynyň tussaglykda bolan türmesiniň, ýagny, Ohio Penitentiary türmesiniň ady bolmagy mümkin diýen çaklama bar diýip belläp geçýär.Gazetleriň birinde Wilýam Sidneý Porter “O” harpyny Oliwer diýen at bilen düşündirýär. Hakykatdan hem ol öz eserleriniň käbirlerinde awtory Oliwer Genry diýen at bilen çap etdirýär.
Ömrüniň ahyrynda O’Genri bagyr sirrozyndan we süýji keselden ejir çekýär. Ýazyjy 1910-njy ýylyň 5-nji iýunynda Nyu-Ýorkda aradan çykýar. Ýazyjy aradan çykyp aradan 8 ýyl geçeninden soň, onuň hatyrasyna her ýylda berilýän O. Genriniň adyny göterýän baýrak gowşurylýar.
Ýazyjynyň “Soňky ýaprak” eserinde ýaşamaga bolan umyt temasynyň görkezilişi.
Hekaýada birnäçe möhüm temalar bar. Olaryň ilkinjisi töwekgelçilik we sadaka. Bu örän möhüm tema, sebäbi jenap Behrman öz janyny howp astynda goýýan hem bolsa Jonsä umyt berýän soňky ýapragyň suratyny çekýär. Ol Jonsiden özüne ynanmagyny we erbet pikirlerden daşda bolmagyny isleýär. Şu nukdaýnazardan biz ýene bir möhüm temany gozgap bilýäris: adamlara daşky görnüşi we derejesi boýunça baha bermäň! Hekaýada iň gödek gahryman jenap Behrman. Ol keltejik gödek garryja adam bolup, hiç kime ýumşaklyk görkezmeýär. Emma ol gyzyň janyny halas edýän ýapragy çekmek bilen iň uly “ýumşaklygy” görkezýär. Onuň gorkunç daş keşbine we “sungatda emelsizligine” garamazdan, ol gahrymanyň edýän işlerini edýär we gyzyň janyny halas etmek üçin öz janyny gurban edýär. Netijede, biz adamlary olaryň şekline görä däl-de edýän işlerine, hereketlerine görä baha bermelidiris.
Şeýle-de hekaýada ýene-de bir möhüm tema beýan edilýär. Bu tema Sýu bilen Jonsiniň arasyndaky örän ýakyn dostlukdyr. Olar bir-birini söýýärler we goldaw berýärler. Biz Sýuny jorasy keselden ejir çekýärkä ol barada nähili alada edýändigini görüp bilýäris. Ol oňa goldaw berýär we ony umytdan düşürmeýär. Şeýlelikde, dostlugyň durmuşyň dowam etmeginde nähili derwaýys zatdygyna göz ýetirýäris.
Derňelýän hekaýada wakalar Nýu-Ýorkuň Grinwiç obasynda iki sany gahrymanyň, Sýu bilen Jonsiniň arasynda bolup geçýär. Hekaýadaky wakalaryň guralyşy realistik bolup, ol umumy görnüşde beýan edilýär. Bu bolsa wakalaryň aslynyň we sebäpleriniň görkezilmegine, gahrymanlaryň häsiýetleriniň şöhlelendirilmegine we temanyň güýçlenmegine getirýär. Penjiräniň aňyrsynda üzüm dalbary bar we ol hekaýadaky möhüm elementleriň biri bolup, hekaýa düşünmekde uly rol oýnaýar. Üzüm dalbaryndaky soňky ýaprak bolsa ölümsizligiň, umydyň we ynamyň nyşanydyr.
ç) Nowellanyň gahrymanlarynyň keşpleri.
Hekaýada 5 sany gahrymana duş gelmek bolýar. Olar Sýu, Jonsi, Behrman, Lukman we Nýumonia. Hekaýanyň baş gahrymanlary Sýu, Jonsi, jenap Behrman dagylar bolup olar položitel gahrymandyrlar. Lukman ikinji derejeli gahryman bolup çykyş edýär. Jenap Nýumonia bolsa otrisatel gahryman hökmünde tanalýar.
Sýunyň keşbi diňe gytaklaýyn suratlandyrmalar bilen beýan edilýär. Ol ýaş gyz we şol bir wagtyň özünde iň gowy jorasy bilen bir otagda ýaşaýan suratkeş hökmünde görkezilýär. Ol mylaýym we akylly gyz. Ol töwekgel bolmak bilen öz jorasynyň gowulaşmasy üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Ýene-de bir gahrymanlaryň biri Sýu. Ol öz jorasy üçin elinden gelen kömegi edýär. Gije-gündiz onuň ýanynda bolup, oňa seredýär. Ol arasynda gazanç edip, Jonsi üçin çakyr alýar hem-de oňa çorba bişirip naharlaýar. Haçan-da Jonsi ruhdan düşen mahaly Sýu oňa hemişe göwünlik berýär. Eserde ýazyjy Sýunyň üsti bilen hakyky dostlygyň bardygyny görkezýär.
Sýu Jonsini gowy görýär we elmydama oňa goltgy berýär. Ol onuň saglygy barada alada edýär. Ol öz umydyny ýitirmeýär. Lukman Jonsiniň keselini anyklap ol barada Sýudä aýdanyndan soň, ol gözýäş döküp aglaýar, ýöne biraz wagtdan soňra ol köşeşip, aýdyma hiňlenip Jonsiniň otagyna girýär we pul gazanmak üçin surat çekmegine dowam edýär. Biz kontekstden Sýudiniň mähirli, mylaýym we şepagatly gyzdygyna göz ýetirýäris.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ỳyl talyby Sadykow Şirmyrat

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.