Sanjy
Gije sagat 00:34.
Demim barmyka? Al kaksyn, henizem ýaşaýaryn.
Ýüregim. Olam ýerindemikä? Nälet siñmiş, ýerinde-dä şol. Şonuñ ýerindedigi, çynlakaý hasap etmesiz sözleri-de çynlakaý hasap edýändigi üçin çekmeýänmi diýsene bu yzany. Yza... Ýok, yza sözi az ýaly. Bu agyryly duýgyny añlatmak üçin has beýik söz zerur. Jepa, sütem ýaly. Wah, bu sütemi çekýänem häki ýürek görgüli dälmi nä?!
Ynanýanam özi, jepa çekip ýörenem.
"Seni söýdüm, mende Mejnunyñ Leýlä bolan söýgüsindenem has uly söýgi bar" diýipdi. Men ony söýmändim, söýmekçi-de däldim. Duýdansyz durmuşyma girip, ruhymdaky boşlugy eýelemedik bolanlygynda. Indi welin şol eýelän boşlugyndanam has uly boşluk goýup gitdi kalbymda. Ony söýenimi-söýmänimi bilemok, ýöne dostlugyna, dertdeşligine hemem onuñ bilen duýup başlan owadan sözler bilen söýülmek duýgysyna çendenaşa öwrenişipdim.
Ýadyma düşýär, idegsizlige çydam edip bilmeýändigimi aýdanymda "Saña şeýle bir ideg ederin welin, ter gülleriñ özi ol idegi gabanar" diýipdi. Häzir bolsa men edil solan güller ýaly. Idegsiz, bir çete taşlanan, boýny burulgy.
Meni şeýle ýagdaýda goýup, hiç zat bolmadyk ýaly gezip ýören mahalynda oña bu we muña meñzeş ähli söýgi sözlerini ýatlatdym. Jogaby ýüregime hanjar bolup sünjüldi : Gyzlaryñ ählisine aýdýan adaty sözlerim.
Neneñsi ajap, diýmek men gyzlaryñ duýgylaryny oýnaýjy ussat tarapyndan aýdylýan adaty lenç edilen sözlere göwnümi bölüpdirin.
Aslynda, biz söz bilen iş salyşýan adamlaryñ iñ ýaramaz tarapam şol bolsa gerek. Özümiz şirinden şirin sözleri näçe diýseñ tapmaga ökdedirisem welin, töweregimizdäkiler tarapyndan aýdylan ýönekeýje söze-de monça bolýarys. Çünki, sözüñ gymmatyna añryýany bilen düşünýäris, çünki öz sözümiz hut ýürekden gelensoñ, hemmäniñki şeýledir öýdýäris. Olaram ýeri geleninde bu sadalygymyzdan peýdalanýarlar. Bar bolany şol.
... Wah , bu zatlara düşûnýän welinim, bu sanjyny näme etmeli?

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.