Men seni şeýle söýdüm...

Men seni şeýle söýdüm...Ullakan ýürek bilen söýdüm gözlerim däl ýüregim gördi seni. Sen damarymda gana garylyp ýüregime girdiň başga ýerde bolup bilmezdinem sen meň iň gymmatly ýüregimde bolmalydyn ol ýerde galmalydyň köp sözi myhman edip ýürek gujak açyp garşylady ýöne sen myhman däl ol ýüregin eýesi bolduň gyşlar näçe sowyk bolsada men bütin ömrümi ýazda geçirdim, seniň bilen ýüregimde güller açdy älemgoşar gabandy güllerin reňkini. Ýaňy pyntyklan erigin güli ýaly owadan , ynjyk teniň ýaly näzik, mawy asmana aşyk etdin meni, asmany sensiz söýüp bilmezdim, seni söýüp ähli goňşularmy söýdüm, adamlary söýdüm, şäherimi söýdüm, duşmanlarmy söýdüm, kä mahallar ýeke özümiň sygmadyk dünýämi söýdüm. Inni meniňem ömrüm bar iň agyr, iň çydamsyz pursatlarda seni ýadyma salsam ýeterlik boldy. Içimdäki begenjim ýüzüme çykdy, ýylgyrdym, meni ýaşadan seniň söýgindi, şatlanmagyn, ýürekden begenmegiň nämedigini seniň bilen bildim, seniň bilen duýdym, ähli kynçylyklara döz gelip söýdüm seni, güýçlendim geçmejek kynçylyklarym galmady. Sen elini döşüme degrende müň ölüp müň direldim. Maksadym sen boldyn we men ol maksada ýetmek üçin öňümde böwet bolan ähli zatlary geçmäge taýyn, öňümde böwet bolan ähli zatlary eretdim kül etdim saňa ýetemde welin giň rahat köle menzedim şol kölede senden başga hiç kim girip bilemedi SÖÝDÜM ömrümi saňa bagladym her bir hereketini söýdüm, duruşyny, gülüşini, çaga hereketlerni, gaharlanşyny, mekirligini söýdüm sesinide söýdüm, sessizliginide kiçijik näzlerni, gorkularny, aladalarny söýdüm, Seni we saňa degişli zatlaryn ählisini, kä wagtlar saňa diýmäge söz tapmadym sözler az boldy söýgimi sygdyryp bilmedim sözlere. Seni söýüp ýadamadym, ýadamarnam sen meniň durmuşymyn manysy seniň bilen bir gez direldim, seniň bilen bir gez beýgeldim men inni ölmerin sen meň ölümsizligim boldyn, men seni şeýle söýdüm... SENI ŞEÝLE SÖÝDÜM ondan öte hiç zat ýok.
3 лайков 244 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.