Seýitmyrat Geldiýew bilen söhbetdeşlik

SEÝITMYRAT GELDIÝEW BILEN SÖHBETDEŞLIK

Şu gün şahyrymyz Seýitmyrat Geldiýew 40 ýaşaýar. Halypa janynyň sag bolmagyny, ömrüniň, döredijilik menzilleriniň uzak bolmagyny arzuwlap, onuň özi bilen bolan söhbetdeşliklerden ýetirmekçi.

Seýitmyrat Geldiýew 1980-nji ýylyň 18-nji iýunynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babadaýhan daýhan birleşiginde dogulýar. 2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini žurnalist hünäri bilen tamamlaýar. Talyp ýyllarynda iki gezek «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi, Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar, «Nesil» gazetiniň poeziýa bölüminiň redaktory, şeýle-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynda «Ganatly galam» döredijilik gepleşiginiň redaktory we alyp baryjysy bolup işleýär. Ol uniwersiteti tamamlansoň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda hem-de «Edebiýat we sungat» gazetinde işledi. Häzirki wagtda «Biznes reklama» gazetiniň Baş redaktory.

* * *

M.B:
– Seýitmyrat, käbir adamlar „Poeziýanyň möwriti tamamlanyp, indi ol diňe şahyrlaryň özlerine we edebiýatçylara gerek bolaýdy öýdýän“ diýýärler. Bu barada sen nähili pikir edýäň?

S.G:
– Adam adamçylyk duýgusyny ýitirmese, poeziýanyň möwriti tamamlanmaz. Dogry, poeziýa hemme kişiň söýer „aşy“ däldir. Sebäbi „Goşgy okaýan kän, ýöne poeziýany ýürekleriň juda az sanlysy duýup bilýär“ diýilýär. Bu öňem şeýle bolupdyr, häzirem şeýle. Kim aýdyp biler Magtymgulynyň döwründe poeziýa çaksyz hormat goýlupdyr diýip?! Bu diňe edebiýat taryhyny ýazýan adamlaryň döredijiliginde şeýledir. Muňa garamazdan, poeziýa hemişe gerek. Ilkinji nobatda dil üçin gerek. Poeziýa dilimiziň süýjüligini, şirinligini saklaýar. Häzirki wagtda poeziýa, döredijilige berilýän üns has ýokarlandy. Ýylyň-ýylyna döredijilik adamlaryna şa serpaýlarynyň ýapylyp durulmagy, edebi agşamlarynyň gurnalmagy, talyplaryň arasynda şygyr bäsleşikleriniň geçirilmegi bu ugra berilýän uly ünsüň netijesi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtymyzdan ýaş şahyrlar çagyrylyp, döredijilik duşuşuklary geçirilýär. Bu duşuşyklar edebiýat meýdanynda ýaňy pyntyklan zehinleriň pür-pür açylmagyna, olaryň döredijilikleriniň güllemegine uly ýardam edýär.

M.B:
– Seniň pikiriňçe şahyr ýurtda bolýan ösüşlere, özgertmelere seslenmelimi?

S.G:
– Hawa, onda-da ilkinjileriň hatarynda seslenmeli. Heý-de, şahyry Watanynda bolýan beýik ösüşler biparh goýarmy?! Ýöne „Men şahyrdyryn“ diýip, hemme zada goşgy bilen seslenmelidir öýdemok. Şahyr ýurduň ösüşini wasp edende, beýan edende fotoapparatyň ýa-da wideokameranyň edýän işini etmeli däl. Şahyr görünýän gözellikleriň, üstünlikleriň özünde döredýän duýgusyny, jemgyýetde döredýän duýgusyny başardygyndan kagyza geçirmäge çalyşmaly. Esasy zadam şahyr žurnalistler ýaly howlukmaç bolmaly däl, ylham süzgüji bolmaly.

M.B:
– Gerek deregi ýykar“ diýilýär. Gün-güzeran aýlamagyň döredijiligiňe zeleli barmy?

S.G:
– Birwagtlar „Bir kerwen kitap bilen ümsümligiň dogulýan ýerine gidip ýazsadym“ diýip arzuw ederdim. Dogrusy, güzeran aýlamak, eklenç hakynda kän bir pikir edip ýöremok. Eklenç etmegem wajyp. Eger bir özüm bolanlygymda dört barmak çörek bilen iki owurt suw bolsa-da, günümi görerdim. Men muny kitap okamakdan, goşgy ýazmakdan, hyýalymdan alýan lezzetimiň maddy mätäçligimi ýapyp biljekdigi üçin şeýle diýýärin. Ýöne bu lezzeti tutuş maşgalam däl-de, bir özüm duýýan ahyry! Maşgalada bolsa, şahyr ýa ýazyjy bolmasaňam, alada ýeterlikdigi, ähli işiňi eklenç edäýeniňde-de, törpülenmäge sebäbiň tükenmejekdigi düşnükli bolsa gerek.

M.B:
– Goşgularyňy saýhallap ýördüň welin, kitabyňy çykartmagyň aladasyndamy?

S.G:
– Meniň wezipäm goşgyny ýazmak. Onsoňam häzir gowy zat ýazyp bilseň, çap edilmän galjak gümany-ha ýok. Täze, gowy eser bolsa, gazet-žurnallaryň redaksiýalary ýere degirmän garbaýarlar.

M.B:
– Esasy okyjylaryň bardyr-a, belki, sen şolaryň aladasyny etmelisiň.

S.G:
– Özümiň tanaýan esasy okyjylarym-a barmak büküp sanaýmaly. Ahmal ýaşlaryň arasynda tanalsam tanalýandyryn. Eger meniň ýazýan goşgularym poeziýa bolup bilýän bolsa, onda ol goşgular okyjylaryny tapar-la.

M.B:
– Seýitmyrat, seniň goşgularyňa „Seýitmyradyň goşgularyna düşünmek kynrak. Setirleri sarç, pikirleri bulaşyk, bentler çarýana dyzap dur. Endigan akymy ýok“ diýýänlerem-ä bar.

S.G:
– Muny özüme-de aýdýarlar. Meniň üçin esasy zat – goşgularyň işlemegi. Kä halatda goşgy ýazýan mahalym diňe pikiriň däl, hatda, temanyň hem üýtgäp gidýäninem duýýan. Saňa şuny aýdaýyn: pikir bir zat, duýgy başga bir zat. Men bolsa, pikirlerimi duýmaga çalyşýan. Goşguda aýdasym gelýän pikirimiň teýligini, özüme edýän täsirini syzjak bolýan. Tutup bilen duýgyma laýyk söz, setir, meňzetme, metafora gelse, goşgy akan ugruna akybersin. Akyl kemaly medeniýeti saklasa-da, duýgy düme bolmalydyr. Goşgyny lenç edilen ýörelgä, galyplara görä ýazsaňam, duýup ýazmagyň tarapdary men. Duýgyň bolsa, ýörelen ýerden ömür geçesi gelýärmi?! Ylham hemişe bir akymdan akmaýar. Ýüregiň nämä höwes etse, şony-da edibermeli. Ylham diýeniň ynjyk gyz ýaly, şoň göwnüni tapmak üçin her haýsyny etmeli. Ony yryp bilmeseň, gujagyň boş galýar.

M.B:
– Goşgularyň aýdym bolany barmy?

S.G:
– Gazet-žurnallarda çap edilen goşgularymdan käbir kompozitorlaryň, aýdymçylaryň alyp, aýdym döredenleri bar. Ýöne ýörite aýdym ýazmaga heniz-ä hetdim ýok.

M.B:
– Sen goşgularyň aýdym bolaryny isläňokmy?

S.G:
– Belki isleýändirin, ýöne meniň goşgularymyň köpüsiniň aýdym bolmagy mümkin dälmikä diýýärin. Olar aýdym edip aýdardan has başga poeziýa ýaly. Köp şahyrlaryň käbir goşgularyny sesli okamagam kyn bolýar. Diňlenilýän goşgular bilen eliňe alyp okalýan goşgularyň berýän lezzetem tapawutlydyr.

M.B:
– Şahyr üçin buýsanç zyýanlymy?

S.G:
– Hawa.

M.B:
– Ýolda-yzda şahyr diýlip tanalsaň, azda-kände buýsanaňokmy? (Ol ýylgyrdy-da, aşak bakyp başyny ýaýkady)

S.G:
– Zehin berýän Biri, ylham berýän biri, gel-gel, dörän goşgy üçin buýsanmalam men bolýarynmy?!

M.B:
– XX asyryň şahyrlarynyň ömri we döredijilikleri bilen tanşanymda, göwnüme bolmasa, olaryň hemmesi özgelere meňzemezligi özlerine berk maksat edinipdirler. Haýsydyr bir şahyryň goşgy ýazyş formasyna, äheňine meňzemekden, täsirlenmekden howatyr edipdirler. Hatda, olaryň köpüsi munuň nämä gerekdigi hakynda hem oýlanmadyga meňzeýär. Şu hakynda sen nähili pikirde?

S.G:
– Bagyşla welin, şu soragy bir edebi tankytçyň kitabyndan okadyňmy?

M.B:
– Ýok, öz soragym şü. Näme, sorag agyr düşýärmi?

S.G:
– Bir dostumyň mahal-mahal „...Bu zatlar adamdan adama üýtgäp durýandyr, agam!“ diýäýmesi bardyr. Täsirlenmekden howatyr etmegem, özboluşly äheňde ýazmaga dyrjaşmagam şahyrdan şahyra üýtgäp biler. Menem öz goşgularymyň beýleki şahyrlaryň goşgularyna sähelçe-de meňzemezligini isleýän. Ýöne saýlanmagyň, meşhur bolmagyň hatyrasyna däl-de, öz gözleglerimiň maýyl edýändigi üçin. Ýeri, onsoň filosoflaryň „Hemme zat bir zadyň nusgasydyr“ diýip ýören wagtlary özgelere meňzemezlik başardar öýdýärsiňmi? Hemme filosof şahyr çykmaz, ýöne şahyr çykanlara filosof diýip bolar. Yhlas etmeli. Ömrüň geçip barýany, geçjegem düşnüklikä pal atyp oturmak nämä gerek! Galyberse-de, siziň özüňiz çaga wagtym kosmonawt bolmagy arzuw edýärdim diýýärdiňiz. Ýeri, indi size bu başartmady-da, näme, şonuň üçin gögüň diregi ýykyldymy?

M.B:
– Sen meniň çaga arzuwlarym bilen öz akylly-başly maksatlaryňy garma, gardaş! Ýöne men seniň bu hereketleriň seni sungatdan has alysa oklap, ylmy barlaglar geçirýän äýnekli alymlara meňzedýändigini ýaňzytmak isledim.

S.G:
– Gözlemeli. Duýgularyňy çuňlaşdyrmaly. Matematika-da, fizika-da ilki örän ýönekeýje eken. Soň dartylma kanuny, otnositellik teoriýasy... diýen açyşlar döräpdir. Şeýdibem döwrebap ylym döräpdir. Goý, şahyram öz duýgularyny açsyn.

M.B:
– Bu aýdýanlaryň bilen ylalaşýaryn. Ýöne beýle bolsa, senem meniň şu sözlerim bilen ylalaşmaly bolarsyň. Häzir döwrebap ylym kim üçin gyzykly?! Diňe bu ugurda meşgullanýan hünärmenler üçin gyzykly. Ylmyň çuňluklaryna näçe ýakynlaşdygyňça onuň bilen gyzyklanýan, ondan baş çykarýan adamlar hem azalyp barýar. Beýleki adamlaryň hemmesine ylym diňe berýän miweleri üçin gerek. Eger poeziýa-da şu ýoldan ýörese, basym onuň hem şu ýagdaýa düşmegi, azajyk adamy gyzyklandyrmagy daşda däl. Dogrusy, bu eýýäm şeýle boldy diýsegem ýalançy bolaryn öýdemok.

S.G:
– Men size şuny aýdyp biljek: Poeziýanyň örňemeginde, edil beýleki sungatlaryňky ýaly, näçe diýseň çykalga bar. Aýdaly, poeziýany hiç haçan sowulmajak bir zada deňese bolar. Meselem: oda deňese bolar. Ot biziň müňlerçe ýyl ozal ýaşap geçen ata-babalarymyz üçinem, orta asyrlary üçinem, şu günki gün ýaşaýan döwrebap türkmen üçinem şol otlugyna dur. Wagt diňe oduň çeşmelerini üýtgedip bildi: Ilki odun, soň kömür, soňra nebit, gaz, elektrik togy we ş.m. Biziň çagalyk döwürlerimizdäki peçleri göz öňüne getirip görüň. Onuň içine gury sygyr tezegini, kömri, tapawudy ýok, töňňäni salyp tutaşdyrsaňam, bir salymyň içinde peç gyzyp-gyzyp ýarylaýjak bolýandyr. Hakyky goşgularyň döreýşinde-de şuňa meňzeşlik bar. Şahyr ýürege nähili odun oklasaňam, ýaňky diýýän peçlerimiz ýaly ol ony ýakyp adamzadyň kalbyny ýyladyp bilýär.

M.B:
– Seýitmyrat, biz indi biri-birimizi şu gün tanamaly däl. Sizem deň-duşlaryňyzyň döredijiligine gaty berk daraýarsyňyz.

S.G:
– Galamdaşlar şeýle gatnaşykda-da bolmaly. Her setir üçin ähli okyjylaryň öňünde jogapkärçiligiň barka, birek-biregiň kem-käsini, ýeri gelende üstünliginem aýdanyň gowy bolýar. Şahyrlar bir-birleriniň jüpüne düşen setirlerini tutmagy, aforizme öwrüljek pikirlerini otursa-tursa gaýtalamagy-da halaýandyrlar.

M.B:
– Goşguda täze pikiriň bolmagy hökmanmy?

S.G:
– Şahyryň zehinini kesgitleýän zadam täze pikir-dä! Hemme kişä täze pikir tapdyryp durmy, susup alyp gaýdybermeli täze pikir barmy näme?! Ýöne waka beýan edilse-de, görnüş suratlandyrylsa-da, pikir ýöredilse-de, goşgynyň okyjyda duýgy döretmegini hökman hasap edýärin. Goşguda täze pikir ýok bolsa, çeperçilik taýdan bir agsamasyn! Poeziýa hemme şahyr täze pikir getirip başarmaýar. Täze pikir getiren şahyram, meniňçe, pikirini kesgitli aforizm hökmünde däl-de, has şahyrana usulda goşgyň süňňüne siňdirip bilse gowumyka diýýärin. Sebäbi bir pikiri aforizm hökmünde okasaň, ýagly nahar iýen ýaly siňdirmek kyn bolýar.

M.G:
– Poeziýanyň esasy alamatlarynyň biri-de poeziýanyň dili diýýärler. Muňa nähili düşünýäň?

S.G:
– Aýdaly, meň üçin gyzykly şahyrlaram bar, gyzykly däl şahyrlaram bar. Olaryň käbiriniň goşgularyny okap bolup, kitaby ýa gazeti gyra süýşürýärin welin, ähli okan zatlarym, täsirler, setirler ýadymdan çykýar. Bolmasa, şeýle eserleri okap otyrkaň olar gyzykly ýalam, täsirem galdyrýar. A şeýle bir goşgular bar, haçan-da olary okanyňda ol seniň ruhuň aýrylmaz bir bölegine öwrülýän ýaly duýulýar, galpylda öwrülip endamyňa ornaýar. Ine, şeýle goşgulary okanyňda dünýägaraýşyň düýbünden özgerýär, kämilleşýär. Adamlara şeýle täsirini ýetirip bilýän adamlara-da „Hakdan içen şahyrlar“ diýilýär. Gurbannazar Ezizowyň dili bilen aýtsam:
„Şahyr däldir ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr“

M.B:
– Şeýle diýeniňde haýsy şahyrlary göz öňüne tutýarsyň?

S.G:
– Elbetde, ilkinji nobatda nusgawy şahyrlarymyzy.

M.B:
– Bu sanawda XX-XXI asyrlarda kimler bar?

S.G:
– XXI asyryň sanawy asyryň ahyrynda-da däl-de, aňyrky asyryň ýigriminji ýyllarynda düzülse gerek. XX asyr babatda hem „Ýüz otdan yssy“ etmäýin-de, tutuş türkmen poeziýasynyň dört läheňini agzasym gelýär: Magtymguly Pyragy, Gurbannazar Ezizow, Nobatguly Rejebow, Atajan Annaberdiýew.

M.B:
– Aýdaly, seniň öňüňde nätanyş goşgy ýatyr. Sen şol goşgyň gowulygyny ýa-da gowşaklygyny nädip kesgitläp bilersiň?

S.G:
– Goşgudan tekstde ýok zatlar tapylsa, ine, şol goşgy tüýs poeziýanyň önümi. Poeziýa özüniň bardygyny duýdurýar, sende ýakymly energiýa döredýär. Bu täsir subýektiw duýgy. Goşgy dilewarlygyňy ýa-da akyllylygyňy görkezmegiň maşky däl. Goşgy – bu şahyryň näme hakynda pikir edýäniniň, nämä ýanýanynyň kölgesi. Poeziýa adamy real däl dünýä bilen birikdirýän bir akaba. Poeziýa düşündirilişe däl-de, duýulmaga mynasyp. Muny çintgäp düşündirjek bolsaň, psihologiýany kömege çagyrmaly bolar.

M.B:
– Puşkiniň „Bagyşla Taňrym, poeziýa ýeňles bolmaly“ («Поэзия, прости Господи, должна быть глуповата») diýen setirlerine garaýşyň nähili?

S.G:
– Bu barada owalam kän aýdyldymyka diýýärin. Poeziýada adatylykdan, galyp ýörelgelerden çykmak bar. Pikiri dälişgenlige, ýeňleslige salyp oklamagam bar. Ýöne Puşkin-ä şeýle diýipdir diýip, alaga-da bu pikiri poeziýa kesgitleme etjek bolmak nämä gerek?!

M.B:
– Sen nähili pikir edýärsiň, goşgy ýazmak ýaşyňa baglymy?

S.G:
– Goşgy ýazmak ýaşa baglydyr. Has beterem zehiniň gülleýşine baglydyr. Dünýä poeziýasynda ýol goýan beýik şahyrlaryň iň ýaşlarynyň biri-de 27 ýaşan Mihail Lermontow. Dünýä poeziýasynda iň gowy görüp okaýan şahyrymam şol. Nobatguly aga: „Ýaşyň geçdigiçe beýniň gurluşy üýtgeýär, şahyrana energiýaň başga ugurlardan akyp başlaýar“ diýýär. Ýogsa Gýote iň gowy eserlerini gojalyga ýeteninde, Boris Pasternak meşhur goşgularyny 50 ýaşdan agandan soň ýazypdyr. Şahyryň goşgularyny okyjylar köpçüligi alyp göterse, şahyr diýip halk ykrar etse, şol ynamy, derejäni saklamak üçin harsallyga ýüz urmakdan gorkmaly. Köp ýazmaga ýykgyn etmekden saklanyp bilmegem uly başarnykdyr. Keminäň goşgulary 40-a hem ýetenok. Ol goşgy ýazmagyň tehnikasyny şeýle bir ele alypdyr. Keminäň goşgularynyň ritmine haýran galýan. Gowy goşgy az bolýar. Şonuň üçinem gowy goşgy ýazjak bolmaly.

M.B:
– Onda men seni güýmäp oturmaýyn, entek ýaşkaň, şahyrana energiýaň akýan ugruny üýtgetmänkä poeziýa döret! Şahyrlyk hakyndaky, poeziýa hakyndaky gyzykly gürrüňdeşlik üçinem Taňryýalkasyn! Saňa-da köp okyjyly, uly şahyr bolmagy arzuw edýäris!

S.G:
– Sag bol!

***

Şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň ýanyndan çykyp gaýdyşyma ýene-de hemişekilerim ýaly pikir etdim: Bu dünýä kimler gürlemek üçin gelýär, kimler ýazmak üçin gelýär, kimlerem diňlemek üçin. Gürleýän adamyň elindäki galamyny alyň bolmasa, ýogsa galam zyňylyp biriňize degmegi mümkin. Ýazýan adamy kän gürletmäň, galamynyň ujynyň tükenenini bilmän galar. Okaýan adam bilen bolsa işiňiz bolmasyn!

Söhbetdeş bolan: Myratgeldi BERDIÝEW
Çeşme: kitapçy.ru
3 лайков 461 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
AppEdit
28 сен 2022, 13:42
Şu gün 40 ýaşanok, nireden copy paste edenem bolsaň, käbir yerlerini uytgeday han ogul.
Aksary
28 сен 2022, 14:01
Çeşme dogry bolsa,hiçzadam etme!
Öwreniji
Автор 28 сен 2022, 14:02
AppEdit
Şu gün 40 ýaşanok, nireden copy paste edenem bolsaň, käbir yerlerini uytgeday han ogul.

Bu gün diýilen bolsa, ol źurnalist bn bolan gürrüñ esasynda ol 40 ýaşynda bolan söhbetdeşligi men häzir 41_42 ýaş diýip düzetsem .......... Bagyşla welin kemçilik gözläp öwrenipsiñiz, ýöne şol halypalaryñ aýdan sözlerini paýlaşyp özüñizde şahyrana, duýgy täsirlerini ýetirer diýen umyt bilen paýlaşypdym. Peýdasyz hasaplaýan bolsañ onda men giçlik aýyraryn. Sagbol teswiriñ üçin
Öwreniji
Автор 28 сен 2022, 14:06
Aksary
Çeşme dogry bolsa,hiçzadam etme!

Dogry diýýäñ. Özüm toslamok welin aý bolýada...