??

Men size şuny aýdyp biljek: Poeziýanyň örňemeginde edil beýleki sungatlaryňky ýaly näçe diýseň çykalga bar. Aýdaly, poeziýany hiç haçan sowulmajak bir zada deňese bolar. Meselem: oda deňese bolar. Ot biziň müňlerçe ýyl ozal ýaşap geçen ata-babalarymyz üçinem, orta asyrlary üçinem, şu günki gün ýaşaýan döwrebap türkmen üçinem şol otlugyna dur. Wagt diňe oduň çeşmelerini üýtgedip bildi: Ilki odun, soň kömür, soňra nebit, gaz, elektrik togy we ş.m. Biziň çagalyk döwürlerimizdäki peçleri göz öňüne getirip görüň. Onuň içine gury sygyr tezegini, kömri, tapawudy ýok, töňňäni salyp tutaşdyrsaňam bir salymyň içinde peç gyzyp-gyzyp ýarylaýjak bolýandyr. Hakyky goşgularyň döreýşinde-de şuňa meňzeşlik bar. Şahyr ýürege nähili odun oklasaňam, ýaňky diýýän peçlerimiz ýaly ol ony ýakyp adamzadyň kalbyny ýyladyp bilýär.


Seÿitmyrat Geldiÿew.
2 лайков 100 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
Автор 23 июн 2023, 22:56
Bir wagtlar „Bir kerwen kitap bilen ümsümligiň dogulýan ýerine gidip ýazsadym“ diýip arzuw ederdim. Dogrusy, güzeran aýlamak, eklenç hakynda kän bir pikir edip ýöremok. Eklenç etmegem wajyp. Eger bir özüm bolanlygymda dört barmak çörek bilen iki owurt suw bolsa-da, günümi görerdim. Men muny kitap okamakdan, goşgy ýazmakdan, hyýalymdan alýan lezzetimiň maddy mätäçligimi ýapyp biljekdigi üçin şeýle diýýärin. Ýöne bu lezzeti tutuş maşgalam däl-de, bir özüm duýýan ahyry! Maşgalada bolsa, şahyr ýa ýazyjy bolmasaňam, alada ýeterlikdigi, ähli işiňi eklenç edäýeniňde-de törpülenmäge sebäbiň tükenmejekdigi düşnükli bolsa gerek.

Seÿitmyrat Geldiÿew.
Elif
Автор 23 июн 2023, 22:58
Bir dostumyň mahal-mahal „...Bu zatlar adamdan adama üýtgäp durýandyr, agam!“ diýäýmesi bardyr. Täsirlenmekden howatyr etmegem, özboluşly äheňde ýazmaga dyrjaşmagam şahyrdan şahyra üýtgäp biler. Menem öz goşgularymyň beýleki şahyrlaryň goşgularyna sähelçe-de meňzemezligini isleýän. Ýöne saýlanmagyň, meşhur bolmagyň hatyrasyna däl-de, öz gözleglerimiň maýyl edýändigi üçin. Ýeri, onsoň filosoflaryň „Hemme zat bir zadyň nusgasydyr“ diýip ýören wagtlary özgelere meňzemezlik başardar öýdýärsiňmi? Hemme filosof şahyr çykmaz, ýöne şahyr çykanlara filosof diýip bolar. Yhlas etmeli. Ömrüň geçip barýany, geçjegem düşnüklikä pal atyp oturmak nämä gerek. Galyberse-de, siziň özüňiz çaga wagtym kosmonawt bolmagy arzuw edýärdim diýýärdiňiz. Ýeri, indi size bu başartmady-da, nüçin gögüň diregi ýykyldymy?

Seÿitmyrat Geldiÿew.
Elif
Автор 23 июн 2023, 23:01
Adam adamçylyk duýgusyny ýitirmese, poeziýanyň möwriti tamamlanmaz. Dogry, poeziýa hemme kişiň söýer „aşy“ däldir. Sebäbi „Goşgy okaýan kän, ýöne poeziýany ýürekleriň juda az sanlysy duýup bilýär“ diýilýär. Bu öňem şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Kim aýdyp biler Magtymgulynyň döwründe poeziýa çaksyz hormat goýlupdyr diýip?! Bu diňe edebiýat taryhyny ýazýan adamlaryň döredijiliginde şeýledir. Muňa garamazdan, poeziýa hemişe gerek. Ilkinji nobatda dil üçin gerek. Poeziýa dilimiziň süýjiligini, şirinligini saklaýar. Häzirki wagtda poeziýa, döredijilige berilýän üns has ýokarlandy. Ýylyň- ýylyna döredijilik adamlaryna şa serpaýlarynyň ýapylyp durulmagy, edebi agşamlarynyň gurnalmagy, talyplaryň arasynda şygyr bäsleşikleriniň geçirilmegi bu ugra berilýän uly ünsüň netijesi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan ýaş şahyrlar çagyrylyp, döredijilik duşuşuklary geçirilýär. Bu duşuşyklar edebiýat meýdanynda ýaňy pyntyklan zehinleriň pür-pür açylmagyna, olaryň döredijilikleriniň güllemegine uly ýardam edýär.


Seÿitmyrat Geldiÿew.