Gurbandurdy Zelili-watançy şahyr#düzme
Meýilnama:
1.Gurbandurdy Zeliliniň ömür ýoly.
2.Zeliliniň döredijiligi.
3.Şahyryň ,,Watanym, seni'' goşgusy.
4.Gurbandurdy Zelili-Bagtyýarlyk döwründe.
Gurbandurdy Zelili Gürgeniň Garaguzy obasynda 1800-nji ýylda dogulýar. Onuň kakasynyň adyna Mämmetdöwlet, ejesiniň
adyna Hurma diýipdirler. Gurbandurdy-şahyryň çyn ady, edebi lakamy-Zelili. Zelili-zelil, horlanan, ezilen diýmegi aňladýar. Şahyr örän zehinli bolupdyr. Ol bilimini artdyrmak maksady bilen Gürgen medresesinde okapdyr. Zelili ýigitlik ýyllarynda Döndi diýen gyza aşyk bolupdyr. Ýöne olar döwrüň ýaramaz urp-adatlary sebäpli, durmuş gurup bilmändir. Ol Nurygyza öýlenýär. Nurygyzdan bir näçe çagalary bolupdyr, ýöne olar ýaşlyk ýyllarynda aradan çykypdyr. Zeliliniň ýogalmazyndan alty aý öň ogly bolýar. Oňa Mämmetdöwlet diýip, kakasynyň adyny dakypdyr. Şahyr 1852-nji ýylda aradan çykypdyr.
Gurbandurdy Zelili watançylyk, mertlik, batyrlyk, ahlak, yşk-söýgi wedurmuş temalarynda goşgulary ýazypdyr.
Şahyr ,, Watanym, seni" goşgusynda Watanyň il-günüň garaşsyzlygyny gorap saklamagyň mukaddes işdigini nesilleriň duýgy-düşünjesine ornaşdyrmak maksady bilen, dürli çeperçilik serişdelerinden başarnykly peýdalanmagy başarypdyr.
1983-nji ýylda Zeliliniň doglan gününiň 200 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. Onuň doglan obasyna ady dakyldy. Gurbandurdy Zelili barada ýazyjy-şahyrlarymyz bir näçe çeper eserler ýazyp, edebiýatda onuň keşbini döretseler, nakgaşlarymyz şahyryň suratyny kononiki portretini çekdiler.

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.