Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym... / monolog-hekaýa
Meniň ýadyma hiç zat düşmeýär.
Meniň hiç zady ýadyma salasym gelmeýär.
Meniň, käte kellämde ýylpyldaýan zatlary unudasym gelýär.
Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym.
Uzak-uzak wagtlap özüm bilen nämeler bolýandygyna düşünip bilmedim. Nähilidir birhili çal perde meniň irki çagalygymy gabsap, gizleýärdi. Hemme zat ümürde, gaharly, zalym...
Üznüksiz nalajylyk duýgusy hem-de kiçijik jigimiň tükeniksiz agysy.
Ol elmydama aç.
Mydama-da aglaýar.
Diňe aglaýar.
Bu agy meni häzirem yzarlaýar.
Köçede hünibirýän gözýaş dökýän çaga seredýän welin, ýüregim doňup galýar. Men onuň ýüzjagazyna dikanlaýan – ýok, ol arryjak däl, eljagazynda-da tekerkökejik. Onuň ejesine seredýän – owadan, ýaş, gowy geýnüwli...
Serhoş däl!
Onda sen näme üçin aglaýarsyň?!
Seniň hemme zadyň bar ahyry!
Bujagaz oglanjyga şeýlebir gygyrasyň gelýär – dur ahyry, bagyrma, zarynlamaňy bes et!
Sen özüň nähili bagtlydygyňa-da düşünmeýärsiň-ä!
Gujakla öz ejeňi-de, goýberme ony!
Hiç haçan goýberäýme!
Dünýäde hemme zatdan beter men ejemi ýitirmekden gorkýan.
Dört ýaşym dolanda meni dogran meniň ejemjany.
Ýadyma düşýär, ýetimler öýünde men özümiň bioejeme, bioeneme neneňsi garaşardym.
Ýadyma düşýär, enem gelşi...
Men, şol gün, özüme berlen kemput paýymy iýmän, olary eneme berdim-de, süýjini Wanýajyga gowşurmagy haýyş etdim.
Ol aldy.
Bir hepdeden soň bolsa, ýene-de şol süýjüleri maňa dadympaý hökmünde getirip berdi... diňe ýarysyny.
Men ýöne şojagaz zada-da begenipdim.
Enem maňa diýdi: “Maňa garaş”, şondan soňam men ony hiç haçan görmedim.
“Rehimdar” adamlar, maňa, meni “almaklarynyň” düýbünden bolmajak zatdygyny aýtdylar. Ejem içýär, enem içýär, kakam bolsa meniň öz gyzy däldigimi aýtdy. Başga maşgala meni perzentlige-de almaz, sebäbi meniň ýanym bilen goşundy hökmünde – Wanýajyk, meniň jigimem bar, ol bolsa keselli.
Keselli çagalar hiç kime gerek däl.
Men hemme zada dessine düşündim.
Men hiç hili gowulyga garaşmaýardymam, men özümiň hiç kime gerek däldigimi bilýärdim.
Eger-de mähriban adamlarym meniň yzymdan gelmeýän bolsa, onda diýmek, men erbet.
Ýagty ýalançydaky iň pis gyzjagaz.
Hemme zada-da men günäkär!
Bu zatlaryň barysy, meniň hemişe aglap ýatan jigimi köşeşdirip bilmändigim üçin, bizi öýmüzden alyp gaýdandyklary sebäpli boldy.
Men islendik jeza taýyn.
Haçan-da hiç zada garaşmaýarkaň, umyt etmeýärkäň – ýaşamak ýeňleýär.
Daş-töweregiňde hemme zat biderek bolýar.
Maňa, özümiň näme iýýändigim, näme geýýändigim, bizi nirä alyp barýandyklary, näme üçin alyp barýandyklary parhsyz bolup galdy.
Men ukladym, hatda ukladymam däl – men öldüm.
Ilk-ä öz içimde, soňra bolsa meni diri saklaýan tenimiň ýaşasy gelmän başlady.
Men gaty egbar hala düşdüm. Tutuşlygyma lokga agyry.
Ýöne, men muňa mynasypdym.
Sanjymlar, damjalaýyn sanjymlar, gerdekler we sedasyzlyk... uzyndan-uzyn, halys eňkiňi agdyryp barýan ses-selemsizlik.
Birdenem – meniň gulagymyň agzynda kimdir biriniň dem alýandygy eşidildi.
Owaz.
Oslagsyz, şeýlebir ýylyjajyk hem mymyjak boldy.
Men gözümi açdym.
Kimdir biri meni elinde göterip durdy.
Howlukman, nähilidir birhili haýallyk bilen, mähirli, ýöne pugta saklaýar.
Kimdir biri meni huwwalaýar, özem gulagyma nämedir bir zatlary pyşyrdaýar.
Ýadyma salyp bilmeýärin, ýa aýdym ýa-da doga.
Men derrew gözlerimi ýumdum.
Çünki, belki bu düýşdür-de, olam birdenkä zym-zyýat bolar.
Ýok, ýok!
Düýşjan, gaýrat et, gitme!
Maňa, şu pursat şeýlebir eşretli!
Hut şu pursaty men has köp ýatlaýaryn. Bu meniň ejemjan bilen ilkinji duşuşygymdy. Onuň oguljygy syrkawlapdyr. Hasshanada Mişanyň ýagdaýy biraz oňatlaşyp, ol ymyzganypdyr. Ejem bolsa ony düşeginde ýatyryp, menem özüniň koftasyna dolapdyr-da, elinde huwwalamaga başlapdyr.
Ýadyma düşýär, ejemiň elleri meniň saçymy sypaýar, olary ýüzümden aýyrýar.
Ýadyma düşýär, ejemiň ysy, meniň ýaňagymyň galdalyndaky pyşyrdysy.
Ýadyma düşýär, özümiň gözümi açmaga nähili eýmenýändigim. Gözlerimden akýan dönük gözýaşlaryň ýaňaklarymdan syrygýandygy, ejemiň bolsa olary ýumşajyk aýasy bilen süpürýändigi. Soň bolsa, ejemiň gözýaşlary meniň ýüzüme gaçmaga başlady.
Meniň ýadyma düşýär, uwlap başlanym... ýok, aglap däl, uwlap başlanym, edil alaçsyz güjüjek ýaly...
Meniň süňňümdäki yza, iň bir gerek däl pursatda böwsüp daşyma çykdy.
Gözlerimi açman, men uwlaýardym.
Tutuş hassahanany örüzip, uwlaýardym.
Lukmanlar ylgaşyp geldiler-de, meni ejemden aldylar.
Men şol müddet özümiň saklanyp bilmändigim üçin özümi şeýlebir ýigrendim, sebäbi, eger-de men dymyp ýatmagy başaran bolsam, onda ejemiň gujagynda ýatyşym müdimilik dowam ederdi.
Indiki sapar men ejemi ýetimler öýünde gördüm. Onuň meniň ýanyma görme-görşe gelýän wagty maňa ýaman agyr düşýärdi. Men bar güýjüm, erkim bilen oňa garaşmazlyga, oňa ynanmazlyga çytraşýardym. A belkem, men şol pille hiç zada düşünenem däldirin. Häzir bu barada anyk bir zatlar aýtmak juda kyn. Bir gün irden bolsa ejem meni öýe alyp gaýtdy. Men hiç haçanam şol günki ýaly owadan bolmandym. Meniň eşiklerimiň hemmesem täpbe-täzejedi. Köýnegim, kolgotkajygym, köwüşjigim, hatda içki geýimjiklerimem.
Şol günem biz geçmişimi hemişelik galdyryp gaýtdyk. Täze ömrümde meniň ähli zadym bardy. Ýatyş sekim, stolum, ýassyklarym, oýnawaçlarym, tekje doly owadan eşiklerim hem-de jadyly kitaplarym.
Ondan başga-da öýümizde Mişa bilen Lilýa bardy. Diňe Wanýajanym ýokdy...
Ilki-ilkiler men gymyldamaga gorkardym. Az gepläp, az iýmäge çalşardym. Ejemiň, kakamyň göwnünden turasym gelýärdi ýa-da iň bolmanda olara päsgel bermezlige dyrjaşýardym. Men öýde özümi nähili alyp barmalydygyny bilmeýärdim. Her pursatda-da haçan bu gowulygyň gürüm-jürüm bolup, ýene-de erbet bolmaga başlaryna garaşýardym. Haçan-da meniň öz erbetligim üçin mynasyp temminiň ýene-de meni gözläp taparyna...
Ýöne, günlerde bir gün ejem meni hiç haçan, hiç bir zat üçin hiç kime bermejekdigini aýdanda, hemme zat üýtgedi!
Ejem diýdi, men näme etsem-de hiç kime meni bermez!
Diýdi, men onuň çagasy, olam meniň ejem!
Özem munuň şeýle bolmalydygyny biz kesgitlemändiris, ykbal kesgitläpdir.
Ykbala bolsa, bu zatlar bize görä has aýandyr.
“Şonuň üçinem,” diýdi ejem: “gel, birsalym garagolluk edip oýnaly!”.
Şol gün biziň güýz ýapraklarynyň näçe üýşmeklerini pytradanymyzy bir bilsediňiz!
Eje-kakamyz Mişa ikimizi ýaprak bilen basyrýardylar.
Ejem soňra biziň kellämize ajaýyp gültäçlerini dokap berdi welin, biziň hemmämiz biri-birimize ekiztaýy dek meňzeş bolup galaýdyk.
Bir günem, biziň öýümizde duýdansyz Wanýa peýda boldy.
Men ilki ony tanamadym we esli wagtlap şol öňümde duran çagaň öz jigimdigine ynanyp bilmedim.
Haçan-da men ejemiň kimi öýümize getirendigine aň ýetirenimde meniň durkumy wehim doldurdy.
A birdenkä ol ýene-de aglamaga başlar, bezzatlyk eder, gohlar?
Onsoň bizi ýene-de öýümizden alyp giderler!
Men Wanýa özüni ümsümje alyp barmagy haýyş edip ýalbarýardym, onuň ýanyndan aýrylman diýen ýaly oturyp, onuň öýde nämede bolsa bir zady döwmezligine, zaýalamazlygyna seredýärdim. Eger-de ol bir zady döwäýen ýagdaýynda-da, muny ejem aňşyrmaz ýaly etmek isleýärdim.
Wanýa bilen bolsa hemişe haýsam bolsa bir hadysajyk bolup geçýärdi.
Jigim el-hal ýöreýärdi, aýajygyny süýräp alýardy, eljagazy bolsa düýbünden işlemeýärdi. Ol hemmeje zady elinden gaçyryp, döwýärdi, ejem bolsa muňa heziller edip gülýärdi-de, ony bagryna basýardy.
Örän bahym men Wanýa-da öýümizden kowulmak howpunyň abanmaýandygyna akyl ýetirdim-de, biderek howsala düşmegimi bes etdim.
Indi men her bir boş minudymy ejemiň ýanynda geçirmäge ymtylýaryn. Biz ejem bilen sagatlap bileje oturyp, ol-bi zatlar hakda gürleşýäris.
Ýadyma düşýär, bir sapar üýşüp otyrkak, ejemiň joralary öz çagalary dünýä inende olaryň boýunyň, agramynyň näçe bolandygyny, olaryň öz bäbejiklerini birinji gezek nähili keşpde görendiklerini ýatlap ugradylar.
Şol pursat, meniň aýagymyň aşagynda ýer opurylyp, düýpsüz girdap emele gelene döndi. Men özümi gaplan duýgulardan ýaňa hatda dem almagam unutdym.
Ejem bolsa ýylgyrdy-da diýdi: “Mişajanym 3800 gramlyk, 52 santimetrlik bolup doguldy. Maşajanym 3200 gram we 47 santimetr, Wanýajanym 2700 gram agramlyja, 45 santimetrlik boýjagazly, Lilýajanym bolsa 2100 gram hem 44 santimetrlik bolup dünýä indiler”.
Soňam ejem, birinji gezek bizi görende, biziň nähili gowuja, mähremje bolup özüne görnendigimiz hakda-da, özüniň nähili duýgulary başyndan geçirendigi hakynda-da gürrüň berdi.
Men ejemiň aýdýanlarynyň hakykat bolmagyny şeýlebir küýsedim, şeýlebir küýsedim welin, gaty bahym bu ajaýyp ertekiň çyndygyna ynandym, şondan soňam özümiň ajy ýatlamalarymyň ornuny şol erteki bilen çalyşdym.
Ejem bolsa, meni edil bäbejik ýaly dolap, ýygy-ýygydan huwwalaýardy.
...Şu pursatlara aşykdym.
Hatda häzirem, haçan-da meni nämedir bir zat tolgundyrsa, ejemiň ýanynda oturýaryn-da, onuň elini gysýaryn, şonda-da düşünýän, meniň üçin ejemiň şu mährem ysyndan, mähirli ýylgyryşyndan, aladaçyl nazaryndan mähriban hiç zat ýok.
Özem, geň galaýmaly, men nirede bolsam-da, haýsy pişe bilen meşgullansam-da, meniň gözümiň öňünde ejemiň gözleri.
Olar şadyýan bolup bilýär, gussaly, begençli ýa-da howsalaly, ýadaw ýa-da uçgun syçradyp duran mähirli... Ýöne olar hemişe bize aşyk!
Ejem hemişe maňa buýsanç ýa-da alada bilen garaýar... emma hiç haçan biperwaý ýa-da gyjalat bilen seredip bilmeýär.
Men, has dogrusy, biziň hemmämiz biziň mähriban ejemize meňzejek bolup, çyr-çytyr.
Şonuň üçinem, Zemin üste hemme çagalara öz ejeleriniň şeýle gözlerini hemişe görüp durmaklaryny arzuw edýäris.
29.10.2021ý.
© Maşa (Mariýa) Afanasýewa, 13 ýaşynda.
Russiýa Federasiýasy, Krasnodar.
Perzentlige alyjy maşgalalaryň
Bütinrus gündelikler bäsleşigine
iberilen hekaýa.
Çeşmesi: https://multiurok.ru/index.php/blog/pronzitelnyi-rasskaz-13-letnei-mashi-afanasevoi-iz-krasnodara.html. 16.05.2023ý.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.