özüme berlen soraga jogap edip, goşga bolan garaýşym, pikirim beýan eydim.
Hormatly agzalar! Men goşgy barada özümiň garaýşym we düşünjämi aýtmak isledim. Meniň poýeziýa, proza, hekaýa bir kän ünsem beremokdym, muňada sebäp bardy, ikinji synpdakam iki sany goşgymy, çapa iberdim, garlawaç we ejeme sowgat diýen goşgydy, çap edildimi, bilemok umuman özüme halypalyk eden öz kakamdy. şonda doganlarym kemsidiji ýaly gürrüň aýdyp üsdümden güldiler, şondan, 23-25 ýaşyma çenli, goşgy düzmedim we özüm höwes edip okasamda, üns bermeýädim, ýöne bir oturluşykda, tost görnüşinde ýüz ugruma goşgy aýdýadym, şonuň üçin dost ýarlarym, goşgy düzýäň diýip, käbir ýerde reklama edip başlady. diňe 25 ýaşymda, dosdumyň toýunda, menem öýlenjek diýip, köpçülikde goşgy okadym, şondan soň goşgy düzýän höküminde garap başladylar we goşgularymy çapa çykarmak islediler, elbetde men özümiň düzen goşgularyma göwnüm ýetmän soň, çapa beresim gelmedi. bir iki gezek, uýamyň goşgularyny düzediş berip çapdan çykardym hatda uýama üç bent goşgy düzdüm, galan üç bendini özi garaz, bir saýtdan hormat hatmy, ýa şonuň ýaly bir taryplap hat berdiler, telewizordada gowşurylanyny görkezdi, ol talyp okuwyna ýetişenok, üstesinede ondan goşgy düz diýip tema berseler, maňa ýüz tutýan boldy. Ýöne hakykatda welin men goşga, doly düşünemok, meniň pikirimçe goşgy düzseň, obraza girip okap goşgyny tanatmaly dälde, (ýagny islendik okyjyobraza girip bilmez), Goşgynyň özi okanyňda şol biri dälde, islendik okyjy okanynda öz obrazyny tapýan bolsa, şol hakyky goşgy diýip düşünýän, siz nähili pikirde. Men okamk üçin giç däldigini düşünýän, şonuň üçin häzir, öňki düzen goşgularymy, paýlaşyp, kemini aýtsaňyz, men şonuň üstinde gowy işläp taplansam gowy bor diýip, poýeziýa bolan höwesim artyp başlady, şol maksat bilen bimany bolsada, şol goşgularyň kemçiligini aýtsaňyz, men üstünde işlemek isleýän. teswiriňizi ýazsaňyz
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.