Tans edýän äňler we men...




Öňüräk Magtymguly atly öňki swaboda köçäniň gyrasy bilen gidip barýardym... Deňämden geçip gidip barýan adamlara bolsa hondan bäri bolup seredýärin... Dünýeden doýan ýaly däl-de hondan bärisi... Düşündirip bilendirin-le...
Şeýdip köçä sygman, çişip barýaryn... Gözlerimde gara oçki... Gulagymda-da nauşnik. Şo wagt ''fifty sentiň '' In da Club'' aýdymy etažlary titredýär... Dünýe ala ýaz, meň üçin hemme zat gül ýaly... Bar zat ýerbe-ýer... Men bagtly oglan...
Bagtly pursatymy öňümde gözlerini mölerdip agzyny burnuny marožnadan çyrşap iýip duran garaýagyz, buýra-buýra şaçly çagajyk bozdy. Men onuň öňünde, üstüne abanyp seretdim-de gulagymdaky nauçnigy aýyrdym welin, ýaňky içýakgynç çaga: ''Çe bok'' diýdi-de gaçyp gitdi içigar galmyş. Men onuň yzyndan ylgap barýan ýaly edip aýaklarymy tapyrdadyp goýberdim-de onuň ylgawyny gataltdyrdym...
Şeýdip ýöräp barýaryn ýene-de öz ýolum bilen. Tans oýnap gidip barşyma, çalarak ylganymdanmy-nämemi ikinji çatrygyň başlanýan ýerinde jaýlaryň gutarýan ýerinde ýaňky çaga yzyna seredip, ylgap gelip meni kakdy. Ýüregim dagy ýaryldy... Üsti başymam marožnanyň erän süýdi, aşaklygyna syrygyp akyp dur... Ýaňky meni ýykylyp ýerinden turan ''Bos molakasosjyk'' ýene-de ''Çee book'' diýdi-de yzyna tarap gaçyp gitdi... Meňem keýpime sogan dograldy. Menden başga kakmaga adam tapmadyňmy ''Agzyndan süýdiň ysy gitmedik'' diýip jibrindim-de ýaňkyň yzyndan eňdim, gaty namys etdim özümem. Ýaňky çaga kellesini boýnuna salyp, iki egnini gysyp, bir gaçýar, bir gaçýar: ''Gel bärik, deýýusyň biri''... diýip gulagyma nauşnik dakyp aýdymyň keýpine ylgap barýaryn...
Çagajyk Umumy ýaşaýyş jaýynyň arkasyna aýlandy. Menem oň giden ugry bilen jaýyň arkasyna aýlanyşymam şoldy welin çagajygyň ejesi duran eken mölerip...
Menem ýatakdaky ullakan ak ite duşan görgüli Tomi Jerrydäki Tom ýaly ýylgyryp durun...
Ýaňky itden, bagyşlarsyňyz, ýaňky daýzadan sypmaly indi men eýdip-beýdip...
Barşyma ýaňky ejesiniň arkasynda bukulyp duran ''Bos molakasosjygy''' elime aldym-da ''Çe mäme mennen gäççäň, eýjejik çagajyk, ýadyňdamy men çäňä kökejik alyp beýipdim'' diýip sözümi soňladymam welin elimdäki çagajyk ''Çe bokk'' diýdi welin ýüzüme urulandanam beter etdi. Ýaňky daýaw ýaşy gaýdyşan gelineje elimdäki çagany kakyp aldy. Şol wagt men pursaty elden bermän gulagyma nauşnik dakdym. Aýdym başlady...
Garşymdaky gelineje gözlerini alardyp agzyny çalt-çaltdan açyp ýapmaga başlady... Gelinejäniň agyz boşlugyndaky bir diş görünip gidýär kä wagt... Onsoň bu agzyna tans oýnadýan gelinejäniň ýanyna ärem geldi... Ikisi iki ýerden äňlerine tans oýnadýarlar. Menem Tom Jerrydaky Tomuň ýylgyrşyny edip yzyma öwrülmezden Maýkl Jeksonyň yzlykgan ýörüýşini edip tans oýnap o ýerden garamy saýladym...


@Jeksparro
4 лайков 250 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
nurana
30 июн 2021, 08:00
Deyyus sozunin manysyny dusundurayda hayyst ogun bir seydiyip sogupdir jigime
arkac
30 июн 2021, 09:40
Sazanda Gyzjagaz, "deýýus" diýmeklik, bir erkek kişiniñ heleýi maral taýdan bozgak bolup, bozgakdygyny bilibem ýaşaşyp ýoren bolsa, şol erkege diýilýär!
nurana
30 июн 2021, 09:55
Ha dusundum haramzada heleyini edisime seret oglan yegenim entak su yyl 3 nji klasa gecdi sona sey diyipdir ol cagan eden isi onun velasipedine ol heleyin cagasy asylypdyr yegenimem gac diyipdir ol heleyem oynabersin iyme diyipdir yegenimem gaaaac esek diyip gygyrypdyr bolany sona deyyus diymek ejesinka gerekmidika sagat bir 12 den otsun oyune hemmesinin gelyan vagty masgara etyan oyune baryp kimin deyyuslygyny gorkezyan erkek dogry gelse ylgaya jelep gotuni acyan baryp iki gezek tutdum biri bilen ozum
Şamuhammet
Автор 30 июн 2021, 10:32
Sazanda Gyzjagaz,

Ýöne beýleki ýyrtyjy paýyş sözleriň arasynda deýýus diýmeklikde aýyp zat ýok häzir... Ýöne sen biriniň deýýus diýeniň üçin şolar ýaly tepki görkezýän bolsaň, beýleki paýyş sözlere näme ederkäň!?