Ýagşydyr

Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,
Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr.
Goly giň, köňli dar, çykymsyz handan,
Işiň düşse, mert galtaman ýagşydyr!

Ýigidi ýok eder ýoksuzlyk, dert hem,
Gaýratsyz ýigitden gowudyr it hem,
Bigadyr gardaşdan gadyrly ýat hem,
Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr!

Bu dünýe maly diýip geçmen ýagşydan,
Yrak otur muhabbetsiz kişiden, Betlagam ýoldaşdan, ýaman goňşudan
Ýuwaşja aýrylyp, gaçan ýagşydyr!

Bir habar gelipdir aşygy-zardan,
Ýitidir neşterden, sowukdyr gardan,
Sölite hatyndan, betlagam ärden
Eýesine yssy haýwan ýagşydyr!

Zelili, bar zatdan ölümdir gaty,
Ölümden-de gaty kişi minneti,
Mollalar öwerler ol kyýamaty,
Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr.

Gurbandurdy ZELILI
3 лайков 857 просмотров
27комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hanguly
01 мар 2022, 21:37
"Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan, Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr"

Şu sözüň manysyna düşünýäňizmi ? Siz bir teswiriňizde Gökdepe urşuna türkmenleri günäkärläpdiňiz, siziň her ýazan "agyr we milli" şekildäki temalaryňyz maňa ýasama gelýär birhili.
Hiayress
01 мар 2022, 21:49
Ýagşydyr/Zelili

Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,
Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr,
Goly giň, köňli dar çykymsyz handan,
Işiň düşse, mert galtaman ýagşydyr.

Ýigidi ýok eder ýoksuzlyk dert hem,
Gaýratsyz ýigitden gowudyr it hem,
Bigadyr gardaşdan gadyrly ýat hem,
Nadan dostdan dana duşman ýagşydyr.

Bu dünýä maly diýp, geçmäň ýagşydan,
Ýyrak otur muhapbetsiz kişiden,
Betlagam ýoldaşdan, ýaman goňşudan,
Ýuwaşja aýrylyp, gaçan ýagşydyr.

Bir habar gelipdir aşyky-zardan,
Ýitidir neşterden, sowukdyr gardan,
Sölite hatyndan, betlagam ärden,
Eýesine yssy haýwan ýagşydyr.

Zelili, bar zatdan ölümdir gaty,
Ölümden-de gaty kişi minneti,
Mollalar öwerler ol kyýamaty,
Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr.
Ali
Автор 01 мар 2022, 21:56
Wlad seninem Pegasa garshy jogap hokmunde bir teman bardy turkmenlerin gecmishi hakynda agzalalygy sebapli yene plan diyip.

Gokdepe meselesinde bolsa men oz pikirimde galyan bu diymeklik oz turkmenimizi gunaker etmek dal.
Ali
Автор 01 мар 2022, 21:59
Her hili we agyr diyyan weli acan mowzuklarymyn sany 10da yetenokla :)
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:00
Hiayres sagbol dost :)
Ötegçi
01 мар 2022, 22:07
Цитата: Awram Grant
Wlad seninem Pegasa garshy jogap hokmunde bir teman bardy turkmenlerin gecmishi hakynda agzalalygy sebapli yene plan diyip.

Gokdepe meselesinde bolsa men oz pikirimde galyan bu diymeklik oz turkmenimizi gunaker etmek dal.

bir teswiriñde günä bizde(türkmenlerde) oruslar diñe ýol çekip, medenýet getirjekdi diýýadiñ welin soñky gürrüñiñä birhili boldy dost hihi
Hiayress
01 мар 2022, 22:08
Awram Grant,
Agam, şu Wlady ors öwülýäň daşyndan aýlasaň peýda edermikä?!))
Ötegçi
01 мар 2022, 22:10
Цитата: Hiayress
Awram Grant,
Agam, şu Wlady ors öwülýäň daşyndan aýlasaň peýda edermikä?!))
sizem ters öwribermesin birden elektrik
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:22
Otegci men hazirem sho pikirde
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:22
Hiayres ay nableyin duzeler gowja ishan molla tapsak
Hanguly
01 мар 2022, 22:23
Цитата: Awram Grant
Wlad seninem Pegasa garshy jogap hokmunde bir teman bardy turkmenlerin gecmishi hakynda agzalalygy sebapli yene plan diyip.

Gokdepe meselesinde bolsa men oz pikirimde galyan bu diymeklik oz turkmenimizi gunaker etmek dal.

Indem başga zat gürleýäňiz.
Hanguly
01 мар 2022, 22:24
Цитата: Hiayress
Awram Grant,
Agam, şu Wlady ors öwülýäň daşyndan aýlasaň peýda edermikä?!))

Sizä hakyky jahyl ekeniňiz. Ilki bilen bu diýeniňiziň tema bilen baglanşygy ýok. Indem gaty gitmäň, duýdurýan.
Hiayress
01 мар 2022, 22:25
Wlad,
Köp duýdurýaňaý @Wlad sen. Özüň duýduryjy priloženiýa dälsiňdä?!))
Hanguly
01 мар 2022, 22:26
Цитата: Hiayress
Wlad,
Köp duýdurýaňaý @Wlad sen. Özüň duýduryjy priloženiýa dälsiňdä?!))

Admine-de duýdurdym, maňa köp goşulma, men saňa hiç zat diýmedim.
Hiayress
01 мар 2022, 22:28
Wlad,
Ýolaý seň bilen işim ýok. Ýöne utoçnit edäýin diýdim.))
Hanguly
01 мар 2022, 22:28
Цитата: Ötegçi
Цитата: Hiayress
Awram Grant,
Agam, şu Wlady ors öwülýäň daşyndan aýlasaň peýda edermikä?!))
sizem ters öwribermesin birden elektrik

Indi men şu agza şuwagt hiç zat diýemoga, sizem gördüňiz, bu agza has hormatdan çykyp başlady.
Maksat
01 мар 2022, 22:28
Käwagt elli gram içemizde şu goşgyň başyndaky iki setiri gaýtalan bolýas. Iň sowatsyz çopanam şo iki setiri bilýäraý, buýsanan bolýandyrda?
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:28
Wlad eger asylyp olyanem bolsan ozumiz gunakar. Isle jahyl diy mal diy tapawudy yok.
Hanguly
01 мар 2022, 22:29
Цитата: Hiayress
Wlad,
Ýolaý seň bilen işim ýok. Ýöne utoçnit edäýin diýdim.))

Haýyş indi size zat diýmänkäm goşulmaň, men siziň adyňyzy tutamoga, sizem masgaralajak şekilde biderek degişen bolup durmaň, bu hem sizi ýeňles we çaga ýaly görkezýär.
Hanguly
01 мар 2022, 22:31
Цитата: Awram Grant
Wlad eger asylyp olyanem bolsan ozumiz gunakar. Isle jahyl diy mal diy tapawudy yok.

Umuman hiç zat bilmeýänligiňizi kabul etýäňiz. Indä men siziň adyňyzam tutjak däl, (utanýan), watanymyz günäkär däl şony bilip goý, bu düşünje bilen realda gürlemezligiňizi maslahat berýärin. Taryhdanam, syýasatdanam hiç zat bileňzok ekeniňiz.
Hanguly
01 мар 2022, 22:32
Awram Grant,
Sizä has jahyl ekeniňiz bagyşlaň, kiçijek başlangyç çagalaram gökdepe urşuny bilýär.
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:34
Daway oglanlar urushsaga jiwoy urshalyn bizde ruslarynky yaly yarag raketa tank yok. Charshak pil katmen orak dyrmyk dash kerpic palta chekic bycgy ulanarys. Yada dostlashalyn dash towerege gulki bolman.

Haysysynyn tarapdarysynyz Wlad Hiayres
Hanguly
01 мар 2022, 22:37

Bärde men hiç zat barada çekeleşemok, diňe buýsanjym bolan Watanymyň hiç zada günäkär däldigini aýtýan, bary-bolany. Siz bolsa garşy gidip hem Watanymyzy, hem adamlarymyzy, hem milletimizi günäkärleýäňiz. Bu barada ýazylan hemme kitaby "ýalan" hasaplandygyňyzy görkezýäňiz. Onsaň men beýle kişi bilen nädip dostlaşaýyn?! Iň azyndan şu tema-da bir dogry zady biliň.
Ali
Автор 01 мар 2022, 22:38
Taryh kitapda yazlan zada dal Gokdepede ata babalary yashan yerli jitellerden eshden zadymy aytdym. Taryh kitaby elbetde okuwchylar bilerda
Hanguly
01 мар 2022, 22:40
Цитата: Awram Grant
Taryh kitapda yazlan zada dal Gokdepede ata babalary yashan yerli jitellerden eshden zadymy aytdym. Taryh kitaby elbetde okuwchylar bilerda

Iň ýönekeýje mysal getireýin, häzir seniň ene-ataň bir ýalňyş zat etse, ýalňyş zat edilen adamam gelip ene-ataňyza zat diýmän sizi we maşgalaňyzy, tutuş tohumyňyzy gyrýar, (toba etdim, bolmasyn) eýsem şu ýerde-de ene-ataňy günäkärläp bilermisiňiz ? (Şunda düşünmeseňiz onda ýörite günäkärleýändigiňi görkezýäň)
Hanguly
01 мар 2022, 22:42
Awram Grant,
Onda ýerli žitellerem watanyny söýýän däldir-dä. Ondan-mundan eşden zatlaryňyza ynanmaň. Hukugy bilseňiz, adam haklaryny bilseňiz 30 müň adamyň ölümine watany günäkärlemeli däldigini bilersiňiz.
.Resul.
01 мар 2022, 23:12
Name diýseñem pikiriñ nädogry,ruslar urşmak niýetimiz ýok,diñe demiryol çekjek diýenem ekendä,biziñkilerem bor geçir diýen bolsa watanyñy meýleletin ruslara tabşyrdygyñ bolordy meñ pikirimçe.
Oloñ haky barmy özge yurda gelip demiryol geçirmäne?
Sen özüñe bähbitli bolýa diýip goñşyñ howlusynda,öyùnde özüñe degişli is geçirip bilmersiñä.