Jonatan Swiftiň "Liliputiýa syýahat" eseriniň ideýa-çeperçilik derňewi.

Jonatan Swiftiň ömri we döredijiligi.

Jonatan Swift 1667-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Irlandiýanyň Dublin şäherinde eneden dogulýar. Swiftiň kakasy ýaş aradan çykypdyr. Jonatan swift bir ýaşynda wagty ol şepagat uýasy tarapyndan Waýthawena, Angliýanyň Kumberland şäherine äkidilýär. Ol ýerde Jonatan Swift Injili okamagy öwrenýär. Birnäçe ýyldan soňra Jonatan Swiftiň maşgalasyna onuň daýysy Godwin Swift kömek edipdir.
Jonatan Swift ilki başlangyç mekdebi, sonra koleji gutarypdyr. Haçanda ol alty ýaşyna baranda latyn dilini gowy bilipdir, şeýle hem on bäş ýaşynda ýagny 1682-nji ýylda okuwy tamamlaýar. Şol ýyl Swift Dublindäki Trinit kollejine okuwa girýär. Dört ýyllyk okuw esasan orta asyrlarda ruhanylyk üçin kesgitlenen okuw meýilnamasy bolup, sapaklarda Aristoteliň logikasy we pelsepesi agalyk edýärdi. Swift okuwy ortaça bahalar bilen okap gutarýar we 1686-njy ýylda bakalawr derejesini alýar. Soňra Jonatan Swift magistr derejesini almak üçin okuwyny dowam etdirýär. Emma Irlandiýadaky syýasy ýagdaýlar Swifti 1688-nji ýylda Angliýa gitmäge mejbur edýär. Ol şol ýerde Wilýam Templiň kitaphanasynda kätip we şahsy kömekçi hökmünde işe başlaýar. Templ iňlis diplomaty bolup, jemgyýetçilik gullugyndan aýrylyp baglaryna ideg etmek üçin şeýle hem ýatlamalary ýazmak üçin pensiýa çykan adamdy.
Liliputiýa syýahat” eserinde gozgalýan ideýalar we temalar.
Eserde ylmy-açyş temasy : Jonatan Swiftiň ýaşan döwründe ylmy açyşlara köp üns berilýändigi üçin, bu eserde birnäçe açyşlary aýdyň görkezýär. Şol döwürlerde kartada entek açylmadyk ýerler diýlen ýazgynyň köp bolmagy adamlaryň geografiýa bilen gyzyklanýandygyny görkezýär. Gulliweriň hem birnäçe ýerlere barmagy şeýle hem onuň näbelli bir ada düşmegi bu temany aýdyň görkezýär. Şeýle hem Gulliweriň öwrenen Liliputiýalylaryň diliniň üsti bilen dünýäde başgada birnäçe bilinmeýän dilleriň bardygyny hem belläp geçýär.
Dost-doganlyk temasy: Bu eserde ýazyjy Gulliweriň hem-de girdenekleriň üsti bilen ynsanperwerlik temasyny açyp görkezýär. Haçanda Gulliweriň gowy adamdygyny bilenlerinde liliputlar oňa mähirli ýüz bilen seretmäge başlaýarlar. Olar bilelikde Gulliwere nahar taýýarlaýarlar we täze eşik tikip berýärler. Gulliwer hem öz gezeginde bolgusyz zat ýüzünden birnäçe ýyllap uruş alyp barýan iki imperatorlygy ýaraşdyrmakçy bolýar. Mildendanyň hökümdaryna hereketiniň ýalňyşdygyny düşündirjek bolýar. Emma başa barmaýar. Haçanda Gulliwer Blefusku imperatorlygyna baranda öň gämilerini garşy tarapa äkidendigine garamazdan, adanyň imperatory we halky Gulliweri gyzgyn garşylamagy, oňa gaýygy bejermäge kömek etmekleri adamyň jynsyna, milletine, dinine garamazdan, kömege metäç adama kömek etmelidigini, ýazyjy açyk we aýdyň suratlandyrýar.
Eseriň ideýasy : Ýazyjy gahrymanlarynyň üsti bilen birnäçe ideýalary açyp görkezýär. Ýazyjy durmuşy dogruçyl görkezip, jemgyýetiň kemçiligini açyp görkezmeli, adamlary ýokary ahlak, ynsanperwerlik, öňdebaryjy ideýalaryň ruhunda terbiýelemeli diýen pikirleri öňe sürýär. Eserde dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, ugurtapyjylygyň, akylyň, zähmediň, oýlap tapyjylygyň üsti bilen Jonatan Swift bu romanda öňki feodal jemgyýetiniň gurluşyny ýazgaryp magaryfçylyk ideýasyny öňe sürýär.
Eserde gozgalýan mesele: Ýazyjy eserde şol döwrüň baý gatlagyny ýazgarýar, şeýle hem köp ýurtlarda alnyp barylýan uruşlary göz öňünde tutup, urşuň diňe betbagtçylykdan başga zat getirmeýändigini öňe sürýär.
“Liliputiýa syýahat” atly romanynyň gahrymanlarynyň keşbi.
Gulliweriň keşbi: Gulliwer adaty maşgalada doglup olar bäş sany dogan bolupdyrlar. Olaryň üçinjisi bolsa Gulliwerdi. Gulliweri kakasy Emanuel kollejinde okatýar Şol kollejde okap ýören wagtlary ol jenap Jeýms Beýts bilen tanyşýar. Jeýms Beýt hem Gulliwer öň kapitan we hirurg bolup işlän Abraham Pannel bilen tanyşdyrýar. Birnäçe wagtdan soň Gulliwer durmuşyny üýtgetmek maksady bilen jenap Edmund Bertonyň ikinji gyzy Meri Berton bilen durmuş gurýar. Gulliweriň bir gyzy we bir ogly bolýar. Soňra ol maşgalasynyň gowy ýaşamagy üçin “Adwençer” atly gämide işe başlaýar. Şeýlelik bilen Gulliweriň başdan geçirmeleri başlaýar. Gulliwer örän sypaýy adam. Biz Gulliweriň şeýledigini onuň Liliputýa adasyna düşende görüp bilýäris. Adamjyklar ony birnäçe ýüpler bilen baglanda, Gulliweriň gahary gelmeýär. Tersine ol nätänyş bir ýurduň nähilidigini, medenýetini, dilini, dinini öwrenmek isleýär. Kiçijik adamlary sylaýar. Olar hem öz gezeginde Gulliweri syllaýardylar. Muňa mysal edip Gulliweriň açlykdan ölmezligi üçin nahar berişlerini we täze köýnek tikmeklerini mysal alsa bolar. Mundan başga-da, Gulliwer iki ýurduň arasyndaky uruş meselesini bilende olary ýaraşdyrmak üçin Mildendanyň hökümdaryna erbet görünýär we kör etmekjezasyndan gaçyp Blefusku adasyna sygynýar.
Mery Berton: Nýugeýt köçesinde ýaşaýan jenap Edmund Bertonyň ikinji gyzy. Ol örän sada we owadan bolupdyr. Gulliwer öz dostlarynyň maslahaty bilen Mery Bertona öýlenýär. Birnäçe wagtdan soňra olaryň bir gyzy we bir ogly bolýar. Olar gyzyna Betti we ogluna Jonni diýip at dakýarlar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň günleri kynlaşýar we Gulliwer söwda maksady bilen syýahata ugraýar.
Liliputiýanyň ilaty: Bu ýerde iki sany duşman imperator bolup, olaryň urşy ýumurtgany haýsy tarapyndan döwmelidigi hakyndady. Ýazyjy bu wakany bermek bilen döwletleriň arasyndaky bolgusyz sebäplere görä turýan uruşlarda halkyň ejir çekýändigini belläp geçýär. Mildenda şäheriniň hem-de Blefusku adasyndaky ýaşaýan liliputlar örän zähmetsöýer we agzybir adamlardyr. Biz olaryň şeýle hereketdedigini haçanda Gulliwer ada düşende, olaryň Gulliwere birlikde hyzmat edişlerinden hem-de oňa täze köýnek hem-de öýüne dolanmak üçin gerek bolan zatlaryň biri bolan ýelkeni tikip bermeklerinden netije çykaryp bilýäris.
Liliputiýanyň imperatory: Boýy 6 dýuým bolup, ( takmynan 15 sm) beýleki liliputlardan uzyn. Ol ulumsy imperator bolup, oňa “ älemiň şatlygy we elhençligi” diýip at beripdirler. Ol özüne çenden aşa ähmiýet berýär. Ol ilki Gulliweri boşadýar, haçanda Gulliwer bilen sözi azaşanda bolsa, şonça eden ýagşylyklaryna seretmezden ony kör etmek üçin dil düwşik guraýar.
Flimnap: Liliput gaznasynyň lord kansleri. Flimnap Gulliweri örän ýigrenýär. Ol Gulliwere zyýan ýetirip bilmesede, oňa zeper ýetirjek ähli dil düwüşliklerde orun alýar. Flimnap ulumsy, gopbam we görip adam bolup, ýazyjy bu gahrymanyň üsti bilen, öz döwründäki ýokary derejedäki adamlaryň häsiýetini açyp görkezýär.
Reldressel: Liliputiýanyň gizlin işler boýunça sekretary. Şeýle-de bolsa Reldressel, watandaşlaryndan tapawutlylykda dogruçyl we ak ýürekli gahryman. Ol Gulliwer bilen dostlaşyp, imperatoryň ony öldürmek isleýändigini habar berip, Gulliweriň janyny halas eden adamdyr. Jonatan Swiftiň eserde beýle gahrymany döretmegi, zalym jemgyýetde-de özüňe mynasyp adam tapyp boljakdygyna ynam döredýär.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-ýyl talyby Muhammedow Sapar
2 лайков 126 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
kesirkelle
10 май 2023, 06:13
Gulliwer hem öz gezeginde bolgusyz zat ýüzünden birnäçe ýyllap uruş alyp barýan iki imperatorlygy ýaraşdyrmakçy bolýar.

Bolgusyz zat sebapli dp alsa bolardy. Dowam edip bilmedim.
#B.S
10 май 2023, 06:22
kesirkelle,
Multiginde betdeý
-Wepalylyk aýdymy
-Bakylyk aýdymy
????
#B.S
10 май 2023, 06:23
Äpetleriň ýurdunda, uçýan adadaky gezelenç we Guigngnmlar ýurdy bölümlerniňem analizini etseňiz has täsirli bolordy
#B.S
10 май 2023, 06:24
Makalaň ady hem gelişmändir. Diňe Gulliwerden mysal getirlen onda da birje bölüminden.
kesirkelle
10 май 2023, 09:24
Khanture, :) menem şol aýdymlary ýatlap otyrdym.