Gerbert Wellsiň “Aýdaky ilkinji adam” eseriniň ideýa-çeperçilik derňewi.
Gerbert Wells iňlis ýazyjysy we publisistidir. Gerbert Jorj Wells sosial fantastik romanlaryň awtory hökmünde dünýä edebiýatyna girdi. Wellsi ylym we tehnikanyň ösüşiniň adamlaryň ykbaly bilen baglanşygy ýakyndan gyzyklandyrypdyr.
Gerbert Jorj Wells 1866-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Beýik Britaniýanyň Bromli diýen ýerinde eneden dogulýar. Onuň kakasy Jozef Wells we ejesi Sara Nil baý adamlaryň öýünde hyzmatkär hem-de bagban bolup işläpdirler. Azyrak wagtdan soň olaryň ikisi hem farfor önümlerini öndürýän dükanyň eýeleri bolýar.
Öz eserleriniň esasyna Wells maddy ýaşaýşy däl-de, ruhy ýaşaýşy goýýar. Ol adamy üýtgetmeklik üçin jemgyýet durmuşynyň esaslaryny däl-de adamyň özüni üýtgetmeli diýip aýdýar. Bu bolsa okyjylara dürli ýagdaýlara garamazdan adam elmydama halal, zähmetsöýer, mylaýym bolmalydygyny, kynçylyklaryň öňünde ejizlemeli däldigini görkezýär. Romanlaryň üsti bilen ýazyjy adamlaryň elmydama ak ýürekden, wyždanyna göra ýaşamalydygyny, şeýle etseler elmydama öz maksatlaryna ýetjekdigini görkezýär.
Aýdaky ilkinji adam eseriniň sýužeti.
Wellsiň eserlerini okap başlanyňda göýä sen bir dünýäň gapysyny açýan ýaly. Şol dünýäde ýaşamana başlaýaň. Ilki bilen biz onuň ýaşaýjylary bilen öýüň içindäki gurluşy bilen gelip gidýän myhmanlar bilen we soňra bolsa duýdansyz bir zadyň bolaryna syn edip sen bir ünsli tomaşaça öwrülýäň. Wells öz gahrymanlaryny diýseň şeýle bir manyly beýan edýär, okap barşyňa olaryň toslama gahrymandygyny hem ýatdan çykarýaň. Bular diňe dialoglaryň üsi bilen däl-de, eýsem herektleridir, hileleri, hemişeki gahrymanlaryň aň akymy bilen bilelikde olaryň pikirleridir duýgulary bilen okyja şeýle bir täsirli ýagdaýda ýerine ýetirýär. Okyjy diňe ony okap özüniň dünýagaraýyşyna, tejribesine daýanyp netije çykaraýmak galýar. Ol ýa-da beýleki ýagdaýlara görä gahrymanlarda şoňa görä-de gerekli atmosfera olaryň aňynda döreýär.
Gerbert Wellsiň “Aýdaky ilkinji adamlar” atly eserde sýužetiň ösüş dowamynda her bir epizod, her bir sahna bir wagtyň özünde iki funksiýany ýerine ýetirýär. Birinjiden, her bir epizod, her bir sahna gahrymany haýsyda bolsa bir tarapdan häsiýetlendirýär. Ikinjiden, indiki, ýagny geljekki epizoda ýa-da sahna esas taýýarlanylýar. Sebäbi her bir soňky epizod ozalky epizodyň içinden syzylyp çykýar, ýagny ozalky sahnasynyň logiki dowamy bolýar. Emma muňa garamazdan awtor eseriň bir epizodyny okap, indikide gahrymanlara nämäniň garaşýandygyny okyja sorag edip goýýar. Eseri okap barşyňa, setirleriň arasyndan dyňzap geçip, indi näme bolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp, takadyň ýetmän bilesigelijiligiň barha güýç alýar.
Eserde gahrymanlaryň keşpleriniň suratlandyrylyşy
Eseriň gahrymanlarynyň sazlaşygynyň ýokary derejededigini bellemelidiris. Bu sazlaşyk her bir gahrymanyň eserdäki ornuny has-da ýokarlandyrýar. Eseriň baş gahrymanlaryndan başlap, eseriň kiçijik rollaryny ýerine ýetirýän gahrymanlara çenli eseri janly göz öňüne getirmegimize ýardam edýär.
Jenap Keýwor.
Tutuş ömrüni ylym-bilime bagş eden alym jenap Keýwor adamzdyň ylymda-bilimde täze sepgitlere ýetmegi üçin janyny töwekgelçilige atýan, batyr we edermen baş gahryman hökmünde suratlandyrylýär. Gynansakda jenap Keýwory goldamaga öz işdeş dosty jenp Bedfordyň kömegi degmeýär.
Jenap Bedford.
Aýa gitmek pikirine razy bolandygyna ynanyp bilmeýän alym jenap Bedford Aýda özüni diňe gorkuda duýýar. Ol adamzadyň ösüşine goşant goşmak aladasy bolmadyk, öz janynyň aladasynda ýaşaýan gahryman hökmände negatiw keşp arkaly suratlandyrylýar.
Selenitler.
Adamzat bilen allegorik taýdan deňeşdirilip beýan edilýän Aý halky iki topara bölünen jandarlardan ybarat bolup durýar. Olaryň bar işi günlerini geçirmek. Olaryň ylym-bilim, ösüş barada pikir-aladalary ýok. Olaryň ýaşaýyşlary we daşky keşpleri hem üýtgeşik. Dlandyryjy we gulçulyk edýän selenitler edil adamzadyň durmuňyny başgaça garaýyş bilen beýan edýän ýaly suratlandyrylýar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet unimersitetiniňiňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5 -nji ỳyl talyby Saparowa Meňli

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.